Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatdan Gazana biletleiň bahasy görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlandy


Awiakassa. Aşgabat (arhiw suraty)
Awiakassa. Aşgabat (arhiw suraty)

Aşgabatdan Gazana uçar biletleriniň bahasy ýene ýokarlandy. Indi bir taraplaýyn biletiň bahasy 1186 ABŞ dollaryna barabar boldy. Türkmenistandan Russiýa barmak üçin uçar biletleri uly kynçylyklar bilen tapdyrýar.

Uçar biletlerini ýokary bahadan hem satyn almak gaty kyn bolýar, satuwda bilet ýok. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçynyň sözlerine görä, kassada bilet satyn almak tas mümkin däl, şeýe-de onlaýn satyn almak mümkinçiliginiň göz öňünde tutulmagyna garamazdan, ondan iş ýüzünde peýdalanmak elýeterli däl.

"Biletler hamala onlaýn satylýar diýilýär, emma olar belli bir usul bilen satuwa çykarylýar. Ýönekeý adama ony satyn almak mümkin däl. Hakykatda bilet ýok" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 3-nji sentýabrda habar berdi.

Habarçylaryň we çeşmeleriň maglumatlaryna görä, biletleri diňe tanyş arkaly ýa-da para berip, alyp bolýar.

"Olar gijelerine dürli wagtlarda satuwda çykarylýar we yzygiderli häsiýetde bolmaýar. Muny "ýagdaýdan" habarly adamlar gowy bilýärler, köplenç olar işgärleriň garyndaşlary ýa-da tanyşlary bolup, biletleri satyn alyp goýýarlar, soň biletler araçylar arkaly satylýar. Bahalaram ýokarlanýar " - diýip, Aşgabatdaky çeşme aýdýar.

Häzirki wagtda Aşgabatdan Gazana bir taraplaýyn biletiň bahasy 23000 manada ýetdi, gara bazaryň nyrhy boýunça bu 1 186 amerikan dollaryna, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursy boýunça bu 6 571 amerikan dollaryna barabar bolýar. Bir aýdan gowrak wagt mundan öň bu ugurdan gatnaýan uçar biletleriň bahasy bir ugra 5000 manatdy.

"Türkmenistan howa ýollarynyň" Aşgabat - Gazan - Aşgabat marşrutlaryndaky uçar biletleriniň bahasynyň ýokarlanmagy, onuň awgustyň başynda Aşgabat we Moskwa arasyndaky uçuşlary togtatmagyndan soň başlanypdy. Kompaniýa öz kararyny Russiýanyň paýtagtynda pilotsyz hüjümlerden soň "Moskwa howa zonasyndaky howa ýagdaýy" bilen düşündirdi.

Aşgabatdan Moskwa uçuşlary häzirki wagtda diňe Russiýanyň "S7" kompaniýasy amala aşyrýar, onuň uçar biletleriniň bahasy hem soňky bir aýda gymmatlady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary awgust aýynyň birinji ýarymynda "S7"-niň Moskwa uçmagyny dowam etdirýän ýeke-täk awiakompaniýa bolansoň biletleriň takmynan 30% gymmatlandygyny habar berdiler. Awgust aýynyň ortalarynda onuň Aşgabatdan Moskwa biletleriniň bahasy 700 dollara barabar bolan bolsa, soňra 900 dollara çykdy.

Azatlyk "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň wekillerinden teswir alyp bilmedi. Şol bir wagtyň özünde, habarçylaryň magumatlaryna görä, Aşgabadyň bilet kassalarynda şikaýatlara seretmek boýunça hyzmat ýola goýlupdyr, emma bu bilet satyn almakda hiç hili kömek bermeýär.

"Mundan başga-da, kassanyň binasynda penşenbe güni hepdede bir gezek raýatlary kabul etmek boýunça üç adamlyk komissiýa işleýär. Kabul edilmek üçin nobata durup, talon almaly. Adamlar şeýdip, ýarym gün nobata durýarlar. Emma soň olara kömek bermekden ýüz öwürýärler we biletiň ýokdugyny aýdýarlar" - diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Türkmenistanlylar Russiýa köplenç okamak, pul gazanmak we bejergi almak üçin gidýärler, olaryň arasynda hemişelik göçüp gidýänler hem bar.

Türkmenistandan Russiýa uçar biletleriniň ýetmezçiligi we ýokary bahasy sebäpli köpler aýlaw ýollaryny gözleýärler. Hususan-da, soňky aýda türkmen raýatlary beýleki ýurtlara barmak üçin goňşy Özbegistanyň üstünden köp gidýärler.

Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky statistika gullugynyň habaryna görä, şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda Özbegistana baran türkmen raýatlarynyň sany 40 000 adama ýetipdir.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG