Ukrainanyň harbylary geçen aýyň dowamynda 600-e golaý ilatly nokady rus güýçlerinden azat etdiler diýip, Wagtlaýyn basylyp alnan sebitleri yzyna gaýtarmak boýunça ministrlik mälim etdi. Bu aralykda Moskwa Ukrainanyň onlarça şäherine garşy zarbalary urup, parahat ilatyň arasyndan adamlary öldürmegini dowam etdirýär.
Ministrligiň 13-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, geçen aý ukrain güýçleriniň ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Harkiw ugry boýunça garşylyklaýyn hüjümlere geçmegi netijesinde, 502 töweregi ilatly nokat azat edildi, şeýle-de strategiki taýdan möhüm Herson regionynda 75 sebit yzyna alyndy.
Ministrlik Donetsk regionunda 43 we Luhansk regionunda ýedi ilatly nokadyň azat edilendigini hem belledi.
“Ukrainanyň azat edilen sebitleriniň sany göz-görtele artdy” diýip, Ministrligiň websaýtynda ýerleşdirilen beýanatda nygtalýar.
Bu maglumatlary garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak mümkin däl.
Bu aralykda, Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň 14-nji oktýabrda ýaýradan gündelik brifinginde soňky üç günüň dowamynda Russiýa tarapdar güýçleriň Donetsk regionunyň gündogaryndaky Bahmut şäheriniň merkezi boýunça taktiki öňe gidişligi gazanandygy bellenilýär.
Prezident Woldomyr Zelenski 13-nji oktýabrda giçlik eden wideo-ýüzlenmesinde Bahmutda “gazaply’ çaknyşyklaryň dowam edýändigini aýtdy.
Ol ukrain harbylarynyň Bahmuty “ussatlyk we edermenlik” bilen goraýandyklaryny belledi.
Ukrainanyň Russiýa tarapyndan bölekleýin ele geçiren dört sebiti, ýagny Herson, Donetsk, Luhansk we Zaporižýa geçen aý Moskwa tarapyndan bikanun ýagdaýda anneksirlenipdi. Bu ukrain güýçleriniň ýurduň demirgazyk-gündogar, gündogar we günorta ugurlary boýunça has köp öňe ilerlemeginiň arasynda amal edildi. Kiýew we Günbatar bu sebitleriň ele geçirilmeginiň bikanundygyny aýdyp, bu ädimi ýazgardylar.
Mundan başga-da, Zelenski 14-nji oktýabrda bellenilýän Ukrainanyň Goragçylary gününde Russiýanyň has köp zarba urmagynyň mümkindigini duýduryp, ukrainlary has hüşgär bolmaga çagyrdy.
“Ertir biz elbetde, her kim öz ýerinde, bu möhüm günlerimiziň birini belläris. Gorag güni, Ukrainanyň Goragçylarynyň güni” diýip, Zelenski belledi.
13-nji oktýabrda Russiýa raketalar we dronlar bilen Ukrainanyň onlarça şäherine tapgyr dördünji gün zarbalary urdy. Bularyň netijesinde, Ukrainanyň günortasyndaky Mykolaýiw şäherinde bäş adam heläk boldy.
Mykolaýiw Günorta Buh derýasynyň kenaryndaky gämi gurluşyk merkezi we port şäheridir. Ukrain harbylarynyň Baş ştabynyň maglumatyna görä, şähere S-300 kysymly sekiz raketa atylypdyr.
Paýtagt Kiýewiň töwerekleri hem bomba zarbalaryna sezewar edildi. Sebitde günüň dowamynda ençeme gezek howa hüjüm duýduryş signallary ýaňlandy. Ukrain prezidentiniň edarasynyň başlygynyň orunbasary Kyrylo Tymoşenko Eýranda öndürilen dronlaryň möhüm infrastruktura desgalaryna zarba urandygyny mälim etdi.
Zelenski 13-nji oktýabrda Ýewropa Geňeşinde eden çykyşynda, halkara wekillerine ýüzlenip, Ukrainanyň öz howa giňişligini goramaga mätäçdigini aýtdy.
“Eger-de bu amal edilse, bu ýakyn geljekde tutuş urşy bes etmek boýunça edilen möhüm ädim bolar” diýip, Zelenski nygtady.
Zelenskiniň bu sözlerine jogap edip, Britaniýanyň hökümeti howa hüjüminden goranyş ykjam NASAM ulgamlary üçin raketalary üpjün etjekdigini mälim etdi. Pentagon bu ulgamlary öňümizdäki hepdelerde Ukraina ibermegi planlaşdyrýar.
Mundan başga-da, Britaniýa Ukrainanyň gözegçilik işlerini geçirip bilmegi üçin ýüzlerçe howa dronuny, şeýle-de 18 artilleriýa ulgamyny iberýär.
NATO-nyň beýleki goranmak ministrleri hem şu hepde Brýusselde geçiren ýygnagynyň dowamynda, Ukraina orta we uzak aralyga niýetlenen howa hüjüminden goranyş ulgamlaryny iberjekdiklerini mälim etdiler.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Austin 13-nji oktýabrda NATO ministrleriniň Brýusselde geçiren duşuşygyndan soň eden çykyşynda, NATO-nyň jebis durýandygyny aýtdy.
“Ikinji Jahandan urşundan soň Ýewropada dörän iň uly howpsuzlyk krizisiniň arasynda, NATO häzir iň jebis we tutanýerli ýagdaýyndadyr. Şu gün, bu azat ýurtlaryň buýsançly ýaranlygy Russiýanyň Ukraina garşy başladan bikanun we esassyz çozuşyny bilelikde ýazgarýar” diýip, Austin belledi.
Şol bir wagtda, Herson sebitinden ewakuasiýa edilenleriň 14-nji oktýabrda Russiýa gelip başlamagyna garaşylýar. Mundan öň, Moskwanyň bu sebitdäki dikme resmileri, Ukrainanyň garşylyklaýyn hüjümleriniň ilerlemegi netijesinde, sebitiň ýaşaýjylaryny çykarmak barada ýüzlenme kabul edipdiler. Moskwa bu sebitiň Russiýanyň düzümine goşulandygyny öňe sürýär.
Forum