Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň merkezi Dnipropetrowsk we Zaporižýa sebitlerine kamikaze dronlary we agyr artilleriýa bilen zarba urup iki adamy öldürdiler, başga-da ençemesini ýaraladylar diýip, resmiler 7-nji dekabrda habar berdiler. Bu aralykda, mundan bir gün öň Moskwa Kiýewi Russiýanyň içindäki harby bazalara hüjüm etmekde aýyplamagyndan soň, Ukrainanyň gündogar sebitlerinde agyr çaknyşyklar dowam edýär.
Rus güýçleri soňky bir günüň dowamynda Hersona 51 gezek hüjüm etdiler. Bu barada 7-nji dekabrda habar berýän ýerli harby administrasiýanyň başlygy Ýaroslaw Ýanuşewiç zarbalaryň netijesinde iki adamyň heläk bolandygyny belledi.
Dnipropetrowsk sebitiniň häkimi Walentin Rezniçenko öten agşam atylan rus dronlarynyň ählisiniň ukrain güýçleri tarapyndan ýok edilendigini aýtdy.
“Gündogar howa kommandowaniýesiniň harbylary uly işi bitirdiler. Biz duşmanyň sebite atan ähli sekiz dronuny atyp düşürdik” diýip, Rezniçenko Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.
Ol rus raketalarynyň Nikopol etrabyny nyşana alyp, sebitiň gazgeçirijilerine, ýaşaýyş jaýlaryna, fermalaryna zeper ýetirendigini aýtdy. Hüjümde hiç bir adama şikes ýetmändigi bellenilýär.
“Nikopola has köp zarba ýetdi. Şäheriň ona golaý jaýyna, ferma gurluşlaryna, gazgeçirijilerine zeper ýetdi. Rus zarbalary ençeme dükany, hökümet binasyny we bir koleji weýran etdi” diýip, ol sözüne goşdy.
Rus güýçleri Zaporižýa regionynda hem iki ilatly punkta zarba urdular. Bu barada sebitiň regional harby administrasiýasynyň başlygy Oleksandr Staruh 7-nji dekabrda mälim etdi.
“Obalaryň birinde iki ýaşaýyş jaýy weýran edildi we sekizsine zeper ýetdi. Biz ýaralanan üç adam, şol sanda 15 ýaşly bir gyz barada bilýäris” diýip, Staruh aýtdy.
Bu aralykda, ABŞ kanunçykaryjylary geljek ýyl Ukraina üçin azyndan $800 millionlyk goşmaça howpsuzlyk hemaýatyny bermek barada ylalaşdylar. Bu barada 6-njy dekabrda äşgär edilen howpsuzlyk harajatlarynyň taslamasynda bellenilýär.
7-nji dekabrda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken çykyş edip, Birleşen Ştatlaryň “Ukrainalylary Russiýanyň içine hüjüm etmek boýunça ne höweslendirendigini, ne-de muňa ygtyýar berendigini” aýtdy. 6-njy dekabrda dron bilen Russiýanyň ýene bir howa bazasyna hüjüm edildi. Mundan bir gün öň, Russiýa dronlar bilen iki howa bazasyna zarba urulandygyny aýdypdy.
Blinken “Russiýanyň dowam etdirýän agressiýasynyň” arasynda ukrainalylaryň her gün başdan geçirýän ýagdaýlaryna düşünmegiň zerurdygyny aýtdy. Ol Russiýany Ukrainanyň raýat maksatly desgalaryna hüjüm edip, “gyşy ýarag hökmünde ulanmakda” aýyplady.
Ukraina Russiýanyň içindäki howa bazalaryna edilen hüjümleriň hiç biriniň jogapkärçiligini öz üstüne almady. Emma “The New York Times” neşiriniň 5-nji dekabrdaky sanynda, anonimlik şertinde maglumat beren ýokary derejeli ukrain resmisiniň dronlaryň Ukrainanyň territoriýasyndan atylandygyny aýdan sözleri çap edildi.
Resmi rus harby bazalarynyň birine edilen hüjümde azyndan iki uçaryň weýran edilendigini we birnäçesiniň sandan çykarylandygyny hem belläp geçdi.
Ukrainanyň goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar Donetesk regionynda agyr çaknyşyklaryň dowam etdirilýändigini we “munuň bahasynyň juda uludygyny” aýtdy.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştabynyň maglumatyna görä, rus güýçleri häzir esasy ünsüni Donetsk regionynyň Bahmut we Awdiýewka sebitlerine gönükdirýärler.
Forum