Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa barýan dron uruldy, Ukrainanyň günortasyndaky we gündogaryndaky agyr söweşler dowam edýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Ukrain goşuny ýurduň günortasyndaky we gündogaryndaky güýçleriniň, rus goşunlarynyň öňe süýşmek üçin edýän tagallalaryna garşy durup, garşylyklaýyn hüjümi dowam etdirýändigini aýtdy, Russiýanyň Goranmak ministrligi bolsa, Moskwa barýan pilotsyz uçaryň urlup ýykylandygyny habar berdi.

Günorta-gündogar Zaporižýa sebitinde agyr söweşler dowam edýär diýip, ukrain goşuny 31-nji awgustda gündogar Donetsk sebitiniň Bahmut şäheriniň golaýynda söweşýän rus güýçleriniň düýpli ýitgi çekendigini hem sözüne goşdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi howa goragy güýçleriniň 31-nji awgustda Russiýanyň Woskresenskiý etrabynda Moskwa tarap barýan ukrain pilotsyz uçaryny urup gaçyrandygyny aýtdy.

Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin, deslapky maglumatlara salgylanyp, Telegramda pida bolanlaryň we çekilen ýitginiň ýokdugyny habar berdi. Gürrüňi edilýän pilotsyz uçaryň Ukrainadan ýa-da Russiýanyň çäginden uçurylandygy entek belli däl.

Rus paýtagtynyň Wnukowo we Domodedowo howa menzilleri, howpsuzlyk çäresi hökmünde gysga wagtlyk ýapylanyndan soň, 31-nji awgustda gaýtadan işe başlady.

Soňky günlerde, pilotsyz uçarlaryň töwekgelçiligi sebäpli, Moskwanyň howa menzillerinde uçuş we gonmak meslesinde birnäçe gezek bökdençlik boldy.

Ukrainanyň Donetsk sebitinde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugy üçin işleýän kino topary 30-njy awgustda, ulaglary raketa hüjüminiň aşagynda galanyndan soň, sag-aman gutuldy.

Iki žurnalist we sürüji bilen bagly waka, ukrain goşunynyň basyp alyjy rus güýçlerine garşy alyp barýan garşylyklaýyn hüjüminiň öň hatarlaryndan habar týýarlanýan wagtlarynda bolup geçdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugy tarapyndan çap edilen suratlar aýnalary döwlen we tekerleri ýarylan awtoulaga agyr zyýan ýetendigini görkezdi.

Bu waka 29-njy awgustda Donetsk sebitinde ýykylan iki dikuçarda alty sany ukrain harby gullukçysynyň ölendigi baradaky habaryň yz ýanyna, Kiýewiň Russiýanyň içinde we Ukrainanyň günortasynda edýän hüjümlerini güýçlendirendigi baradaky habarlaryň arasyna gabat geldi.

Berlen maglumata görä, Ukrainanyň iki sany MI-8 dikuçary front liniýasynda ýerleşýän Kramatorsk şäheriniň golaýynda heläkçilige uçrapdyr.

Käbir habar serişdeleri bu wakanyň Bahmutyň golaýynda, rus güýçleri tarapyndan ele salnan ukrain şäheriniň töweregindäki agyr söweşleriň barýan ýerinde bolandygyny aýdýar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 30-njy awgustda eden gijeki wideo ýüzlenmesinde häkimiýetleriň ýurduň harby gullugyna çekilmeli erkekler bilen bagly korrupsiýa garşy berk çäre görjekdigini aýtdy.

Zelenski şu aýyň başynda Ukrainanyň sebitlerindäki harby gulluk merkezleriniň ähli ýolbaşçysyny işden boşadyp, korrupsiýa garşy çäre gördi.

Ol 11-nji awgustda harby gulluga çagyryş merkezleriniň işiniň gözden geçirilendigini we barlaglaryň wezipeden hyýanatçylykly peýdalanmak alamatlarynyň, bikanun baýamakdan başlap, uruş döwrüniň gadagançylygyna garamazdan, harby gulluga alynmaly erkekleri serhetden geçirmek ýaly ýagdaýlaryň üstüni açandygyny aýtdy.

Şu aralykda Angliýanyň öňki energiýa ministry, Ben Wallesiň ornuna goranmak ministri wezipesine bellenen Grant Şapps 31-nji awgustda, täze ministriň harby tejribesiniň ýokdugy baradaky aladalaryň arasynda, Londonyň Ukrainany goldaýandygyny tassyk etdi.

"Men öz halkymyzyň howpsuzlygyny goraýan Ýaragly güýçlerimiziň edermen erkekleri we aýallary bilen işleşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Şeýle-de, Putiniň wagşyçylykly çozuşyna garşy göreşde Angliýanyň Ukraina berýän goldawyny dowam etdirerin" diýip, Şapps ozal twitter diýip bilinýän X ulgamynda, Ben Wallace işinden çekileninden soň, hökümet ony bu wezipä bellän badyna aýtdy.

Russiýa bolsa 31-nji awgustda Demirgazyk Koreýa bilen edýän gatnaşyklaryny has-da ösdürmekçi bolýandygyny aýtdy, ýöne Ak tamyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un bilen hat alyşandygyny tassyklamady.

Ak tam 30-njy awgustda Russiýa bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky ýarag gepleşikleriniň işjeň dowam etmeginden alada galýandygyny aýtdy we Putin bilen Kimiň özara hyzmatdaşlygy artdyrmak barada birek-birege hat ýazandyklaryny öňe sürdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow žurnalistleriň bu hat alyşmalar barada beren soraglaryna göni jogap bermedi.

Forum

XS
SM
MD
LG