Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öri meýdanlary hem tokaýlar. Täjigistanyň hökümeti Rahmonyň garyndaşyna müňlerçe gektar ýer berdi


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon (ortada) Hatlon welaýatynyň Halkara prezident mekdebiniň açylyş dabarasynda
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon (ortada) Hatlon welaýatynyň Halkara prezident mekdebiniň açylyş dabarasynda

Täjigistanyň hökümeti hususy kärhana müňlerçe gektar ýeri 20 ýylyň dowamynda ulanmak üçin berdi. Hökümet tankytçylary ol kompaniýanyň ýolbaşçysyny häkimiýet baştutany, awtoritar prezident Emomali Rahmon garyndaşlarynyň biri diýip ykrar edýärler. Ýurduň prezidenti we onuň ençeme garyndaşy garyp halkyň hasabyna özlerini baýlaşdyrýandygy üçin, öňden bäri aýyplanýar.

Täjigistanyň hökümetiniň ýaňy-ýakynda müňlerçe gektar peýdaly ýeri hususy kärhana uzak möhletleýin ulanmaga berendigi barada, geçen ýylyň 29-njy noýabrda prezident Rahmon tarapyndan gol çekilen resmi dokumentiň nusgasy Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna gowuşdy. Onda ýer böleginiň "Ismoili Somoni" holding kompaniýasyna wagtlaýyn eýeçilik hukugyna berilýändigi aýdylýar.

Söwda-senagat edaralarynyň Döwlet hasaba alyş maglumatyna görä, holding kompaniýasynyň başlygy Rahmatullo Asadulloýewiç Sadulloýew diýilýär. Prezidentiň tankytçylary onuň Rahmonyň garyndaşlaryndan biridigini ykrar edýärler.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bu barada kommentariýa almak üçin, Täjigistanyň häkimiýetlerine ýüz tutdy, ýöne makala çap bolýança, jogap alyp bilmedi.

Dokumentde täjik hökümetiniň 8 müň 500 gektar çemesi ýeri näme üçin hususy kärhana geçirmek kararyna gelendiginiň sebäpleri düşündirilmeýär. Paýtagt Duşanbeniň golaýynda ýerleşen ol giňişlikde, sürümli ýerler, öri meýdanlary, tokaýlar hem ýaşaýyş bölekleri bardy.

Dokumentde ýeriň täze eýesiniň geljekki 20 ýylyň dowamynda, onuň eýeçiligine doly ygtyýarlyk etmäge haklydygy aýdylýar.

Täjigistanyň tutuş ýer giňişliginiň 93 göterimi daglar bilen örtülen, şoňa görä-de, 10 million adamdan ybarat bolan ýurtda, ýer örän gymmatly mümkinçilik hasaplanýar. Bu baglaşylan şertnama ýönekeý ilatyň mal bakmaga we ot-iým ýygnamaga mümkinçiliginiň azlygyndan, hasyl ösdürip ýetişdirmäge we jaý gurluşygyna ýerleriň ýetmezçiliginden nägile bolýan mahalyna gabat geldi.

Hatlondaky halkara prezident mekdebi
Hatlondaky halkara prezident mekdebi

Döwlet hasaba alnyş maglumatynda, "Ismoili Somoni" holding kompaniýasynyň 2006-njy ýylda döredilendigi aýdylýar. Şondan bäri-de ol dürli işleri alyp barýar, şol sanda gurluşyk işleri bilen hem meşgullanýar. Resmi dokumentlerde kompaniýanyň başlygy saýylýan Rahmatullo Asadulloýewiç Sadulloýew hakda, ne maglumat, ne-de surat bar.

Syýasy oppozisiýa ýakyn bolan köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatyna görä, täsirli Sadulloýewler maşgalasynyň agzalarynyň biri. Ol maşgala Täjigistanyň birinji hanymy Azizmo Asadulloýewanyň doganlary we uýalary. Giň ýaýran korrupsiýadan ejir çekýän ýurtda, bu maşgala ençeme girdejili kärhanalara gözegçilik edýär.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy kompaniýanyň direktorlar maslahatynyň başlygynyň hakykatdan-da şol maşgala agzasydygyny ýa-da diňe Rahmonyň dogan-garyndaşlarynyňky bilen gabat gelýän iş profili bolan atdygyny anyklap bilmedi. Täjigistanda "Ismoili Somoni" adyny göterýän başga hususy kärhanalar bar.

PREZIDENTIŇ AÝALYNYŇ TÄSIRLI GARYNDAŞLARY

Täjigistanyň birinji hanymynyň uly dogany Rahmatullo Sadulloýew käbir maglumatlara görä, oba hojalyk ekinlerine degişli girdejä gözegçilik edýär. Onuň biznes işleri günorta Hatlon welaýatynda bolup, şonuň bilen bir wagtda, syýasatdan daşda durýar we Täjigistanyň hökümetindäki wezipelerden ýüz öwrüp gelýär.

Bir gezek Sadulloýew, hamana, şeýle diýipdir: «Men Hatlonyň prezidenti, Rahmon – Duşanbeniň prezidenti».

2022-nji ýylyň martynda Rahmon Hatlon şäherinde Halkara prezident mekdebiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ol bina "ýerli hojalyk telekeçisi Rahmatullo Sadulloýew" tarapyndan guruldy diýip, telekeçi barada goşmaça maglumat getirmezden, hökümet saýty habar berdi.

Prezidentiň garyndaşlarynyň arasynda, iň meşhury Hasan Asadullozoda hasaplanýar, ozal Sadulloýew diýip tanalýardy. Onuň giň portfele eýe bolan iş ugurlary bolup, aýratyn-da maliýe edarasy OriýonBankyň ýolbaşçysy we baş “Somon Air” şirketiniň awiabilet hyzmaty girýär.

Onuň ekiz taýy Hüseýin günorta Hatlon welaýatynda, nebit önümlerini satýan kompaniýa gözegçilik edýärdi. Hüseýin Asadullozoda 2022-nji ýylda 54 ýaşynda, keselläp aradan çykdy.

Başga bir dogany Amonullo Sadulloýew “Somon Sogd” korporasiýasynyň başlygy, ol birleşik ýurduň demirgazyk bölegindäki birnäçe girdejili edara-kärhanalara gözegçilik edýär.

Onuň başga bir süýtdeş dogany Amirullo Asadullo hem Hatlon welaýatynyň merkezi Bohtar şäheriniň häkimi wezipesini eýeleýär.

Täjigistanyň baş hanymy we onuň doganlary dürli familiýalary göterýärler we olaryň atlarynyň ýazylyşy-da dürli; Sadullo hem Asadullo atlarynyň yzyndan täjik ýa rus diliniň suffiksi ýa-da asla goşulmasyz gelýär.

Täjigistany 1992-nji ýyldan bäri dolandyrýan Rahmon wezipesinden peýdalanyp, özli-özüni we dogan-garyndaşlaryny baýlaşdyrmakda, köp wagtdan bäri aýyplanyp gelýär, täjikleriň aglaba bölegi bolsa agyr garyplykda ýaşaýar.

Täjigistanyň esasy banklarynyň we iri kärhanalarynyň ählisi diýen ýaly, Rahmonyň dostlary we tarapdarlary tarapyndan dolandyrylýar diýlip hasaplanýar.

Hususy kärhanalardaky wezipelerden başga-da, onuň çagalary ýokary döwlet kürsülerini eýeleýärler. Onuň jemi dokuz çagasy bar.

Prezidentiň uly ogly Rustam şol bir wagtyň özünde ýokary täsirli iki wezipäni eýeleýär: ol parlamentiň ýokarky palatasynyň başlygy we Duşanbe şäheriniň häkimi. Eýeleýän başky wezipe ony Täjigistanyň prezidentligine indiki kandidat edýär; eger kakasy wezipesini alyp barmaga ukypsyz bolsa ýa-da wezipesinde ondan artyk galyp bilmese, onuň ornuny eýeläp bilýär.

Rahmonyň gyzlarynyň biri Ozoda Prezident administrasiýasynyň baştutany bolup durýar. Onuň adamsy Jamoliddin Nuraliýew Maliýe ministriniň birinji orunbasary wezipesini eýeleýär we Täjigistanyň Milli bankynyň başlygynyň birinji orunbasarydyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG