10-njy fewrala we ondan ozalky wagta degişli sputnik suratlary Russiýanyň köp sanly harby tehnikany, şol sanda, habar berilmegine görä, ballistik-raketa ulgamlaryny toplaýandygyny görkezýär. Bu çäreleriň bir bölegi Belarusda, ýurduň Ukraina bilen serhediniň golaýynda geçirilýär.
Täze suratlar Russiýanyň Ukrainanyň töwereginde harby tehnikalary ýygnaýandygyny görkezýär
13
Minskiň günortasynda ýerleşýän Osipowiçi harby tälim meýdançasynda ýerleşýän tehnikalaryň bir topary. Olaryň arasynda ýük awtoulaglary bilen dolandyrylýan "Iskander" raketa ulgamlaryny hem bardygy habar berilýär. Surat 1-nji fewralda düşürildi.
14
Osipowiçi harby desgasynyň 1-nji fewralda düşürilen has giňişleýin görnüşdäki suraty. Russiýada öndürilen “Iskander” reketalary 500 kilometr uzaklykdaky nyşanalara takyk zarba urmaga ukyply.
15
29-njy ýanwarda Belarusyň Baranowiçi sebitiniň golaýynda ýerleşýän ulaglaryň we harbylar üçin ýaşaýyş jaýynyň umumy suraty.
16
1-nji fewralda Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krym ýarym adasyndaky Bagçisaraý sebitinde köp adamly harby baza.