Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa günorta Ukrainada port desgalaryna, ýaşaýyş binalaryna zarba urýar


Odesa urlan raketa zarbasynyň netijesi
Odesa urlan raketa zarbasynyň netijesi

Russiýa 20-nji iýulda, port desgalaryny we däne ammarlaryny, raýat infrastrukturasyny nyşana alyp, Ukrainanyň günortasyna tapgyr üçünji gezek howa zarbalaryny urdy we birnäçe parahat adamy ýaralady, azyndan iki adany öldürdi diýip, sebit resmileri aýtdy.

Bu hüjümler Russiýa BMG-niň howandarlygynda baglaşylan we ukrain gallasynyň daşary ýurda iberilmegine ýol açýan şertnamany uzaltmakdan ýüz öwreninden soň edilýär. Ylalaşygy uzaltmazlykdan başga, Moskwa Gara deňizde Ukrainany nazarlan ýük gämilerini özüniň mümkin bolan harby nyşana hasaplajakdygyny hem duýdurdy.

Mikolaýewde şäher merkezinde ýerleşýän üç gatly ýaşaýyş jaýyna edilen hüjümde azyndan 18 adam, şol sanda çagalar hem ýaralandy diýip, sebit häkimi Witaliý Kim aýtdy.

"Ruslar şäher merkezine zarba urdular. Garaž we üç gatly ýaşaýyş jaýy ot aldy... Jemi 18 adam ýaralandy, olaryň 9-sy, şol sanda bäş çaga keselhana ýerleşdirildi, iki adam harabalygyň aşagyndan halas edildi. Olary halas etmegi başarmagymyz gudrat boldy" diýip, Kim aýtdy.

Odesada galla we nebit terminallaryna zarba uruldy, şäher merkezinde weýrançylyk boldy, azyndan iki adam öldi diýip, Odesa sebitiniň häkimi Oleh Kiper habar berdi.

"300 inedördül metr meýdanda ýangyn boldy. Degişli hyzmatlar ýerli-ýerinde işleýär. Ejir çekenleriň iki sanysynyň hassahana ýerleşdirilendigi belli boldy... Jikme-jik maglumatlary soň bererin" diýip, Kiper telegramda aýtdy.

Ukrainanyň Energetika ministrligi Odesa we Çornomorsk portlaryndaky galla terminallarynyň we port infrastrukturasynyň nyşana alnandygyny aýtdy. Ministrlik Çornomorskda 60,000 tonna dänäniň ýok edilendigini aýtdy.

Ukrainanyň howa goragy 20-nji iýulda täzeden seredilen habarynda hüjüm wagtynda Russiýanyň 19 sany ganatly raketasyny we 19 kamikadze pilotsyz uçaryny urup ýykandygyny aýtdy. Habarda Eýranda öndürilen 13 pilotsyz uçaryň, iki sany “Kalibr” raketasynyň we üç sany Iskander-K raketasynyň urlup ýykylandygy aýdylýar.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Odesa we Mykolaýewe garşy urlan zarbalaryň Ukrainanyň Krym köprüsine ýetiren zyýany üçin, Moskwanyň pikiriçe, Ukrainanyň deňiz dronlaryny öndürýän desgalaryndan ar alyş bolandygyny aýtdy.

Emma Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 19-njy iýulda telegram kanalynda Russiýanyň galla şertnamasyny uzaltmakdan ýüz öwreninden soň Odesa sebitinde däne eksportyna degişli ýerleri "bilkastdan" nyşana alandygyny aýtdy.

"Şu gün hüjüm edilen portlarda takmynan bir million tonna azyk saklanýar. Afrikanyň we Aziýanyň sarp ediji ýurtlaryna takmynan şol mukdardaky däne bireýýäm iberilmelidi" diýip, Zelenski wideo habarynda aýtdy. "Dünýädäki her bir adam Russiýany terrorçylyk jogapkärçiligine çekmek bilen gyzyklanmaly" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Moskwanyň şertnamadan çykmagyna garamazdan, Ukraina galla eksportyny dowam etdirjekdigini aýtdy we Russiýa şondan soň, 20-nji iýuldan başlap, Gara deňziň demirgazyk-günbatar we günorta-gündogar bölegindäki halkara suwlaryny ýük daşamak üçin "wagtlaýyn howply" hasaplaýandygyny, şeýle-de, özüniň bu ýerden gelýän islendik gämini kanuny nyşana hökmünde kabul etjekdigini duýdurdy.

Rus beýanaty Ak tamyň duýduryş çap edip, Moskwanyň Gara deňizdäki raýat ýük gämilerine edip biljek hüjümlerine taýynlyk görýändigini aýtmagyna itergi berdi.

"Biziň maglumatlarymyz Russiýanyň ukrain portlaryna aralaşylýan ýerlerde goşmaça deňiz minalaryny goýandygyny görkezýär" diýip, Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Adam Hodge aýtdy.

"Biz munuň Gara deňizdäki raýat gämilerine edilen islendik hüjümi aklamak we bu hüjümlerde Ukrainany günäkärlemek üçin utgaşdyrylan tagalladygyna ynanýarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

19-njy iýulda Waşington Ukraina üçin 1,3 milliard dollarlyk harby kömek bukjasyny yglan etdi, oňa uçara garşy raketa ulgamlary we beýleki enjamlar girýär.

Zelenski täze kömegiň "ukrain janlarynyň halas edilmegine we umumy ýeňşe has ýakynlaşmaga kömek etjekdigini" aýtdy hem-de "dostlukly Amerikan halkynyň dyngysyz goldawyna" minnetdarlyk bildirdi.

Bu kömek Ukrainanyň şäherlerini we infrastrukturasyny Russiýanyň raketa hüjümlerinden goramak üçin niýetlenen goşmaça uçara garşy raketa ulgamlarynyň, NASAMS-laryň dört sanysyny öz içine alýar.

Forum

XS
SM
MD
LG