Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmiler: Russiýa ukrain nyşanalaryna ýene onlarça raketa atdy


Ýokardan düşürilen surat
Ýokardan düşürilen surat

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 13-nji oktýabrda, Ýweropanyň Parlament assambleýasy geňeşini agzalary bilen gürleşende, Russiýa bilen Moskwanyň öz ýurduna garşy alyp barýan urşuny bes etmegi barada gepleşmejekdigini ýene bir gezek aýtdy we golaýda azat edilen Harkow sebitinden tapylan köpçülik mazarlarynyň rus goşunlarynyň Irpin we Buça şäherlerinde eden ýowuzlyklaryny bu ýerde hem gaýtalandygyny görkezendigini aýtdy.

Rus raketalary 13-nji oktýabrda Ukrainanyň 40-dan gowrak şäherini we şäherçesini nyşana aldy diýip, resmiler aýtdylar.

Russiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň Moskwanyň ukrain territoriýalaryny anneksiýa etmegini "bikanun" diýip atlandyran kararynyň sesleriň aglaba köplüginde tassyklanan we Ukrainanyň ýaranlarynyň has köp harby kömek etmegi wada beren gününiň ertesi, Ukrainanyň paýtagt sebitinde ýerleşýän möhüm infrastruktura we günortadaky Mikolaýewe agyr raketa zarbalaryny urdy.

Kiýewiň sebit häkimi Oleksiý Kuleba bu zarbalaryň esasan Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlar arkaly urlandygyny aýtdy.

Ol halas ediş işgärleriniň wakanyň bolan ýerlerine gyssagly ýagdaýda barandyklaryny, ýöne ölenleriň bardygy ýa-da ýokdugy barada entek maglumat almandygyny hem sözüne goşdy.

Ukrainanyň prezident edarasynyň başlygynyň orunbasary Kirilo Timoşenko pilotsyz uçarlaryň möhüm infrastruktura desgalaryna zarba urandygyny aýtdy.

Ukrainanyň günorta frontunda barýan söweşleriň dowam etmegi bilen, öten agşam atylan toplar Mikolaýewde bir köp gatly binanyň ýykylmagyna sebäp boldy.

Pida bolanlaryň bardygy ýa-da ýokdugy entek belli däl. Gämi gurluşyk merkezi we Gara deňziň günortasyndaky Bug derýasynyň boýundaky port şäher bolan Mikolaýew urşuň dowamynda Russiýanyň agyr bombalamalaryna duçar boldy.

Sebit administrasiýasynyň başlygy Walentin Rezniçenkonyň maglumatyn görä, Dnipropetrowsk sebitiniň günortasyndaky Nikopol şäheri hem top okuna tutuldy.

Şu aralykda Zelenski halkara donorlaryna ýüzlenip, indiki ýylyň býujet zerurlyklary, şol sanda rus raketalarynyň weýran eden jaýlaryny täzeden gurmak üçin 55 milliard dollar çemesinde serişde gerekdigini aýdyp, berilýän goldawlaryň artdyrylmagyny sorady.

Yzly-yzyna dördünji gün urlan howa zarbalary BMG-niň 193 agzaly mejlisiniň dörtden üç böleginden gowragynyň 12-nji oktýabrda Moskwanyň Ukrainanyň dört sebitini basyp almagyny bikanun diýip hasaplaýan karara goldaw bermeginiň yz ýanynda amala aşyryldy.

Bu karara garşy ses bermekde Russiýa diňe Siriýa, Nikaragua, Demirgazyk Koreýa we Belarus goşuldy. Hytaý, Hindistan, Günorta Afrika we Pakistan ýaly 35 ýurt ses bermekden saklandy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski twitterde "taryhy #BMGBA rezolýusiýasyny goldaýan 143 döwlete minnetdarlygyny bildirdi... [Russiýanyň] anneksiýa etmek synanyşygy biderek boldy" diýdi.

Bu karar "Russiýa Federasiýasynyň Ukrainanyň halkara derejesinde ykrar edilen çäkleriniň içinde referendum diýilýänleri gurnamagyny” we prezident Wladimir Putiniň geçen aý yglan eden habaryny, Moskwanyň goňşy ýurduň dört sebitini “bikanun anneksiýa etmek synanyşygyny" ýazgarýar.

Bu karar BMG-niň we halkara guramalarynyň ählisini Russiýa tarapyndan yglan edilen serhet üýtgeşmelerini ykrar etmezlige çagyrýar we Moskwanyň öz kabul eden kararlaryny "derrew we hiç bir şert goýmazdan yzyna almagyny" talap edýär.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken bu ses berişligiň Russiýa garşy halkara jebisligini görkezýändigini belledi we Waşingtonyň halkara derejesinde ýazgarylan "galp" referendumlary hic wagt ykrar etmejekdigini aýtdy.

Bu "ses berişlik ýurtlaryň aglaba köplüginiň, BMG-niň düzgünnamasyny goramak we Russiýanyň Ukraina we onuň halkyna garşy alyp barýan urşuna aýgytly garşy bolmak bilen, Ukrainany goldaýandygyny görkezen güýçli ýatlatma boldy" diýip, Blinken öz beýanatynda aýtdy.

"Şu günki günde Russiýa ses berýän ýurtlaryň sanynyň örän azalmagy bilen, bu meseledäki halkara jebisliginiň aýgytlylygy we Ukraina BMG-de we beýleki ýerlerde beriljek goldawyň üýtgewsizdigi aýdyň boldy" diýip Blinken aýtdy.

Russiýanyň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenzia ses berişligiň öňüsyrasynda Baş Assambleýada bu rezolýusiýanyň "syýasylaşdyrylandygyny we aç-açan prowokasiýa” bolandygyny aýtdy hem-de bu ýagdaýyň emele gelen "krizisiň diplomatik ýollar arkaly çözülmegi ugrunda edilýän ähli tagallany ýok edip biljekdigini" öňe sürdi.

Ukrainanyň ýaranlary 12-nji oktýabrda Kiýewe täze howa goragy ulgamlarynyň iberilendigini, Russiýanyň tutuş ýurt boýunça çem gelen ýere edýän raketa hüjümleriniň öňüňi almak üçin ýene-de has köp radaryň we howa gorsanyş ýaragynyň iberiljekdigini yglan etdiler.

Brýusselde ýygnanan 50-den gowrak ýurduň wekilleri, Fransiýanyň yglan etmegine görä, ýakyn hepdelerde Ukraina radar we howa goranyş ulgamlaryny iberjekdiklerini aýtdylar.

Kanada, beýleki enjamlar bilen bilelikde, Ukrainany artilleriýa toplary we gyş eşikleri bilen üpjün etjekdigini aýtdy.

Germaniýa meýilleşdirilen IRIS-T SLM howa goragy ulgamynyň ilkinji tapgyryny iberdi, Waşington ABŞ-nyň NASAMS howa goragy ulgamynyň Kiýewe gowşurylmagyny çaltlaşdyrjakdygyny aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG