Rosstatyň habaryna görä, 2022-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda, Russiýanyň ilaty 430 müň adam azaldy. Russiýanyň häkimiýetleri bu hasaplamalarda, anneksiýa edilen Krymyň iki milliondan gowrak ýaşaýjysyny öz içine goşýar, olar bolmasa Russiýanyň ilaty takmynan 142,7 million adam.
430 müň – bu geçen 2021-nji ýylyň ilkinji bäş aýy bilen deňeşdirilende, has güýçli peseliş, bu döwürde Russiýanyň ilatynyň tebigy azalmagy Sowetler döwründen soňky rekord dereje boldy.
Tebigy pese gaçmak (ýa-da köpelmek) – bir ýylda ýurtda dogulýanlaryň we ölenleriň sanynyň arasyndaky tapawut demografiki statistikanyň iki esasy bölegidir. Beýleki biri bolsa migrasiýa akymy (ýa-da gaýtgyny). Şu ýylyň başky bäş aýynda rekord pese gaçmak migrantlaryň akymynyň ýiti peselmegi bilen düşündirilýär, iň bolmanda, muny döwlet hasaba alyş gullugy mälim edýär. Bu boljak zat, geçen ýyl migrantlaryň Russiýa gelmegi birden azaldy.
Demograf Alekseý Rakşa ýylyň ikinji ýarymynda ilatyň sanynyň azalmagy pes bolar diýip hasap edýär, sebäbi kowid epidemiýasy azaldy hem-de 2021-nji ýyla garanda, has az adam ölýär. (Alekseý Rakşa Rosstatyň geňeşçisi bolup işläpdi, ýöne koronawirus baradaky döwlet statistikasynyň bolýan şertlere laýyklygyna şübhelenenden soň, 2020-nji ýylda bölümden çykdy).
Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Rakşa bar bolan statistikany seljerip (urşuň başlanaly bäri Rosstat açyk maglumatlary çäklendirýär) demografik üýtgeşmelerde bolup geçýän üýtgeşmeleriň haýsysynyň gysga möhletli we haýsysynyň uzak möhletli bolandygyny düşündirýär hem-de ýakyn ýyllarda Russiýanyň ilatynyň azalmagyny ep-esli derejede dowam etdirjegini aýdýar. Bu ýerde esasy faktor, döwlet çaga dogluş derejesini az höweslendirýär, beýleki bir demografiki çukur bolsa, ýurtda çaga dogurmak ýaşyndaky aýallar az bolansoň, häzirki zaman maşgalalary çagany has giç hem az edinýärler.
Uruş
"Rosstatyň web sahypasyndaky statistikada, urşuň netijelerini görmek mümkin däl. Olary bir ýaşly toparlarda, jyns, sebitler boýunça ölenleriň sanynyň paýlanyşy bilen jikme-jik statistikany görmäge mümkinçilik bolsady,
Rosstat beýle maglumatlary bermegi bes etdi. Ýöne biz mart aýy boýunça 5-6 sebitiň maglumatlaryny almagy başardyk, ol ýerdäki ölüm sanynyň maglumatlary “Mediazona” we beýlekiler tarapyndan ýöredilýän statistika ýa-ha deňeçer, ýa-da pes. Ýitgileriň çäk, mysal üçin, aýda 2-3 müň bolsa, umumylykda ölenleriň sany göze ilmän, ol nätakyklyk fonunda galýar" diýip, Rakşa aýdýar.
Deňeşdirmek üçin: Russiýada ýylyň başynda ölüm derejesi 150 bilen 200 müň adam aralygynda bolupdy. Rakşa ýaşa görä jikme-jik bölünişikde ýigitleriň ölüminiň köpeljekdigini düşündirýär, şeýle-de bolsa ýaşlar garrylardan gaty az ölýär, umumy statistiki maglumatlarda bu ösüşi görmek kyn: "Russiýada ýaş ýigitleriň arasyndaky ölüm derejesi hatda uruş bolmasa-da, ösen ýurtlara garanyňda, birnäçe esse ýokary, şeýle-de bolsa, garrylaryňkydan on esse pes, şonuň üçin umumy fonda, ýaşy boýunça bölünişik ýok bolsa, bu ýagdaý görünmeýär diýen ýaly. Ölenleri öz wagtynda hasaba alýan bolsalar, Burýatiýa, Dagystan, Pskow, Kostroma sebitlerinde ölenleriň umumy sanynyň birneme ýokarlanandygyny görüp bilerdik. Ýöne biz muny göremzok, onsoňam dereksiz ýitenler ölen hasap edilmeýär, sebäbi olar Russiýanyň çäginde däl-de, daşary ýurtlarda öldi. Eger [ölüm hakda] maglumat bolmasa, adam indiki ilat ýazuwyna çenli dirileriň hasabynda durýar" diýip, Alekseý Rakşa düşündirýär.
Şeýle hem Rakşa uruş bilen razylaşmaýan ýa-da urşa alynmagyndan gorkýan adamlaryň köpçülikleýin ýurtdan gitmegini resmi statistikalarda yzarlamagyň mümkin däldigini belleýär. Olar dürli statistiki maglumatlara görä 200 müň töweregi adam hasaplanýar. “Emma biz muny göremzok. Aslynda hemişelik ýaşamak üçin gidýänleriň 80-90%-i öňki ýaşaýan ýerinde hasaba alyş sanawyndan aýrylmaýar” diýip, ol belleýär.
Kowid
“Bu ýyl omikron tolkuny fewral-mart aýlarynda gaty göze ildi. Häzir [täze tolkun] başlaýar, ýöne gaty çalt däl”. Rakşanyň pikiriçe, soňky aýlarda Russiýada kowidiň ölüm derejesi azalýar: “Aprel aýyndan bäri ilkinji gezek bu öňki ýagdaýdan aşak düşdi. Iýun aýyndaky sanlar geçen ýyl bilen deňeşdirilende has gowy, meniň pikirimçe, tutuş şol epidemiýanyň dowamynda, iýun aýy iň gowusy boldy. Belki, häzirki tolkunda ölmeli bolýanlaryň köpüsi öň kowidden ölendir” diýip, bilermen aýdýar.
Dogluş
Rakşa şu ýyl Russiýada dogluş derejesiniň soňky ýyl bilen deňeşdirilende pese gaçmagynyň özi üçin garaşylmadyk ýagdaý bolandygyny aýtdy. Döwlet goldaw maksatnamalarynyň gutarmagynyň öňüsyrasynda, dogluşyň birneme ýokarlanmagyna garaşýan eken: Iň azyndan bir çagasy dünýä inen maşgalalara ýeňillikli ipoteka we üçünji (ýa-da dördünji, bäşinji we ş.m.) çagasy bolan maşgalalar üçin ipoteka üçin 450 müň töleg wada berildi: Rakşanyň bellemegine görä, çagalar hut döwlet maksatnamasyny aňladyp dünýä inmeli, çaganyň ýylyň ahyryna çenli dogulmagy üçin, aprel aýyndan öň göwreli bolmaly.
Çaga dogluş derejesiniň peselmeginiň beýleki bir sebäbi hökmünde kowide garşy köpçülikleýin edilen sanjymlar diýýär: “Waksinasiýa garşy çykýanlar, hamana sanjymyň göwredäki çaga ýaramaz täsir edip biljekdigini aýdyp, aýallary gorkuzdylar, şonuň üçin göwreliligiň sany ep-esli azaldy".
Çukur
Russiýada ilatyň sanynyň azalmagynyň düýpli faktory çaga dogluşynyň azalmagydyr; onuň hem esasy iki sebäbi bar: Russiýada çaga dogurýan aýallaryň sanynyň azalmagy we aýallaryň ortaça ömrüniň dowamynda, dogurýan çagalarynyň sanynyň azalmagy. Ilatynyň köpelmegi üçin bu koeffisiýent ikiden köp bolmaly, ýöne köp ösen ýurtlarda bu has pes we ilat migrantlaryň akymy bilen doldurylýar.
Rakşa şeýle düşündirýär: "Çaga dogurýan aýallaryň sany ýylda 3% azalýar. 90-njy ýyllarda çaga dogluş derejesi 1987-nji ýyl bilen deňeşdirilende, iki esse peseldi, bu bizi henizem biynjalyk eder. 2010-njy ýyldan 2030-njy ýyla çenli çaga dogurýan aýallaryň sany has azalar, bu azalmagyň uly bölegini biz eýýäm başdan geçirdik. 2019-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli her aýal başyna 1,505 çaga boldy, bu ýyl 1,52 garaşýardym, ýöne şu wagta çenli bu tersine, 1,45. Bu erbet duýduryş. Iýun aýynda doglanlaryň sany bir ýyl ozalkydan 9,6% azaldy. Biz göze görnüp duran pese gaçmagy boýun almagyň bosagasynda durýarys".
Döwlet bir gezeklik tölegleriň kömegi bilen çagalary we eýýäm çagasy bolanlary ikinji, üçünji çagany dogurmaga höweslendirdi. Rakşa ikinji çagadan başlap, bu çäreleriň örän täsirli bolandygyny, statistikanyň hem muny aýdyň görkezýändigini aýdýar. Çaga dogurmak boýunça maksatnama 2016-njy ýylda gutarmalydy. Ýöne bir ýyl öň, 2015-nji ýylyň ahyrynda Wladimir Putin maksatnamanyň uzaldylýandygyny habar berdi. "2016-njy ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda (ýagny Putiniň çykyşyndan dokuz aý soň) ikinji çaganyň dogluş derejesi birden peselip başlady. Mende Tatarstanyň grafigi bar, onda ýagdaý gaty aýdyň görünýär.
“Ilkinji çaganyň dogluş derejesi 2015-nji ýyldan bäri pese gaçýar, sebäbi Krym ýagdaýyndan soňky depressiýa, ykdysady çökgünlik, dollaryň ýokarlanmagy, işsizlik – ykdysady meseler täsir etdi. Munuň üstüne köpçülikleýin smartfonizasiýa we beýleki habar maglumatlaryny-da goşmalydyrys. 2019-njy ýylda Russiýada önelgelilik derejesiniň peselmegi ortaça Ýewropa derejesinde durnuklaşdy - her aýala bir ýarym çaga” diýip, bilermen aýdýar.
Ölüm
2010-njy ýyllaryň ortalarynda, ilatyň tebigy ösüşi nola golaýdy, ýöne 2017-nji ýyldan başlap, bar zat pese gaçdy we 2019-njy ýyla çenli minus 300 müňe ýetdi, kowid epidemiýasy bilen 2020-nji ýylda ýarym million çäkden we 2021-nji ýylda milliona ýetdi.
Ilat sanynyň pese gaçmagy diňe bir dogluş derejesiniň peselmegine däl, eýsem ölüm derejesiniň ýokarlanmagyna hem bagly. Russiýada dogluş derejesine täsir eden ykdysady kynçylyklaryň ölüm derejesiniň ýokarlanmagyna hem täsir etjekdigini çaklamak esasly bolar. Rakşa ykdysady faktorlaryň ölümiň ýokarlanmagyna täsir etmeýändigini öňe sürýär: “Hatda ABŞ-da bolup geçen Uly Depressiýa döwrüne we ösen ýurtlaryň ählisine diýen ýaly seretseňiz, ömrüň dowamlylygy ýokarlanýarka ölümiň azalýandygyny görüp bilersiňiz. Russiýada 2010-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda girdejiler ösmegini bes etdi ýa-da birneme azaldy. Emma ýagdaýy Uly Depressiýa bilen deňeşdirip bolmaýar" diýip belleýär.
Russiýada epidemiýadan soňky ýyllarda Moskwadan we uly şäherlerden daşdaky ýerlerde, köplenç medisina kömeginiň elýeterliliginiň azalmagy barada, köp nägilelikler bardy. Şeýle-de bolsa, Rakşa bu faktor ölüm derejesine az täsir etdi diýýär. “Kowid döremezden ozal Russiýada ölüm çalt azalýardy, ömrüň dowamlylygy nukdaýnazaryndan Ukrainadan geçip, Belarusa ýakynlaşyp başlady. Görnüşinden, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýaýramagy, çilim çekmegiň azalmagy, güýçli spirtli içgileriň az içilmegi, "Saglyk" döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi, ýürek we gan damarlaryna intensiw amallaryň sanynyň köpelmegi we ş.m. has köp täsir edendir”.
Immigrasiýa
Rakşa: "Öň bellenip geçilişi ýaly, 2022-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda ilatyň rekord derejede azalmagy migrantlaryň, ýagny "kagyz ýüzündäki" adamlaryň aşa köp gitmegi bilen baglanyşykly diýilýär. “2021-nji ýylyň iýun aýynda daşary ýurt raýatlarynyň migrasiýa sanawyndan, ýene alty aý aýrylyp bilinmejekdigi barada, prezidentiň karary bardy, sebäbi kowid zerarly serhetler ýapyldy. Geçen ýylyň ägirt uly migrasiýa ösüşi kagyz ýüzündedi, adamlar hasaba alynmazdan gidýärdiler ýa-da gitmän galýardylar, olaryň ýarym ýyl galmagyna rugsat berlipdi. Meniň hasaplamalaryma görä, bu (esasan Merkezi Aziýadan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan) takmynan 205 müň adamdy. Şu ýyl bu 205 müňüň hemmesi azalmak çäklerine girer. Bu ýyl bolsa migrasiýa azalyp biler ýa-da az-kem ýokarlanar ". Uzak möhletleýin perspektiwada Russiýa migrantlaryň gelmegi dowam eder diýip, Rakşa çaklaýar.
“Iş ýüzünde Merkezi Aziýa Russiýa üçin ýeke-täk uly migrasiýa ätiýaçlygy bolup galdy, başga ýurtlardan hiç haçan Russiýa beýle köp migrant gitmez. Merkezi Aziýada çaga dogluş derejesi ýokarlanýar hem ilatyň köpelmegi çaltlaşýar. 1950-nji ýylda Russiýa garanyňda, Merkezi Aziýada çaga birnäçe esse az dünýä indi, indi bolsa has köp. Basym diňe Gazagystanda we Özbegistanda tutuş Russiýa Federasiýasyna garanyňdan, has köp çaga dünýä iner. Ýene 20 ýyldan şol döwürde Russiýada umuman kadaly ýagdaý bolsa, migrasiýa basyşynyň hasam artjakdygyny göz öňüne getirip bolar. Russiýada ykdysady kynçylyklar bolmasa, has köp adam gelerdi".
Ýylda ýarym million azalmak
Rakşa 2021-nji kowid sebäpli rekord derejede ýylda bir milliondan gowrak ilat ýitirilenden soň, gowulaşma boljakdygyny çaklaýar. Ýöne uzak möhletli tendensiýa üýtgemedi, Russiýa henizem demografiki çukurda, Rakşanyň pikiriçe, onuň iň ýokary derejesi 2030-njy ýylda bolar.
Ykdysadyýet we demografiýa
Rakşa ykdysady ýagdaýyň iň güýçli demografiki faktorlardan biridigini aýdyp, ilatyň sarp edýän pul girdejileriniň dinamikasy bilen ikinji we üçünji çaganyň dogluş derejesiniň arasynda ýokary baglanyşygyň bardygyny öňe sürýär (birinji çagany edinmäge başga täsirler bar, ol ykdysady ýagdaý bilen baglanyşykly däl). Muny subut etmek üçin grafik getirýär:
Rakşanyň sözüne görä, uruşdan döreýän ykdysady çökgünlik we maşgalany höweslendiriji programmalaryň azalmagy "täsin tupana" sebäp bolup biler: “2022/2023-nji ýylyň çäginde hemme zat birbada jemlenip, täsin tupan bolar: uruş başlanandan 9 aý soňra-da, käbir raýatlar muňa derrew düşünmediler, käbirleriniň çakdanaşa güýçli çaklamasy bolup, serhetden aňry gaçdylar, her niçigem bolsa, islendik ýagdaýda, höweslendiriji maksatnamalar uruş sebäpli gutarmalydyr. Uruş inflýasiýanyň ýokarlanmagyna getirdi. Men gaty uly şowsuzlyga garaşýaryn. Ähli faktorlara ýaramaz täsir eder”.
“Bize has köp çagalar bagynyň gerekdigi, aýallaryň işini we okuwyny çaga seredijiler bilen birleşdirmegine rugsat bermek üçin, döwlet tarapyndan tassyklanan eneler guramasynyň gerekdigi düşnüklidir. Bu gowy zat, ähli ýurtlarda işleýär. Ýöne bu zatlaryň ählisini dolandyrmak kyn, biziň ýolbaşçylarymyz kütek, olar muny başarmaýarlar. Ikinji ýa-da üçünji çaga üçin bir million ýa-da bir ýarym million tölegiň öwezini dolmak – bu düşnükli, ol peýdaly, munuň işleýändigi eýýäm subut edildi. Bu dogluş derejesini ýokarlandyrmagyň iň aňsat we iň çalt usulydyr, özem bu uzak wagtlyk.
Enelik kapitaly girizilende, biz muny gördük. Şeýle hem ölüm derejesini azaltmagyň iň aňsat we çalt usuly: güýçli alkogol içgileriň hem çilimiň bahalaryny ýokarlandyryp, düýpli päsgelçilik döretmeli, olaryň satuw nokatlarynyň sanyny azaltmaly, kontrabanda, bikanun önümçilige we onuň satuwyna garşy göreşi hasam güýçlendirmeli. Eýsem bu demografiki syýasat däl-de, sosial syýasat bolar. Ýagny, diňe köp çaga dogurmak däl, çagalar bilen has gowy ýaşamakdyr. Durmuş syýasaty demografik meseleden has gymmatly. Eger siz demografiki syýasaty isleýän bolsaňyz, onda bir ýagdaý, sosial ýagdaýy isleseňiz, başga çäreler zerur. Ýa-ha siz çagalaryň sanyny köpeldýärsiňiz, ýa-da olaryň durmuşyny ýeňilleşdirýärsiňiz. Elbetde, munuň ikisini hem edip bolar, onuň üçin diňe has köp pul gerek" diýip, Alekseý Rakşa aýdýar.
Walentin Baryşnikow, AÝ/AR-nyň Rus gullugy
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum