Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkekde ogurlanan Orhan Inandy Türkiýede 21 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan Orhan Inandanyň tutulandygyny yglan edýär, 2021-nji ýylyň iýuly.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan Orhan Inandanyň tutulandygyny yglan edýär, 2021-nji ýylyň iýuly.

Ankara şäherinde Türkiýäniň Ýokary kazyýeti Orhan Inandyny "ýaragly terror guramasyny dolandyrmakda" aýyplady we oňa 21 ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasyny berdi.

Gyrgyzystanyň pasportyny alan Türkiýäniň bir ýaşaýjysy Gyrgyzystan Respublikasynda "Sapat" (öňki ady "Sebat") halkara okuw-bilim ulgamyny esaslandyrdy. Ulgam liseýler toplumyny, birnäçe mekdepleri we uniwersiteti öz içine alýardy.

Kazyýet diňlenişiginiň dowamynda aýyplanýan özüne garşy bildirilen aýyplamalary inkär edip, özüniň Gyrgyzystan Respublikasynyň raýaty bolandygyny ýatlatdy hem-de ýolbaşçylyk eden bilim guramalarynyň terror toparlary bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny aýtdy.

Soňky 7 ýylyň dowamynda, resmi Ankara Bişkekden bilim edaralaryny, şol sanda “Sapat” lyseýini ýapmagy talap edýär, sebäbi olar FETO (FETO – Fethullah Terror Organisation, ýagny Fetullaçy terror guramasy) bilen gatnaşykly hasaplanýar. Türk häkimiýetleri ABŞ-da sürgünlikde ýaşaýan türk oppozisiýa syýasatçysy Fetulla Güleniň hereketini 2016-njy ýylda döwlet agdarylyşygyny gurnamaga synanyşykda aýyplap, şeýle atlandyrýarlar.

«Men – Gyrgyzystanyň raýaty»

Orhan Inanda höküm çykarylan diňlenişik 16-njy iýunda geçirildi. Türkiýäniň "Ýenişafak" neşiriniň beren habaryna görä, kazyýet diňlenişiginde aýyplanýan özüniň esaslandyran bilim pudagynyň terror guramalary bilen hiç hili gatnaşyk saklamaýandygyny beýan edip şeýle diýipdir:

«Şaýatlaryň köpüsi meniň kanunyň bozulmagy bilen hiç hili baglanyşygymyň ýokdugyny tassykladylar. Meni Gyrgyzystanda hemmeler tanaýar, men ol ýurduň raýaty. Kanuna garşy men hiç bir iş etmedim. Maňa "ByLock” ulgamyny ulandy” diýilýäni ýalan. Eger men hakykatdanam günäkär bolsam, näme üçin siz Interpola ýüzlenmediňiz? Näme üçin meni Interpolyň üsti bilen (Türkiýä) getirmediňiz? Men Türkiýede okap hem işläp ýören ýyllarym hiç hili bikanun işlere baş goşmadym. Bu gün men bu ýerde, sebäbi öz watanymy söýýärin hem oňa guwanýaryn».

Şol bir wagtda Orhan Inandy özüniň ahyrky sözünde aklanmagyny sorady:

«Men hiç haçan hiç bir jenaýat işi bilen gatnaşykly bolmadym. Men diňe ýurduma we halkyma peýda getirdim. Milletimize we adalata bolan ynanjymy ýok etmersiňiz diýip umyt edýärin. Men günäsiz bolsam-da, soraga çekilýändigime gaty gynanýaryn. Näme etsem-de, ýurdum üçin etdim, şonuň üçinem ökünmeýärin. Maňa garşy bikanun we adalatsyz aýyplamalary ýaýradýan şu kazyýetden aklanmagymy we azatlygy talap edýärin».

Bişkekde ýitirim bolup, Ankaradan tapylan Inandy

Orhan Inandy 2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda, Bişkekde ýitirim boldy. 5-nji iýulda bolsa Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan Türkiýäniň ýörite gulluklarynyň ony ýurda getirendigini habar berdi. Erdogan ony “FETO-nyň Merkezi Aziýadaky dolandyryjysy” atlandyrandan soň, Ankara prokuraturasy oňa garşy "terror guramasyny dolandyrmakda" aýyplama bildirip, onuň üçin 22 ýyl türme tussaglygyny talap edipdi.

Orhan Inandy Bişkekde ýitirim bolansoň, GR-niň Jenaýat kodeksiniň 170-nji maddasy ("Adam ogurlamak") boýunça iş açyldy. Onuň aklawçysy Halil Ybraýym Ýylmaz öz wagtynda "ony ogurlamak operasiýasyny gyrgyz milletinden üç adam amala aşyrdy" diýip, Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna gürrüň beripdi.

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow gyrgyz häkimiýetleriniň Orhan Inandanyň tiz arada Gyrgyzystana gaýdyp gelmegini Ankaradan talap etjekdigini aýtdy. Ol 2021-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen metbugat ýygnagynda, Orhan Inandanyň ogurlanmagynda, ýerli häkimiýetleriň wekilleriniň hem günäsiniň bardygyny boýun aldy.

Şunuň bilen baglylykda, Gyrgyzystan Respublikasynyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň başlygy Kamçybek Taşiýew Türkiýäniň kanun goraýjy edaralarynyň Orhan Inandyny kanuny ýagdaýda jogapkärçilige çekip biljekdigini, sebäbi onuň gyrgyz raýatlygyny alanda, türk pasportyndan ýüz öwürmändigini belläp geçdi.

BMG-niň Gynamalara garşy komiteti bolsa, ogurlanyp Türkiýä getirilen Orhan Inandynyň tussag edilmeginde, Gyrgyzystanyň günäsiniň bardygyny tassyklady.

"Inandyny tapjakdygyna" söz beren adam kazyýetde aklandy

2021-nji ýylyň tomsunda Orhan Inandy Gyrgyzystanda ýitirim bolanda, MHDK-nyň işgäri hökmünde özüni görkezen bir adam töleg berilse, ony tapjakdygyna söz berdi. Kloop neşiriniň maglumatyna görä, ol adam Inandynyň hossarlaryndan 50 müň dollar we Subaru Impreza maşynyny alypdyr. Emma soň ony tussag edip, GR-niň Jenaýat kodeksiniň "Kezzaplyk" maddasy boýunça jenaýat işini açdylar.

Derňew işiniň barşynda ol aýyplanma "Ynanylan emlägi adyňa geçirmek ýa-da harç etmek” maddasy bilen çalşyldy we Bişkek şäheriniň Swerdlow etrap kazyýeti ony bäş ýyl türme tussaglygyna we 70 müň som jerime tölemäge höküm etdi.

Emma Bişkek şäher kazyýeti güman edilýäni jenaýat işine delil bolmandygy sebäpli aklady. 2022-nji ýylyň oktýabrynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Ýokary kazyýeti şol hökümi tassyklady.

Soýlu: Häzirki wagtda 19 252 adama jezasyny çekýär

Resmi Ankara 2016-njy ýylyň iýul aýynda, 300-den gowrak adamyň ölümine sebäp bolan şowsuz döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň arkasynda, ABŞ-da ýaşaýan Fetulla Gülen we onuň “Hizmet” hereketi bar diýip hasap edýär. Türkiýe ony FETO atlandyrylyp, terrorçy hasaplaýar we onuň müňlerçe tarapdarlary tussag edildi.

Türkiýäniň Içeri işler ministri Suleýman Soýlu 2022-nji ýylda metbugat ýygnagynda şeýle diýdi: "Bu gurama gatnaşykda şübhelenip, jemi 332 müň 884 adam saklandy. Olardan 100 müňden gowragyna aýyplama bildirildi, 19 müň 252 adam bolsa türme jezasyny çekýär".

Şeýle-de, türk häkimiýetleri resmi Waşingtondan Fetulla Güleniň berilmegini talap edýär. Emma soňky aýyplamalar ret edilip, döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň häkimiýetleriň özleri tarapyndan planlaşdyrylandygy aýdyldy.

Şol wakalardan soň Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan FETO bilen baglanyşykly guramalaryň we bilim edaralarynyň ýapylmagyny köp sanly ýurtdan, şol sanda Gyrgyzystandan talap edip başlady, şeýle hem bu guramanyň agzalarynyň özüne berilmegini öňe sürdi.

Muňa jogap edip, resmi Bişkek “Sebat” halkara bilim edarasynyň Gyrgyzystan Respublikasynyň Bilim we ylym ministrliginiň hataryna goşulandygyny, okuw meýilnamasynyň bolsa döwletiň gözegçiliginde durýandygyny ýatlatdy. 2017-nji ýylda bu ulgam ýerli gurama hökmünde gaýtadan hasaba alyndy we ol täzeçe – "Sapat" atlandyryldy.

Gyrgyzystanyň şol wagtky prezidenti Almazbek Atambaýewiň boýun gaçyrmagy Bişkek bilen Ankaranyň arasyndaky gatnaşyklaryň sowaşmagyna sebäp boldy. Soňra Sooronbaý Jeenbekowyň ýurdy dolandyran döwri 2018-nji ýylyň aprel aýynda, onuň Ankara saparynyň çäginde, Türkiýe “Sapata” alternatiwa hökmünde “Maarif” bilim mekdeplerini açmagy teklip etdi. Ol ilkinjileriň hatarynda, 2021-nji ýylda Bişkekde öz işine başlady.

Şeýle-de bolsa, türk tarapy häzirki wagtda Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow bilen “Sapaty” ýapmak meselesini dowam etdirýär.

Halkara okuw merkezi bolan "Sapat" Gyrgyzystanyň ähli künjeklerinde bolup, 16 sany liseý-internat mekdebini öz içine alýar. Iki sany halkara mekdep – Silk Road bilen Cambridge, şeýle hem Bişkekde Atatürk-Alatoo halkara uniwersiteti we 4 sany orta mekdep bar. Häzirki wagtda bu ulgamyň 30% paýy Gyrgyzystan Respublikasyna degişlidir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG