ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Ukrainanyň paýtagty ýene bir gezek rus raketalarynyň nyşanasy bolanyndan birnäçe sagat soň, öňünden habar berilmedik sapar bilen Kiýewe geldi.
Döwlet departamenti Blinkeniň 6-njy sentýabrdaky saparynyň maksady barada hiç hili beýanat çap etmedi, ýöne bu sapar uruş döwründe harby şertnamalar bilen baglylykda güýçlenen korrupsiýa aladalarynyň arasynda, prezident Wolodymyr Zelenskiniň Goranmak ministrliginde yglan eden uly kadr çalyşmalarynyň yz ýanyna gabat geldi.
ABŞ-nyň ady aýdylmadyk resmileri “Associated Press” habar gullugyna we CNN-e Blinkeniň saparynyň Ukrainanyň 3 aýlyk garşylykly hüjümine baha bermek we ABŞ-nyň Kiýewi goldamagyny dowam etdirýändigini yşarat etmek üçin guralandygyny aýtdylar.
Resmiler Blinkeniň 175 million dollar bilen 200 million dollar aralygyndaky täze harby kömek bukjasyny yglan etjekdigini, has uly kömek bukjasynyň bolsa şu hepdäniň aýagynda yglan edilmegine garaşylýandygyny aýtdylar.
Döwlet departamentiniň metbugat sekretarynyň habar bermegine görä, Kiýewe otly bilen gelen Blinken syýahat wagtynda Daniýanyň premýer-ministri Mette Frederiksen bilen duşuşdy we oňa Ukraina bagyşlaýan F-16 uçarlary we ukrain uçarmanlaryna beriljek tälim üçin sagbolsun aýtdy.
Metbugat habarlaryna görä, Blinken gelip, ýurt goragynda wepat bolan ukrain goragçylarynyň hatyrasyna Kiýew gonamçylygynda gül dessesini goýdy.
"Biz Ukrainanyň diňe bir garşylykly hüjümde üstünlik gazanmagy üçin däl, eýsem uzak möhletli ýagdaýda nähili zerurlyklarynyň bardygyna göz ýetirmek isleýäris" diýip, Blinken Kiýewde, Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kulebanyň ýanynda žurnalistlere beren interwýusynda aýtdy.
"Şeýle-de, biz öz hyzmatdaşlarymyz bilen güýçli ykdysadyýeti, güýçli demokratiýany gurmak we täzeden gurmak babatyndaky işlerimizi dowam etdirmek kararyna geldik" diýip, ol aýtdy.
Blinkeniň Ukraina edýän häzirki sapary Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan giň gerimli çozuşyndan bäri Kiýewe edýän dördünji, 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri bolsa ilkinji saparydyr.
Ukraina indi üç aý bäri rus güýçlerine garşy uly garşylyk hüjümini alyp barýar we onuň urşuň depginini düýpli üýtgetmägine umyt baglaýar.
Ukrain güýçleri günortadaky Zaporižýa sebitinde we gündogar Donetsk sebitinde belli bir derejede öňegidişlik gazanan hem bolsa, ilerleme kiçi boldy.
Ukrainanyň günbatarly tarapdarlarynyň käbiri bu hüjümiň haýallygyndan nägileligini bildirdi.
Russiýa Blinkeniň garaşylmadyk saparynyň öňüsyrasynda paýtagt Kiýewi ýene-de bir gezek ganatly raketa nyşanasyna aldy.
Kiýew şäher harby dolandyryş gullugynyň başlygy Serhiý Popko Telegramda howa goragynyň bu raketalary urup gaçyrandygyny, irden edilen hüjümde şähere hiç hili zyýan ýetmändigini, adam ýitgileriniň çekilmändigini aýtdy.
Izmaýilde, Odesanyň günorta-günbataryndaky Dunaý portuna edilen üç sagatlyk dron hüjümlerinde azyndan bir adam öldi diýip, sebit häkimi Oleh Kiper Telegramda aýtdy.
Ol porta we oňa ýanaşyk oba hojalyk infrastrukturasyna zyýan ýetendigini aýtdy.
Izmaýil NATO agzasy bolan Rumyniýa bilen serhetde ýerleşýär hem-de Russiýa iýul aýynda, BMG-niň araçylyk etmeginde baglaşylan we ukrain önümleriniň deňiz arkaly eksport edilmegine ýol açan ylalaşykdan çykaly bäri Ukrainanyň oba hojalyk önümleriniň daşary ýurtlara iberilmeginde esasy ugra öwrüldi.
Gara deňiz däne şertnamasyny dikeltmek baradaky gepleşikleriň dowam etmeginiň arasynda, Russiýa soňky hepdelerde Ukrainanyň Odesa we Mikolaýiw sebitlerine edýän hüjümlerini güýçlendirdi.
Blinkeniň ukrain resmileri bilen boljak duşuşyklarynda ukrain dänesi üçin alternatiw eksport ugurlary meselesine hem seredilmegine garaşylýar.
Ukrain resmileri şu hepdäniň başynda rus pilotsyz uçarlarynyň Rumyniýanyň çägine hem zarba urandyklaryny öňe sürdüler, emma Buharest muny "düýbünden ret etdi”.
Rumyniýanyň prezidenti Klaus Iohannis 5-nji sentýabrda hüjümleriň ýurduň serhedine "örän ýakyn" bolandygyny aýtdy.
Blinkeniň sapary Kiýewe 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri edýän ilkinji sapary bolup, Zelenskiniň öz hökümetiniň Ukrainada dowam edýän korrupsiýasynyň soňuna çykmakda ýeterlik tagalla etmeýändigi baradaky aladalary aradan aýyrmak synanyşygyny edýän wagtyna gabat geldi.
Korrupsiýa garşy aktiwistler we käbir kanun çykaryjylar ýarag şertnamalary hem-de satyn alyş proseduralary barada dörän soraglary orta atdylar. ABŞ-nyň käbir kanun çykaryjylary, Ukrainanyň uruşda ulanýan harby enjamlarynyň iň uly hemaýatkäri bolan ýurduň wekilleri hem bu korrupsiýa barada alada bildirdiler.
Geçen aý Zelenski, harby gulluga çagyrylmaly erkekleriň bikanun ýurtdan çykmagyna ýol berilýändigi baradaky soraglaryň arasynda, harby gulluga çagyryş merkezleriniň başlyklaryny işlerinden boşatdy. Ukrainanyň goranmak ministriniň orunbasary hem, korrupsiýa aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolanyndan soň, işinden çekildi.
Zelenski şu hepdäniň başynda Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan giň gerimli çozuşyndan bäri goranmak ministri bolup işlän Oleksi Reznikowy wezipesinden boşatdy.
Ak tamyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jeýk Saliwan geçen hepde Ukrainanyň üç sany ýokary derejeli resmisi bilen duşuşyp, uruş döwründäki korrupsiýa garşy göreş meselesini ara alyp maslahatlaşdy.
Forum