Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Krymda Ukrainanyň dron hüjümleriniň öňüni alandygyny aýdýar


Russiýanyň 6-njy noýabrda Ukrainanyň Odesa atan raketasynyň galdyran yzy.
Russiýanyň 6-njy noýabrda Ukrainanyň Odesa atan raketasynyň galdyran yzy.

7-nji noýabrda Ukrainanyň Moskwa tarapyndan okupirlenen Krym ýarymadasyna garşy amala aşyran dron hüjümleri Russiýanyň howa hüjüminden goranyş güýçleri tarapyndan tesdirildi diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi habar berdi.

“Gara deňziň Krym kenarynda dronlaryň dokuzsy weýran edildi, beýleki sekizsiniň öňi alyndy” diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar. Bu aralykda, Sewastopolyň Moskwa tarapyndan bellenilen dikme häkimi Mihaýil Razwozžaýew sebitde bäş dronuň urlandygyny aýtdy.

Sewastopolda Russiýa Gara deňiz floty ýerleşýär.

Razwozžaýew soňundan howada urlan dronyň galyndylarynyň Orliwka obasynda bir adamy agyr ýaralandygyny aýtdy. Ol Sewastopolyň golaýyndaky Andriýiwka obasynda galyndylaryň şahsy bir öýe gaçyp, onda ýangyn döredendigini hem sözüne goşdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ýerdäki habarçysy Sewastopolyň merkezinde ir bilen howa hüjüminden goranyş ulgamlarynyň sesleriniň eşidilendigini aýtdy.

Russiýanyň öňe sürenlerini garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bolmaýar. Ukraina hem bolandygy aýdylýan bu hüjümler boýunça kommentariýa bermedi. Mundan bir gün öň, Kiýew ukrain güýçleriniň Russiýanyň Krymdaky harby gämilerine “möhüm zeper ýetirendigini” habar berdi. Hadysanyň bu baradaky beýanatdan iki gün öň bolandygy bellenilýär.

Ukrainanyň harbylary Askold diýlip kesgitlenen gäminiň gaýtadan dikeltmä ýarawsyz bolup biljekdigini aýtdylar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Askoldyň Krymyň Kerç ýakasynda urlandygyny aýtdy. Russiýa bu sebiti 2014-nji ýylda bikanun basyp alypdy. Kiýew bu ýerleri söweş arkaly yzyna gaýtaryp almak ugrunda tagalla edýär.

Mundan öň, Russiýanyň harbylary ukrain raketasynyň Krymdaky deňiz portuna düşendigini habar berdiler we atlandyrylmadyk bir rus gämisine zeper ýetendigini aýtdylar.

7-nji noýabrda Britaniýanyň Goranmak ministrligi Askolda edilen hüjümiň Ukrainanyň “Krymyň deňiz-gurluşyk infrastukturasyny nyşana almaga ukyplydygyny” görkezendigine, şeýle-de munuň Russiýany front çyzygyndan uzaga gitmäge iterip biljekdigine, munuň hem täze gämileriň aşmagynyň öňüni alyp biljekdigine” “tas ynamlydygyny” aýtdy.

Söweş meýdany barada aýdylanda, soňky 24 sagadyň dowamynda Ukrainanyň güýçleri front çyzygy boýunça 78 ýakyn aralyk söweş hereketlerini geçirdiler diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştaby 6-njy noýabrda özüniň gündelik brifinginde mälim etdi.

Çaknyşyklaryň esasy ünsi merkezi senagat şäheri Awdiýiwka bolmagynda galýar. Ol gündogardaky Donetsk regionynda ýerleşip, rus güýçleri bu sebitiň daşyny doly gabamak synanyşyklaryny dowam etdirýärler.

Ukrainanyň güýçleri soňky günüň dowamynda Russiýanyň Awdiýiwka eden 20 hüjümini yza tesdirdiler diýip, harbylar aýtdy.

Rus güýçleri soňky birnäçe hepde bäri Awdiýiwkany almak ugrunda dowamly hüjüm edýärler. Bu urşuň iň ganly çaknyşyklarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

Günortadaky Zaporižýa regionynda hem agyr çaknyşyklaryň barýandygy habar berilýär.

Forum

XS
SM
MD
LG