Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda ýetimhanadaky ýaş gyzlary zorlamak bilen bagly işe täze aýyplamalar girizilip bilner


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Özbegistanyň Ýokary kazyýeti ýetimhananyň okuwçylary bilen jynsy gatnaşykda aýyplanan, Horezmdäki öňki emeldarlaryň jenaýat işini goşmaça barlamak üçin, prokurora yzyna gaýtardy. Günäkärlenýänlere garşy täze aýyplamalary mälim etmek we bu iş boýunça başgalary adalata çagyrmak meýilleşdirilýär.

Bu barada Özbegistanyň Ýokary kazyýetiniň metbugat gullugy habar berdi. 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde, Özbegistanyň Ýokary kazyýetiniň Jenaýat bölümi höküm edilen iki wezipeli adama garşy çykarylan köne hökümiň ýatyrylyp, ony ýaňadan barlamak üçin, Daşkent şäheriniň kazyýetine gaýtaryp berdi. Diňlenişik ýapyk gapylaryň arkasynda geçirildi.

Prokuroryň täze jenaýat işiniň başlanmagy üçin materiallaryň iberilmegini we işe gaýtadan seredip, jenaýata dahylly beýleki adamlar dogrusynda, jenaýat işiniň açylmagyny we olary jogapkärçilige çekmek we aýyplama bildirmek baradaky eden haýyşyny Kazyýet agzalarynyň kanagatlandyrandygyny Ýokary kazyýetiň wekili Aziz Abidow 18-nji iýulda mälim etdi.

Barlaglar sebäpli kazyýet diňlenişigi bir aý möhlet bilen saklanansoň, iş ýene-de Horezm welaýatynyň prokuraturasyna iberildi.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň mart aýynda, Horezmdäki "Rehimdarlar öýüniň" üç okuwçysynyň zorluga duçar edilendigi hakdaky waka ýüze çykanda, halk köpçüligini haýran galdyrdy. Welaýat adalat bölüminiň we etrabyň adatdan daşary ýagdaýlar bölüminiň ýolbaşçylary üç ýaş gyzy on aýyň dowamynda, jynsy gatnaşyklara mejbur edip gelipdir. Bu waka sosial ulgamlarda we köpçülikleýin habar serişdelerinde ýaýrandan soň, Hywa etrap kazyýetiniň geçen ýylyň sentýabr aýynda, ol iki emeldary 1,5 ýyl azatlykdan çäklendirmek hakyndaky çykaran hökümine garşy Horezm welaýatynyň prokuraturasy protest bildirdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň pikirine görä, eger-de kazyýet aýyplanýan adamlaryň hereketlerine has agyr maddalara laýyklykda gaýtadan garamasa, onda jeza şertleriniň möhleti köp üýtgemeýär. Sebäbi Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 128-nji maddasynyň sanksiýasynda, has ýumşak temmi berilýär.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň 11-nji aprelinde Özbegistanda aýal-gyzlaryň bähbitleriniň goralmagyny berkitmek boýunça, täze kanun güýje girdi.

Täze kanunçylyga laýyklykda, kämillik ýaşyna ýetmedikleri jynsy gatnaşyklara ýa-da azgynçylyga mejbur etmekde günäli tapylan adamlar şertli ýagdaýda möhletinden öň boşadylmagyna ýa-da olaryň jezasynyň has ýumşak görnüşe üýtgedilmegine ýol berilmeýär, olar has agyr jezalara sezewar edilip bilner. Mundan başga-da, Özbegistanda jynsy zorluk edýänleriň sanawy düzüler.

Graždan aktiwistleriň pikirine görä, Horezmiň öňki resmileriniň işine Daşkent şäher kazyýetiniň çykarjak hökümi täze kanunyň iş ýüzünde nähili netije berjekdigini görkezer.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG