Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ruslaryň gol astyndaky Sewastopol partlama bilen sarsyldy, gündogar Ukrainada uruş möwjeýär


Russiýanyň Gara deňiz floty Moskwa tarapyndan anneksiýa edilen Krym sebitinde strategiki taýdan ähmiýetli bolan Sewastopol şäherinde ýerleşýär.
Russiýanyň Gara deňiz floty Moskwa tarapyndan anneksiýa edilen Krym sebitinde strategiki taýdan ähmiýetli bolan Sewastopol şäherinde ýerleşýär.

Rus güýçleri gündogardaky ukrain pozisiýalaryna we ilatly nokatlara garşy täze hüjüm tolkunlaryna girişdi diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştaby 8-nji dekabrda aýtdy. Russiýanyň Moskwa tarapyndan anneksiýa edilen Krym sebitindäki Gara deňiz flotynyň ýerleşýän ýeri bolan we strategiki taýdan ähmiýetli Sewastopol portunda güýçli partlama barada habar berildi.

Baş ştab özüniň gündelik hasabatynda Rus güýçleriniň Donetskde, hususan-da Bahmut we Awdiýewkada, hem-de Luhanskda ukrain pozisiýalaryny bombalamagy we üznüksiz raketa hüjümlerini dowam etdirendigini aýtdy. Moskwa Luhanskda Stelmahiýewka we Plosçanka obalarynyň töwereginde hüjümi güýçlendirýär.

Ruslar demirgazyk-gündogar Harkow sebitinde rus serhedine birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýän Ternowa obasyna hüjüm etdiler.

Şeýle-de, ukrain goşuny rus basybalyjylarynyň Melitopolda we Zaporižýada ýerli ilaty mobilizasiýa edip başlandygyny aýtdy.

Ol ýerde harby gulluk ýaşyna ýeten erkek adamlar üçin, ýakyn wagtda harby komissarlyga gelmek talaby bilen, mobilizasiýa buýruklary çykarylýar diýip, ukrain goşuny aýtdy.

Sewastopolda 8-nji dekabr güni irden şäheriň merkezi parkynda güýçli partlama sesi eşidildi diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň korrespondentleri habar berdi we partlamadan birnäçe sekunt öň raketa iberilende çykýan sese meňzeş sesiň eşidilendigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Sewastopola Moskwanyň diken administratory Mihail Razwožaýew bu partlamanyň “dronyň urlup ýykylmagy” netijesinde bolandygyny aýtdy.

Razwožaýew Telegramda Russiýanyň Gara deňiz flotynyň Gara deňziň üstünde pilotsyz howa ulagyny urup ýykandygyny aýtdy.

Ol dronyň kime degişli bolandygyny takyklaşdyrmady.

Sewastopol awgustdan bäri birnäçe gezek partlamalar bilen nyşana alyndy, rus häkimiýetleri bu partlamalara ukrain dron hüjümleriniň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Donetskiň Kurahowa şäherçesine 7-nji dekabrda edilen rus hüjüminde azyndan 10 adam öldi diýip, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski özüniň gijeki wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Zelenski bu hüjümiň “örän rehimsiz we düýbünden hasaplanylandygyny” hem-de bazarda, bugdaý saklawhanasynda, ýangyç bekedinde, awtobus duralgasynda we ýaşaýyş jaýynda “asuda halky, ýönekeý adamlary” öldürendigini aýtdy.

“Ölenleriň sany şu wagta çenli 10 adamy öz içine alýar, bir topar ýaraly bar” diýip, Zelenski aýtdy.

Ukrainanyň prezident diwanynyň başlygynyň orunbasary Kyrylo Timoşenko rus goşunlarynyň Kurahowany birnäçe raketa atyjy ulgamlar bilen topa tutandygyny aýtdy. Bu şäherçe Donbas sebitinde barýan uruşlarda gyzgyn nokatlaryň biri boldy.

Timoşenko ot alan binalaryň wideosyny Telegramda paýlaşdy.

Milli elektrik energiýasy torunyň operatory bolan “Ukrenerhonyň” başlygy 7-nji dekabrda rus güýçleriniň uruş başlaly bäri Ukrainanyň energetika infrastrukturasyna 1000-den gowrak raketa atandygyny aýtdy.

Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko eger infrastruktura edilýän rus howa hüjümleri dowam etse, şu gyş şähere “ahyrzaman” sahnasynyň garaşýandygyny duýdurdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG