Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň atan raketasy Harkiw regionynda sekiz adamy ýaralady – Ukrainanyň resmileri


Ýangyn söndüriji stansiýasyna edilen hüjümiň netijeleri. 27-nji oktýabr
Ýangyn söndüriji stansiýasyna edilen hüjümiň netijeleri. 27-nji oktýabr

Öten agşamyň dowamynda Russiýa Ukrainanyň demirgazygyndaky Harkiw regionynyň Izýum şäherindäki ýangyn söndüriji stansiýasyna raketa atdy. Hüjümiň netijesinde halas ediş gulluklarynyň sekiz işgäri ýaralandy we bina zeper ýetdi. Bu barada 27-nji oktýabrda Ukrainanyň resmileri habar berdi.

“Bina we 13 sany abzala hem zeper ýetdi” diýip, Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy beýanat bilen çykyş etdi. Maglumatda şikes alan dört gullukça keselhanada medisina hemaýatynyň berilýändigi nygtalýar.

Gullugyň sosial mediada paýlaşan suratlarynda weýran bolan binanyň we ýangyn söndüriji ulaglaryň şekillerini synlasa bolýar.

Regional resmiler hüjümiň gije-ýary amala aşyrylandygyny aýtdylar. Emma haýsy kysymly raketanyň gelip urandygyny takyklaşdyrmadylar.

Ukrain harbylarynyň maglumatyna görä, öten agşamyň dowamynda Russiýa Ukrainanyň günortasyndaky Mykolaýiw we Herson regionlaryny Eýranda öndürilen Şahed kysymly dronlar bilen hem nyşana alypdyr.

Ukrainanyň harby howa güýçleri Russiýanyň atan alty dronunyň bäşisini weýran etdi diýip, günorta serkerdeligiň metbugat wekili Natalýa Humenýuk mälim etdi.

“Gynansak-da, bir infrastruktura desgasyna urgy degdi. Netijede, ýangyn döredi. Ol söndürildi” diýip, Humenýuk Ukrainanyň mediasyna aýtdy. Ol hüjümde adam ýitgileriniň bolmandygyny hem sözüne goşdy.

Bu maglumatlary garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak mümkin däl.

Bu aralykda, Russiýa ýurduň günortasyndaky Kursk regionynda ýerleşýän ýadro desgasynyň golaýynda Ukrainanyň dronlarynyň hüjüminiň öňüni alandygyny aýdýar. Şol bir wagtda, ýadro galyndylary saklanýan ammara partlamanyň netijesinde zeperiň ýetendigi barada maglumatlar gowuşýar.

Russiýanyň Goranmak ministrligi partlamada adam ýitgileriniň, zeperiň bolmandygyny we radiasiýa derejesiniň kadalydygyny aýdýar. Bu maglumaty garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak başartmaýar. Resmiler desganyň kadaly ýagdaýda işleýändigini bellediler.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştabynyň 27-nji oktýabrda beren gündelik brifinginde, soňky günüň dowamynda 70 çaknyşygyň bolandygy aýdylýar.

“Bahmut ugry boýunça, Ukrainanyň esgerleri Donetsk regionynyň Bohdaniwka we Kromowo sebitlerinde duşmanyň bäş hüjümini yza serpikdirdi” diýip, beýanatda nygtalýar.

Baş harby ştab Ukrainanyň güýçleriniň gündogardaky Klişçiýiwka we Andriýiwka şäherlerine rus güýçleriniň eden 10 hüjüminiň yza tesdirilendigini öňe sürdi. Russiýanyň güýçleri bu sebitiň ençeme ugry boýunça hüjüm hereketlerini alyp barýarlar.

Ukrainanyň güýçleri Donetsk regionynyň Bahmutyň günortasy boýunça hüjüm hereketlerini dowam etdirýärler diýip, Baş harby ştab belledi.

Forum

XS
SM
MD
LG