Russiýa 25-nji ýanwarda irden Ukrainanyň günortasyndaky Odesa, Mykolaýiw we Dinpropetrowsk sebitlerine täze dron we raketa hüjümlerini amala aşyrdy, birnäçe adamy ýaralady, maddy zyýana sebäp boldy diýip, Ukrainanyň harby we sebit resmileri aýtdy.
Ukrainanyň Howa güýçleri dronlaryň aýrybaşga iki tolkunynyň Odesa sebitine hüjüm edendigini aýdy. Russiýa tarapyndan uçurylan jemi 14 sany Eýranda öndürilen drondan 11 sanysy urlup ýykyldy, Odesada 10 we Mykolaýiwde bir dron.
Sebit häkimi Oleh Kiper dron galyndylarynyň Gara deňiz portuna gaçmagy bilen, alty adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Kiper hüjümde senagat desgasynyň, ýaşaýyş binalarynyň we raýat infrastrukturasynyň zyýan çekendigini aýtdy. Ol günorta şäheriň Primoriýe we Hajibeý etraplarynyň hüjümde agyr zyýan çekendigini aýtdy.
Ýerli häkimiýetler rus hüjüminiň Odesanyň senagat etrabynda bir mebel fabriginiň ammaryny nyşana alyp, uly ýangynyň döremegine getirendigini aýtdy.
Dnipropetrowsk sebitinde bir senagat kärhanasy dron zarbasy bilen ýykyldy, ýangyn çykdy diýip, sebit häkimi Serhiý Lysak Telegramda aýtdy. Ol dörän ýangynyň ýangyn söndürijileri tarapyndan söndürilendigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de, Lysak rus artilleriýasynyň Nikopol sebitinde ýerleşýän Myriwsk ilatly nokadyna hüjüm edendigini aýtdy.
Russiýa Ukrainanyň ikinji iň iri şäheri bolan Harkowy hem S-300 kysymly howa hüjümlerine garşy raketalar bilen nyşana aldy diýip, Howa güýçleri aýtdy. Bu raketa zarbasynyň zeper ýetmelere ýa-da şikeslenmelere sebäp bolup-bolmandygy bada-bat mälim bolmady.
Rus serhedinden 30 kilometr aradaşlykda ýerleşýän Harkow gündogar şäheri soňky wagtlarda ýaşaýyş sebitlerini nyşana alýan adatdan daşary agyr raketa zarbalaryna sezewar bolýar. Soňky sapar, 23-nji ýanwarda amala aşyrylan şeýle hüjümlerde azyndan 10 adam öldürildi.
Söweş meýdany barada aýdylanda, iki tarapyň hem hüjüm we goranyş hereketleriniň arasynda, rus goşunlary gündogar Donetsk sebitiniň Awdiýewka senagat şäheriniň daşyny gabamak üçin alyp barýan netijesiz synanyşyklaryny dowam etdirdi.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştaby özüniň 25-nji ýanwarda beren irdenki hasabatynda soňky 24 sagadyň dowamynda şeýle hüjümleriň dört sanysynyň ukrain goragçylary tarapyndan yza serpikdirilendigini aýtdy.
Bu aralykda, Kreml uçar heläkçiligi boýunça ýene Kiýewi aýyplaýar, Ukraina bu babatda halkara derňewiniň geçirilmegine çagyrýar.
Kreml Ukrainany 24-nji ýanwarda “bortunda 65 ukrain uruş ýesiri bilen, tussag alyşmaga barýandygyny” aýdýan bir harby kargo uçaryny urup ýykmakda aýyplaýar. Kiýew bu aýyplamany göni tassyklamady, prezident Wolodymyr Zelenski bu hadysa boýunça halkara derňewiniň geçirilmegine çagyrdy.
“RIA Nowosti” habar agentligi 25-nji ýanwarda Russiýanyň Ukraina bilen serhetleşýän Belgorod sebitinde ýykylan uçaryň iki gara gutusynyň hem tapylandygyny habar berdi.
Kremliň metbugat sekretary 25-nji ýanwarda “Ilýuşin-76” harby transport uçarynyň urlup ýykylmagyny “aýylganç hereket” atlandyrdy, ýöne Moskwa heniz uçaryň ukrain raketasy bilen urlup ýykylandygyna, ýa-da onuň bortunda ukrain tussaglarynyň bolandygyna güwä geçýän hiç bir subutnama hödürlemedi.
Zelenski uçary kimiň urup ýykandygyny aýtman, “ähli anyk faktlar kesgitlenmeli...biziň döwletimiz halkara derňewini talap eder” diýdi.
Ukrain resmileri 24-nji ýanwarda tussag alyşmasynyň meýilleşdirilendigini, ýöne Russiýanyň ukrain uruş ýesirlerini kargo uçarynda getirmek barada Ukraina habar bermändigini aýtdylar.
Ukrainanyň harby aňtaw gullugy uçaryň bortunda kimleriň bolandygy barada özünde “ygtybarly we giňişleýin maglumatlaryň” ýokdugyny aýtdy, ýöne özleriniň garamagyndaky rus uruş ýesirleriniň “şertli alyş-çalyş nokadyna öz wagtynda eltilendigini” aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum