Özbegistanyň Samarkant welaýatynyň etraplarynyň birinde, 10 ýaşly gyzjagaz 2022-nji ýylyň fewral aýyndan, 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli, 45 ýaşly daýysy tarapyndan zorlanyp gelipdir. Bu barada Nemolchi.uz taslamasy öz çeşmelerine salgylanyp habar berdi.
Barlagyň materiallaryna görä, «1978-nji ýylda doglan N.T. ol gyzjagaza garşy güýç ulanyp we haýbat atyp, ony egin-eşiklerini çykarmaga, uýat ýerlerini görkezmäge hem ony jynsy hyjuwa mejbur edipdir».
Ol adama garşy "14 ýaşa ýetmediklere garşy azgynçylykly hereketler barada" Özbegistan Respublikasynyň Jenaýat kodeksiniň 129-njy maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, jenaýat işi gozgady.
Nemolchi.uz bu işi alyp barmagy we ähli ýagdaýlary barlamagy haýyş edip, Özbegistanyň Baş prokuraturasyna ýüz tutýar. "Ol adamyň ýaş gyzy "jynsy gatnaşyklara gatnaşmaga itergi berendigini" göz öňünde tutup, onuň hereketini Jenaýat kodeksiniň 119-njy maddasynyň 4-nji bölegine laýyklykda, ýagny «Jynsy zerurlyklaryny adaty bolmadyk gatnaşykda kanagatlandyrmak» (14 ýaşa ýetmedikler) boýunça gozgalyp bilinjekdigini-de öňe sürýär.
"Gyz köp wagtlap zorluga duçar edileni üçin, oňa iň bolmanda psihiki goldaw gerek. Bu barada döwlet garaşyk eder diýip umyt edýäris" diýip, habarda aýdylýar.
NeMolchi.uz garaşsyz maglumat taslamasy 2017-nji ýylda döredildi. Onuň maksady halkyň ünsüni aýallara garşy edilýän zorluga çekmekden ybarat bolup, bu meselä jemgyýetiň garaýşyny üýtgetmek isleýär.
NeMolchi.uz ilkinji bolup, Ürgenç şäherindäki 1-nji maşgala ýetimhanasynda, 15, 16, 17 ýaşly ýetim gyzlaryň Horezm welaýatynyň resmileri tarapyndan 10 aýlap jynsy gatnaşyk etmäge mejbur edilendigi barada maglumat beripdi.
Maý aýynyň başynda, taslamanyň esaslandyryjysy Irina Matwiýenko özüniň garşysyna edilýän howp sebäpli Özbegistandan çykmaga mejbur bolandygyny habar beripdi.
Soňky wagtlarda Özbegistanda kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy jynsy zorluk barada köp aýdylýar.
Özbegistanda alty aýyň dowamynda 257 pedofil höküm edildi
2023-nji ýylyň ilkinji 6 aýynyň dowamynda, Özbegistanda kämillik ýaşyna ýetmedik şahslara garşy edilen jynsy jenaýatlaryň birnäçesi boýunça 257 jenaýat açyldy. Bu barada "Militsiya uzb" resmi Telegram-kanalynda habar berdi.
Maglumatlarda aýdylyşyna görä, 14 ýaşa ýetmedikleri zorlamakda (Jenaýat kodeksiniň 118-nji maddasynyň 4-nji bölegi) 15 adam jenaýat jogapkärçiligine çekilipdir. 44 adam on dört ýaşy dolmadyk şahs bilen jyns zerurlyklary utanç-bozuk görnüşde kanagatlandyrandygy üçin (Jenaýat kodeksiniň 119-njy maddasynyň 4-nji bölegi) kazyýete çekildi. Ejizliginden hem ýekeliginden peýdalanyp, 163 adam 16 ýaşa ýetmedikler bilen jynsy gatnaşykda bolupdyr (Jenaýat kodeksiniň 128-njy maddasy) we 35 adam 16 ýaşa ýetmedik şahs bilen tebigy däl görnüşde jynsy zerurlyklary kanagatlandyrmakda günälenipdir.
«Bular diňe kanun goraýjy edaralar tarapyndan mälim bolan ýagdaýlar, ýöne näçe iş üsti açylman, mälim däl ýagdaýda galdy?» diýlip, habarda aýdylýar.
Soňky günlerde Özbegistanda kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy jynsy zorluk bilen bagly birnäçe ýagdaý çap edildi. Mysal üçin, iýul aýynyň başynda Daşkent welaýatynda 13 ýaşly gyzjagazyň polisiýa işgäri tarapyndan zorlanandygy, iýun aýynyň aýagynda bolsa, Namangan welaýatynda 64 ýaşly bir adamyň 10 ýaşly oglanjygy zorlandygy habar berildi. Olara garşy jenaýat işi gozgaldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum