18-nji ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Eýranyň nebit ministri Jawad Owji bilen duşuşdy.
Resmi maglumata görä, gepleşikleriň dowamynda, hususan-da, nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly mesele maslahatlaşypdyr.
Aşgabat ýanwaryň başynda swap ylalaşygy esasynda Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana gaz ibermegi “wagtlaýyn” bes etdi. Eýran, Türkmenistan we Azerbaýjan üçtaraplaýyn ylalaşygyň töweregindäki meseleler boýunça häzirlikçe resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.
Berdimuhamedow Eýranyň nebit ministri bilen gepleşiginde nebitgaz ulgamynda “hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek hem-de iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça özara pikir alyşmalaryň peýdaly boljakdygyny” aýtdy. Ol türkmen tarapynyň netijeli teklipdir başlangyçlary goldamaga taýýardygyny hem tassyklady.
Başga jikme-jikler, şol sanda agzalan mümkin teklipdir başlangyçlaryň detallary aýdyňlaşdyrylmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum