Russiýa Ukrainanyň ençeme parahat ilatly nokatlaryna dronlar we raketalar bilen hüjüm etdi. Munuň netijesinde, asuda adamlar heläk boldy we infrastruktura desgalaryna zeper ýetdi diýip, Ukrainanyň harby we regional resmileri 23-nji oktýabrda mälim etdiler.
Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, Russiýa dronlar we raketalar bilen Donetsk, Herson, Beryslaw, Suwy we Odessa regionlaryndaky parahat ilatly sebitlerine zarba urupdyr.
Hüjümde Donetskdäki bir infrastruktura desgasyna zeper ýetdi we ol ot aldy. Bu barada içeri işler ministri Ihor Klymenko, başga goşmaça jikme-jik bermezden, Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy. Ol ýangynyň adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleri tarapyndan gyssagly söndürilendigini hem sözüne goşdy.
Ol Herson we Beryslaw sebitleriniň Týaginka, Prydniprowske we Mykilske obalaryna garşy 14 raketanyň atylandygyny, munuň netijesinde bir adamyň ýaralanandygyny hem mälim etdi.
Ukrainanyň Günorta Goranyş güýçleriniň maglumatyna görä, 23-nji oktýabr güni irden port şäheri Odessa garşy atylan Russiýanyň dokuz drony urlup düşürilipdir.
Urlan bir dronuň galyndylarynyň golaýdaky ammara düşmegi netijesinde, onda ýangyn döredi. Harbylar oduň dessine söndürilendigini, şol bir wagtda ýitgiler barada bada-bat maglumatlaryň elýeterli däldigini aýtdylar. Eýranda öndürilen Şahed kysymly dronlaryň 3.5 sagat çemesi hüjüm edendigi nygtalýar.
Ukrainanyň Harby Howa güýçleri öten agşamyň dowamynda ýurduň howa giňişliginde jemi 14, şol sanda 13 Şahed dronunyň we bir sany Kh-59 ganatly raketanyň urlandygyny habar berdi.
Gündogardaky Donetsk regionynda soňky 24 sagadyň içinde parahat ilatyň arasyndan üç adam öldürildi diýip, regional häkim Ihor Moroz 23-nji oktýabrda aýtdy.
Mundan bir gün öň, Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Harkiw regionynda rus raketasynyň poçta merkezini urmagy netijesinde, alty adam öldi we başga-da 17-si ýaralandy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň bu görnüşli hüjümleri jogapsyz goýmajakdygyny aýtdy.
“Biz, elbetde, Russiýanyň her bir terroryna jogap bereris. Muňa hem şol sanda” diýip, Zelenski gijeki ýüzlenmesinde aýtdy.
Russiýanyň Ukrainanyň dürli sebitlerini howa we artilleriýa zarbalary bilen nyşana tutmagyny dowam etdirýän wagty, gündogardaky Donetsk regionynda agyr çaknyşyklar alnyp barylýar. Russiýanyň güýçleri Awdiýiwka şäherine garşy hüjümlerini ýaýbaňladýarlar. Bu şäher Russiýanyň okupirlän Donetsk şäherinden bary-ýogy 15 km uzaklykda ýerleşýär. Bu hüjüm Russiýanyň soňky aýlaryň dowamynda amala aşyran iň iri harby operasiýasydyr.
Uruşdan öň Awdiýiwaknyň ilatynyň 30 müň töweregi bolandygy, häzir boşap galan şäherde 1 müň 600-e golaý adamyň galandygy bellenilýär.
Forum