Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainany dronlar bilen urýar, ÝB liderleri has köp ýarag hemaýatyna çagyrýar


31-nji ýanwarda Russiýanyň Ukrainanyň Harkiw regionyna uran zarbasynyň netijeleri.
31-nji ýanwarda Russiýanyň Ukrainanyň Harkiw regionyna uran zarbasynyň netijeleri.

Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş ulgamlary 31-nji ýanwarda irden Russiýanyň atan 20 dronunyň 14-sini urup düşürdiler. Bu barada Ukrainanyň Harby howa güýçleri habar berdi. Bu aralykda, Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Kiýew üçin has köp ýarag bermek çagyryşlaryny dowam etdirdiler.

Dronlar Mykolaýiw, Zaporižýa, Dnipropetrowsk, Kirowohrad we Harkiw regionlaryna atyldy diýip, Ukrainanyň harbylarynyň beýanatynda aýdylýar. Hüjümden soňky mümkin ýitgiler ýa-da zyýan barada bada-bat maglumat elýeterli bolmady.

Gündogardaky Harkiw regionynyň häkimi Oleh Synýehudowyň sözlerine görä, dronlaryň hüjümi netijesinde azyndan dört adam, üç erkek we bir aýal ýaralanypdyr, şeýle-de infrastruktura desgalaryna zeper ýetipdir.

30-njy ýanwarda Russiýanyň Ukrainanyň dürli sebitlerine uran zarbalary netijesinde, azyndan üç adam heläk boldy.

Bu aralykda, 31-nji ýanwarda Brýusselde Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň goranmak ministrleriniň duşuşygyna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, Bileleşigiň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrell Ukraina üçin has köp ok-däriniň zerurdygyny aýtdy.

“Biz Ukraina babatdaky aýdyň borçnamalarymyzyň saklanyp galýandygyny we dowam etdirilýändigini görkezmelidiris” diýip, ol aýtdy.

30-njy ýanwarda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Ýewropa liderlerini Ukraina üçin hemaýaty “tizlendirmegiň” ýollaryny tapmaga çagyrdy.

“Öňümizdäki aýlaryň dowamynda öz berýän hemaýatymyzyň gerimini artdyrmaly bolarys” diýip, Makron Şwesiýa saparynyň dowamynda aýtdy. “Russiýanyň ýeňişiniň bahasy... ählimiz üçin gaty uly” diýip, ol sözüne goşdy.

1-nji fewralda Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Brýusselde Ýewropa Geňeşiniň maslahatynda duşuşarlar.

Bu aralykda, ABŞ-nyň eýýäm şu hepde Ukraina uzak aralyga niýetlenen raketalaryň täze görnüşlerini bermegi mümkin diýip, Politico neşiri ençeme çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Maglumatda bellenilşi ýaly, Boeing tarapyndan öndürilen täze raketa 150 km aralyga çenli uçup we üstünde 110 kg çenli bomba daşap bilýär.

Baýdeniň administrasiýasy ýaraglaryň iberilmegini geçen ýyl oňlapdy, emma ol ilki Birleşen Ştatlarda synagdan geçmelidi.

Forum

XS
SM
MD
LG