Rus goşunlarynyň ýagdyrýan top oklary Ukrainanyň gündogarynda we günortasynda azyndan dört parahat ýaşaýjyny öldürdi diýip, sebit resmileri 18-nji iýulda aýtdy. Ukrain goşuny ýagdaýyň kyndygyny, emma gündogar frontuň käbir ýerleriniň gözegçilik astyndadygyny, günortada bolsa käbir ilerlemeleriň edilendigini habar berdi.
Russiýa 18-nji iýul güni irden Ukrainanyň günortasyna pilotsyz uçarlar bilen zarba urup, Gara deňizdäki Odesa portunyň infrastrukturasyna zyýan ýetirdi diýip, sebit resmileri we harbylar aýtdy, Moskwa bolsa Ukrainanyň bikanun anneksiýa edilen Krym sebitine garşy guran dron hüjüminiň yzyna serpikdirilendigini aýtdy.
Odesa sebitiniň harby administrasiýasynyň metbugat sekretary Serhiý Bratçuk 18-nji iýulda telegramda Ukrainanyň howa goragynyň Russiýanyň port şäherine eden howa hüjümini yzyna serpikdirendigini aýdyp, "Odesa: Howa goranyş söweşleri alnyp barylýar" diýip ýazdy.
Ukrainanyň Günorta operasiýa serkerdeligi biraz soň "weýran edilen raketalaryň galyndylarynyň we urlup ýykylandan soňky partlamalarynyň port infrastrukturasynyň desgalaryna zyýan ýetirendigini" aýtdy.
Ukrainanyň galla eksporty üçin möhüm ähmiýete eýe bolan Odesa garşy urlan zarba BMG-niň araçylyk etmeginde baglaşylan däne şertnamasynyň möhleti gutaranyndan bir gün soň uruldy. Moskwa möhleti 17-nji iýulda tamamlanan şertnamany uzaltmakdan ýüz öwürdi.
Russiýa öten agşam Mykolaýiw sebitine Eýranda öndürilen dronlar bilen hüjüm edip, ýangyna sebäp boldy diýip, sebit häkimi Witaliý Kim telegramda habar berdi.
"Biz ýangyny öçürýäris. Pida bolanlar ýok" diýip, Kim ýazdy.
Mykolaýow şäheriniň häkimi Oleksandr Sienkowiç ýangynyň şäher desgalarynyň birinde ýüze çykandygyny aýtdy we ony "örän çynlakaý" diýip häsiýetlendirdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi we Krymyň Moskwa tarapyndan bellenen başlygy Sergeý Aksýonow rus güýçleriniň 18-nji iýulda Ukrainanyň sebitiň gündogar bölegine 28 pilotsyz uçar bilen eden hüjümini yzyna serpikdirendigini aýtdy.
Ministrligiň beýanatynda aýdylmagyna görä, Ukrainanyň pilotsyz uçarlarynyň 17-si ýok edildi, 11 sanysy bolsa elektroniki usulda zyýansyzlandyryldy. Ministrligiň we Aksýonowyň tassyklamagyna görä, bu hüjümden hiç hili zyýan ýa-da ýitgi çekilmedi.
Özbaşdak ýagdaýda tassyklap bolmaýan habar Krymy Russiýa bilen baglanyşdyrýan köprä deňiz arkaly urlan dron zarbalarynyň yz ýanyna gabat geldi. Bu zarba iki adamyň ölümine we olaryň gyzynyň agyr ýaralanmagyna, köprä zyýan ýetmegine hem-de ulag gatnawynyň togtadylmagyna sebäp boldy. Russiýa bu hüjümde Ukrainany günäkärledi.
Kiýew jogapkärçiligi öz üstüne almady, ýöne ukrain metbugaty howpsuzlyk gullugynyň deňiz pilotsyz uçarlaryny ulanandygyny habar berdi.
Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnullin 18-nji iýulda telegramda Krym köprüsindäki ýol hereketiniň 17-nji iýulda bölekleýin açylandygyny aýtdy.
Husnullin 17-nji iýulda köprä ýetirilen zyýanyň 1-nji noýabra çenli doly abatlanjakdygyny aýtdy, prezident Wladimir Putin bolsa bu hüjüme "jogap" beriljekdigini aýtdy.
Husnullin telewideniýede berlen ýygnakda Putin bilen gepleşip, köpriniň üstündäki ýoluň bir böleginiň weýran bolandygyny we täzeden gurulmalydygyny, ýöne köpriniň sütünlerine zyýan ýetmändigini aýtdy.
Bu köpri oktýabr aýynda bolan hüjümden soňam bejerilmeli bolupdy.
Russiýa 2014-nji ýylda Krymy Ukrainadan anneksiýa edeninden soň öz buýrugy esasynda gurlan köprä edilen hüjümi Putin terrorçylyk hereketi diýip atlandyrdy. Şeýle-de ol özüne bu köpriniň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky teklipleriň berilmegini isleýändigini aýtdy.
Russiýanyň Terrorçylyga garşy milli komiteti bu hüjümiň iki sany ukrain pilotsyz uçary tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy, Derňew komiteti bolsa “terrorçylyk aktyna” garşy jenaýat işini açandygyny aýtdy.
Köprä ýetirilen zyýan Moskwanyň Ukrainanyň günortasyndaky goşunlaryny üpjün etmek ukybyna täsir edip biler we rus infrastrukturasynyň pilotsyz uçarlar - partlaýjy maddadan doldurylan kiçi, çalt we uzakdan dolandyrylýan gaýyklar arkaly bozulyp bilinjekdigini görkezýär.
Söweş meýdanyndan berlen habarlara görä, ukrain güýçleri günortadaky Zaporižýa oblastynyň Berdýansk we Melitopol sebitlerinde garşylyklaýyn operasiýalaryny dowam etdirdiler. Ukrain goşunynyň baş ştabynyň 18-nji iýulda çap eden gündelik hasabatyna laýyklykda, gündogarda soňky 24 sagadyň dowamynda 36 söweş hereketi hasaba alyndy.
Forum