19-njy ýanwarda Russiýanyň Başkortostan respublikasynyň paýtagty Ufada ýüzlerçe adam dört ýyl tussaglyga höküm edilen aktiwist Fail Alsynowa goldawyny äşgär etmek üçin toplandylar. Alsynow 17-nji ýanwarda “etniki ýigrenji öjükdirmekde” günäli tapyldy. Şol pursat, Baýmak şäherindäki suduň binasynyň daşynda müňlerçe adam aktiwisti goldap, demonstrasiýa geçirdi we polisiýa bilen çaknyşdy.
Protestçiler başkyr dilinde aýdymlary aýtdylar we olara gözegçilik edip duran polisiýadan arany daşlaşdyrmak üçin halka gurap, tans etdiler. Olar polisiýa Ufanyň Salawat Ýulaýew meýdançasynda diňe gezelenç etmäge gelendiklerini aýtdylar.
Muňa garamazdan, polisiýa ondan hem aşa adamy saklady. Olaryň arasynda Başkortostanyň baýdagyny göterip duran bir erkek kişi we arkasynda “Kara Halyk”, ýagny “adaty halk”, emma başkyrça gönümel “gara halk” diýmegi aňladýan ýazgyny ýerleşdiren bir ýaş zenan hem bar.
Bu söz düzümi Alsynowyň işinde ulanyldy. Derňewçiler muny “kemsidiji” diýip häsiýetlendirler. Ýogsa aktiwistiň özi we onuň goldawçylary bu söz düzüminiň kadaly terjimesiniň ulanylmagyny talap edipdiler.
Demonstrantlar saklanan dört protestçiniň oturdylan polisiýa ulagynyň öňüne böwet bolmaga synanyşdylar. Netijede kanun goraýjylar bilen kiçi ýakalaşma dörese-de, polisiýanyň ulagy saklananlar bilen sebiti terk edip bildi.
Mundan bir gün öň, Başkortostanyň polisiýasy “rugsat berilmedik jemgyýetçilik toplanmalaryna we ýörişlerine” garşy duýduryş çap edip, munuň kanuny netijeleriniň boljakdygyny aýtdy.
Resmi maglumata görä, 17-nji ýanwarda Baýmak şäherinde Alsynowyň goldawyna geçirilen ýörişe gatnaşany üçin, 19-njy ýanwarda 17 adama sekiz günden 15 güne çenli tussaglyk berlipdir.
Alsynowyň işi bilen bagly ýagdaýlar 15-nji ýanwarda dartgynlaşyp başlady. Şol gün Baýmak şäheriniň sudunda Alsynowa höküm çykarylmaly wagty, 5 müň töweregi adam binanyň daşynda jemlenipdi. Emma sud hökümi iki gün yza süýşüripdi.
17-nji ýanwarda müňlerçe adam ýene-de suduň binasynyň daşynda ýygnandylar. Alsynowa dört ýyl türme tussaglyk berlenden soňra, polisiýa bilen çaknyşyklar döredi. Kanun goraýjylar protestçileri zor bilen dargatmak üçin rezin dürbeleri, göz ýaşyrdyjy gazy, seňsilediji grantlary dagy ulandylar. Başkortostan resmileri hadysada 40 adamyň, şol sadan polisiýanyň 22 işgäriniň ýaralanandygyny aýtdylar.
Alsynowa garşy derňewi Başkortostanyň Kreml tarapyndan goldanylýan lideri Radiý Habirow başlatdy. Ol aktiwisti “etniki ýigrenji öjükdirmekde”, şeýle-de “hökümete garşy protestleri geçirmäge çagyrmakda we ekstremistiki hereketlerde” aýyplady.
Soňy bilen, Alsynow diňe ýigrenji öjükdirmekde aýyplandy. Bu onuň 2023-nji ýylyň aprelinde Işmurzino obasynda geçirilen ýörişiň dowamynda eden çykyşy bilen ilteşiklidir. Alsynow şonda häkimiýetleriň obanyň golaýynda altyn önümçiligini ýola goýmak planlaryny tankytlapdy we munuň sebite migrant işçilerini çekjekdigini aýdypdy.
Derňewçiler Alsynowyň çykyşynda “Kawkazyň we Merkezi Aziýanyň halklaryny ýaramaz häsiýetlendirip, olaryň abraýyny kemsitmekde” aýypladylar. Alsynow we onuň goldawçylary aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp, olary ret etdiler.
19-njy ýanwarda Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Boşkortostandaky ýagdaýlary teswirläp, “ol ýerde köpçülikleýin bidüzgünçilikler ýok” diýdi.
Forum