Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pragadaky heläkçilikli köpçülikleýin atyşdan soň, Çehiýanyň mekdeplerinde howpsuzlyk güýçlendirilýär


Hüjümçiniň Çarlz uniwersitetiniň studenti bolandygy hem aýdylýar.
Hüjümçiniň Çarlz uniwersitetiniň studenti bolandygy hem aýdylýar.

Çehiýa Respublikasy 21-nji dekabrda Praganyň merkezindäki bir uniwersitetde hüjümçiniň ýaragdan ot açyp, 14 adamy öldürmeginden we 25-sini ýaralamagyndan soň, ýurduň mekdeplerinde we beýleki desgalarynda howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdi.

22-nji dekabrda Çehiýanyň polisiýasynyň beren maglumatyna görä, atyşygyň bolan Çarlz uniwersitetinde derňew işleri dowam etdirilýär. Şeýle-de, pidalaryň 11-siniň şahsyýeti anyklanypdyr.

Içeri işler ministrlik hüjümde üç daşary ýurtlynyň, Nederlandlaryň bir raýatynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň iki raýatynyň ýaralanandygyny aýtdy.

21-nji dekabrda içeri işler ministr Wit Rakusan “Çehiýa Respublikasynyň hiç haçan beýle akty başdan geçirmändigini” aýtdy we atyşygň halkara terrorizmi bilen ilteşiginiň bolandygyny görkezýän alamatlaryň ýokdugyny belledi.

Polisiýanyň başlygy hüjümçiniň uly ähtimallyk bilen öz janyna kast edip, heläk bolandygyny aýtdy.

Maglumatda hüjümçiniň ilki öýünde öz kakasyny öldürendigi hem çaklanylýar.

Hüjümçiniň Çarlz uniwersitetiniň studenti bolandygy hem aýdylýar.

Forum

XS
SM
MD
LG