"Talybanyň" ýokary döwlet işgäriniň oglunyň Owganystan Yslam Emirliginiň Özbegistandaky ilçisi wezipesine bellenilmeginden soň, nepotizmde – ýakyn hossarparazlykda aýyplandy.
Owganystanyň häzirki dag-magdan senagaty we nebit ministri Mawlawi Şahabuddin Delawaryň kiçi ogly, ýagny Mawlawi Magfurulla Şahab şu ýylyň 4-nji fewralyndan, Owganystanyň Daşkentdäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesini ýerine ýetirip başlady.
Delawaryň uly ogly Ruhulla Şahab "Talybanyň" premýer-ministriniň orunbasarynyň wezipesini alyp barýar. Onuň giýewsi Şamsuddin Ahmadi hem owgan hökümet sistemasynda ýokary wezipäni eýeleýär.
Birnäçeler Delawaryň oglunyň Daşkentde ilçi wezipesine bellenmegi syýasy nepotizmiň aýdyň subutnamasydyr diýýärler.
Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň owgan meseleleri boýunça eksperti Abubakar Siddigiň ýazmagyna görä, soňky wezipe bölünişiginiň "Talybanyň" öz hökümetiniň nepotizmden we korrupsiýadan azatdygy baradaky beýanatyny yglan eden wagtyna gabat gelendigini aýratyn bellemeli.
Geçen ýyl "Talybanyň" ýokary lideri Haýbatulla Ahundzada «Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wezipeli adamlarynyň maşgala agzalaryny ýa-da garyndaşlaryny döwlet wezipesine bellemegini gadagan etmek» baradaky permana gol çekdi.
Şahabuddin Delawar bu permandan gaça durýan ýeke-täk "Talyban" resmisi däl.
“Talybanyň” içeri işler ministri Sirajuddin Hakganynyň daýysy Halil-ur-Rahman Hakgany Owganystanyň Bosgunlaryň işi baradaky ministridir. Ondan başga-da, Hakgany maşgalasynyň agzalary döwlet sistemasynda we Host welaýatynyň aňtaw gullugynda möhüm wezipeleri eýeleýärler.
“Talyban” gurluşyny esaslandyran molla Omaryň ogly Mohammad Ýakub Mujahid goranmak ministri wezipesinde işleýär.
Ýakubyň daýysy molla Mannan Umari zähmet we sosial işler ministrligini dolandyrmak tabşyryldy.
"Talyban" režimini Owganystanda häkimiýeti diňe özli-özi bolup paýlaşmakda aýyplaýarlar. Esasy köplügi puştunlary öz içine alýan ekstremist hereketiň agzalary ähli döwlet wezipelerini öz aralarynda bölüşdiler. "Talybanyň" wezipeli we ýönekeý söweşijileriniň köpüsi sowatsyz, olar bütin ömrüne siwilizasiýadan daşda durup, diňe uruşmagy öwrenip geldiler. Ýöne welin “talyban” resmileri we ýokary derejeli harbylar çagalaryna daşary ýurt medreselerinde we ýokary okuw jaýlarynda bilim berdiler. Indi olar döwlet wezipelerini çagalaryna geçirýärler. Şeýlelik bilen "talyban" liderleri özlerini baýlaşdyrmaga we öz güýjüni berkitmäge çalyşýarlar.
Özbegistan tarapy Owganystanyň Daşkentdäki ilçihanasynyň "Talybana" geçirilmegi barada, häzirlikçe resmi maglumat bermedi.
Geçen hepde, AIP (Afghan Islamic Press) gullugy öz çeşmelerine salgylanyp, Yslam Emirliginiň öz wekillerini Daşkent şäherine iberendigini we munuň resmi ýagdaýda, dabaraly geçendigini habar berdi.
Owganystanyň Daşary işler ministrligi Mawlawi Magfurulla Şahabyny 6 aý mundan ozal Owganystanyň ilçihanasynyň wekili hökmünde, Daşkende ugradypdy.
Şol döwürde Magfurulla Şahabynyň syýasy bölümiň başlygynyň orunbasary bolup işleýändigi habar berildi.
Soňra Owganystanyň Daşary işler ministrligi Mawlawi Magfurulla Şahaby ilçiniň wezipesini ýerine ýetiriji edilip bellenendigini aýtdy.
Häzir ol Özbegistanda resmi duşuşyklara we ilçihananyň işlerine ýolbaşçylyk edýär.
Yslam Emirliginiň şu wagta çenli 17 ýurda öz wekillerini iberendigini belläp geçmeli.
Owganystanyň Täjigistandaky ilçihanasy heniz "Talybana" tabşyrylmady. Ýöne mundan birnäçe wagt ozal Owganystan Yslam Emirliginiň wekilleri Badahşandaky (Täjigistan) Owganystanyň konsullygyna bardylar.
Ondan öň birnäçe ýurt Owganystana öz diplomatlaryny iberipdi. Köpçülikleýin habar serişdeleriniň golaýda ýaýradan maglumatyna görä, ABŞ hem Kabuldaky konsullyk işlerini dikeltmek meselesine garapdyr.
Fewralyň başynda Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygy Abdusalom Azizow Kabulda “Talybanyň” wagtlaýyn goranmak ministri Mohammad Ýakub bilen duşuşdy.
"Tolo News" habar gullugynyň maglumatyna laýyklykda, gepleşiklerde serhetara we ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler maslahat edilipdir.
Mohammad Ýakub "Yslam Emirliginiň ösüş taslamalaryny durmuşa geçirmekde, hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny" beýan etdi.
Ozal "Talyban" düzgünini berk ret eden Yslam Kerimowdan tapawutlylykda, prezident Şawkat Mirziýoýew 2021-nji ýylyň awgustynda, Kabulda häkimiýeti ele alan "Talyban" bilen dialogyň we hyzmatdaşlygyň ýoluny saýlady we 2022-nji ýylyň dekabrynda, "Talyban" hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.
Şonda Özbegistanyň prezidenti: «Daşkendiň ýeke-täk maksady Owganystandan Özbegistana tarap, ok atyşlygyna ýol bermezlik” diýipdi.
Owganystanda "Talyban" häkimiýete gelenden biraz wagt geçensoň, özbek tarapy ol hökümet bilen hyzmatdaşlyk edip, Trans-Owgan demirýolunyň, ýagny «Термез – Мазари-Шариф – Кабул – Пешавар» gurluşygyna başlady.
Geçen ýylyň iýulynda, Özbegistanyň demirýollary kompaniýasy ol proýekt boýunça gepleşikleriň jemleýji tapgyrynyň başlanandygyny yglan etdi. Onuň bahasy 4,6 milliard dollardan, 8,2 milliard dollar aralygynda bolar diýlip bahalandy.
Özbegistan Owganystanyň demirgazygynda “Talyban” tarapyndan gurulýan Koştepa kanalynyň ýagdaýy bilen bagly aladalanma bildirdi. Emma şol bir wagtda hem bu taslama boýunça "Talyban" bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny beýan etdi. Geçen ýylyň tomsunda, iki tarapyň wekilleriniň iş toparyny döretmek boýunça, gepleşikleriň alnyp barylýandygy habar berildi. Şu wagta çenli geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada, hiç zat aýdylmaýar.
Bu dawaly kanalyň gurluşygynyň birinji tapgyry eýýäm tamamlandy. Kanalyň gurluşygy doly amala aşanda, Owganystanyň Amyderýanyň suwunyň azyndan üçden bir bölegini aljakdygy aýdylýar. Ekspertleriň bellemegine görä, "Talybanyň" taslamasynyň ýaramaz netijeleri Özbegistanda we Türkmenistanda bildirer.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum