Kiýewiň häkimi, Russiýanyň Ukrainanyň energiýa desgalaryna, şol sanda gidroelektrik stansiýalaryna uran we elektrik togunyň, jübi telefon aragatnaşygynyň kesilmegine, suw üpjünçiliginiň azalmagyna sebäp bolan raketa zarbalaryndan bir gün soň, tok we suw üpjünçiliginiň dikeldilendigini aýtdy. Gündogar Ukrainada, Donetsk sebitindäki Bahmutyň golaýynda gazaply söweş barýar, sebiti elde saklamaga dyrjaşýan Russiýa ukrain raýatlaryny basyp alnan Hersondan mejbury ewakuasiýa etmek çäresini giňeldýär.
"Kiýewiň ýaşaýjylarynyň öýlerindäki suw üpjünçiligi doly dikeldildi. Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň suw we elektrik üpjünçiligini dikeltmek üçin tasdan uzakly gün işlän adamlara, Kiýewodokanal we DTEK hünärmenlerine uly sagbolsun aýdýaryn" diýip, Witali Kliçko 1-nji noýabr güni irden telegramda ýazdy.
Kliçko ukrain paýtagtyndaky elektrik üpjünçiliginiň hem dikeldilendigini, emma Russiýanyň eden dowamly hüjümlerinden soň elektrik ulgamlaryna uly zyýan ýetendigini aýtdy. Şu sebäpden elektrik togunyň kesilmegi, çyralaryň öçmegi häzirlikçe gutulgysyz bolup galýar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Mikolaýewde sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Witaliý Kim 1-nji noýabrda Russiýanyň öten agşam dört sany S-300 raketasyny atandygyny, bu zarba netijesinde şäherdäki bir ýaşaýyş jaýynyň ýarysynyň ýykylandygyny, bir adamyň öldürilendigini aýtdy.
Ukrainleriň soňky hepdelerde edýän garşylykly hüjümleriniň rus goşunlaryny demirgazyk-gündogardan kowup çykarmagynyň we gündogarda hem günorta-gündogarda yza çekilmäge mejbur etmeginiň arasynda, Russiýa indi birnäçe hepde bäri raketa, pilotsyz uçar we artilleriýa hüjümlerini ulanyp, Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyny we beýleki raýat binalaryny dowamly nyşana alýar.
Prezident Wolodymyr Zelenski özüniň gijeki çykyşynda Ukrainanyň howa goragynyň ýurduň howa giňişligine atylan raketalaryň köpüsini urup ýykmak bilen gowy iş edendigini aýtdy. Şeýle-de ol ýurduň howa goranyş mümkinçiliklerini güýçlendirmegiň ileri tutulýan wezipe bolup galýandygyny nygtady.
"Biziň howa güýçlerimiz we asman giňişligini goramak bilen meşgullanýanlaryň ählisi şu gün gaty gowy iş etdi" diýip, prezident 31-nji oktýabr agşamynda eden ýüzlenmesinde aýtdy.
"Terrorçylaryň nyşana hökmünde kesgitlän desgalarynyň köpüsi goralyp saklanyldy. Terrorçylar diňe şu gün irden, köpçülikleýin hüjüm etmek üçin, 55 sany ganatly raketany ulandylar. Olardan 45-si urlup ýykyldy. Biz öz howa goragymyzy güýçlendirmegimizi dowam etdireris" diýip, Zelenski aýtdy.
Şeýle-de ol rus raketalarynyň nyşana alan sebitlerindäki dikeldiş işleriniň dowam etdirilýändigini belledi.
Russiýa 31-nji oktýabrda Ukrainanyň birnäçe şäherine, şol sanda ýurduň paýtagty Kiýewe hem raketa zarbalaryny urdy. Kreml bu ýurduň ilatynyň garşylyk görkezmekden bizar bolup, ahyrynda ýan bermegini umyt edip, Ukrainanyň möhüm infrastruktura desgalaryna ýadawsyz hüjümini dowam etdirýär.
Sekiz aýlyk urşunda barha kän şowsuzlyga uçramagy we ýeňilmek ähtimallygynyň gitdigiçe ýokarlanmagy bilen, Kreml ukrain ilatyny gorkuzmak we ruhdan düşürmek arkaly döwmäge çalyşýar diýip, günbatar we ukrain resmileri aýdýar.
Russiýa soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Ukrainanyň energiýa infrastrukturasynyň 40 göteriminden gowragyny weýran etdi, gyşyň golaýlap gelýän pursadynda paýtagt Kiýewde we beýleki ýerlerde elektrik togunyň kesilmegine sebäp boldy.
Şu aralykda, gündogar Ukrainada, Donetsk sebitindäki Bahmutyň golaýynda gazaply söweşleriň bolandygy we ukrain güýçleriniň sebitdäki beýleki iki ýerde, Awdiýiwkanyň we Uhledaryň töwereginde rus hüjümlerini togtadandygy habar berildi.
Ukrainanyň baş ştabynyň 1-nji noýabrda çap eden beýanatyna görä, Russiýa Donetsk sebitinde 50-den gowrak ilatly ýere zarba urdy.
Şeýle-de, öz güýçleriniň sebiti elde saklamaga dyrjaşmagy bilen, Russiýa ukrain raýatlaryny basylyp alnan Hersondan mejbury ewakuasiýa etmek çäresini giňeldýär.
Hersonyň Russiýa tarapyndan bellenen başlygy Wladimir Saldo 31-nji oktýabrda ýene ýedi etrabyň ýaşaýylarynyň ýaşap oturan ýerlerinden göçüriljekdigini yglan etdi.
Russiýa tarapyndan bellenen resmiler üç gün öň Herson sebitindäki ewakuasiýa etabynyň tamamlanandygyny yglan edipdiler.
Ukrain harbylary rus goşunlarynyň Kahowka şäherçesinde ilaty ewakuasiýa edilen ýaşaýyş ýerlerini minalaýandygyny habar berdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi Moskwada bölekleýin mobilizasiýa işleriniň, şol sanda çakylyk paýlamagyň togtadylandygyny, harby bölümleriň mundan beýläk diňe meýletinçileri kabul etjekdigini aýtdy.
Emma muňa garamazdan, bu habar Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň sentýabr aýynda yglan eden bölekleýin mobilizasiýasynyň resmi taýdan tamamlanandygyny aňlatmaýar. Bu mobilizasiýa diňe Putiniň resmi karary bilen ýatyrylmaly.
Putin bölekleýin harby mobilizasiýa yglan edeli bäri ýüzlerçe müň russiýaly Russiýadan gaçyp çykdy.
Forum