10-njy fewrala we ondan ozalky wagta degişli sputnik suratlary Russiýanyň köp sanly harby tehnikany, şol sanda, habar berilmegine görä, ballistik-raketa ulgamlaryny toplaýandygyny görkezýär. Bu çäreleriň bir bölegi Belarusda, ýurduň Ukraina bilen serhediniň golaýynda geçirilýär.
Täze suratlar Russiýanyň Ukrainanyň töwereginde harby tehnikalary ýygnaýandygyny görkezýär
21
19-njy ýanwarda Ýelnýada rus goşunlary üçin çadyrlar we jaýlar.
22
19-njy ýanwarda Ýelnýada rus tanklaryny we artilleriýa goldaw enjamlaryny görse bolýar. Olaryň käbirleri ýakynda ulanylan ýaly bolup görünýär.
23
Harby enjamlaryň 19-njy ýanwarda Klimowodaky ammarda ýygnanandygyny görse bolýar. Şol bir ýeriň Google Kartalardaky köne suraty bar bolan harby ulaglaryň bir bölegini görkezýär.
24
19-njy ýanwarda Klimowodaky demirýol howlusyndaky harby enjamlar. Soňky wideolar Russiýanyň günbatarynda demirýol arkaly köp mukdarda harby enjamyň daşalandygyny görkezdi.