Ukrain güýçleriniň Moskwanyň basyp alan ýerlerini azat etmek ugrundaky garşylykly hüjümlerini güýçlendirmegi netijesinde rus güýçleriniň bir topar ýeňlişe sezewar bolmagy bilen, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Kremliň ýadro ýaragyny ulanmak howpunyň soňky altmyş ýylda iň ýokary derejesine çykandygyny duýdurdy.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ukrainada ýadro arsenalyny ulanmak barada ençeme gezek gytaklaýyn haýbat atdy we Baýden 6-njy oktýabrda ABŞ metbugatyna Putiniň "oýun etmeýändigini" aýtdy.
"Biz [ABŞ-nyň prezidenti Jon F.] Kennediniň döwründen we 1962-nji ýyldaky “Kuba raketa krizisinden bäri Armageddon prospekkti bilen ýüzbe-ýüz bolup görmedik" diýip, Baýden Nýu-Ýorkda aýtdy. “Biz Putini nämäniň ýoldan sowýandygyna düşünmäge çalyşýarys” diýip, ol sözüniň üstünu ýetirdi.
1962-nji ýylda Kennediniň ýolbaşçylygyndaky ABŞ we Nikita Hruşewiň ýolbaşçylygyndaky Sowet Soýuzy, Kubadaky sowet raketalary sebäpli, ýadro ýaraglaryny ulanmaga ýakyn geldi.
Russiýa geçen hepde, halkara kanunçylygyny bozýan çärelere ýüz urup, Ukrainada diňe bölekleýin gözegçilik edýän dört sebitini resmi taýdan özüne birleşdirdi we 7-nji oktýabrda 70 ýaşynyň dolmagyny belleýän Putin Moskwanyň Ukrainanyň bu sebitlere edýän hüjümlerini Russiýanyň özüne edýän hüjümi hökmünde görjekdigini we olary goramak üçin bar bolan ähli serişdäni ulanjakdygyny aýtdy.
Bu ädim Ukrainanyň örän çaltlykda edýän ilerlemeleriniň arasynda ädildi, prezident Wolodymyr Zelenski 6-njy oktýabrda Moskwanyň öz adyna geçiren dört sebitiniň biri bolan Hersonda ýene-de ýeňiş gazanandygyny mälim etdi.
"Diňe Herson sebitindäki rus basybalyjylaryndan 500 inedördül kilometrden gowrak ýer azat edildi" diýip, Zelenski gijeki ýüzlenmesinde aýtdy.
Azat edilen sebitlerde onlarça şäherdir obalar ençeme aýyň dowamynda rus basybalyjy güýçleri tarapyndan okkupirlenendi diýip, günorta harby kommandowaniýeniň metbugat wekili Natalia Gumeniuk aýtdy.
Uruşdan öň takmynan bir million töweregi ilaty bolan Herson 24-nji fewralda başlanan uruşdan soň derrew we aňsatlyk bilen rus goşunlarynyň gözegçiligine alyndy.
Prezident Wolodymyr Zelenski ukrain goşunlarynyň ýurduň gündogaryndaky Donetsk we Luhansk sebitlerinde hem öňe ilerleýändigini aýtdy. Şeýle-de ol Zaporižýa sebitiniň günorta-gündogaryndaky sebitleriň hem gaýtadan yzyna alynmagyna umytly garaýandygyny aýtdy. Zaporižýa Moskwa tarapyndan bikanun ýagdaýda Russiýa Federasiýasynyň territoriýasydygy diýlip öňe sürlen Ukrainanyň dört sebitiniň biridir.
“Gündogarda hem üstünlikler bar. Basybalyjylaryň elindäki Zaporižýa regionundaky ilerlemeler barada habar berjek günümiziň hem geljekdigi ikuçsyzdyr” diýip, Zelenski belledi.
Bu aýdylanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak mümkin däl.
Ukrain güýçleriniň Moskwa tarapyndan eýelenen barha köp sebitleri azat etmegi bilen, ýokary derejeli rus resmisi harby emeldarlara ýüzlenip, söweş meýdanynda bolup geçýän ýagdaýlar barada dogruçyl maglumat bermäge çagyrdy.
“Biz ýalan sözlemegi bes etmeli” diýip, parlamentiň aşaky öýüniň goranmak komitetiniň başlygy Andreý Kartapolow döwlet eýeçiligindäki telewideniýäniň žurnalistine aýtdy.
“Goranmak ministrligiň hasabatlary üýtgemeýär. Adamlar bolýan zatlary bilýär. Adamlarymyz akmak däl. Bu ynamyň gaçmagyna getirip biler” diýip, Kartapolow sözüne goşdy.
Forum