Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Russiýa jeza berilmegini talap edýär; Baýden Moskwanyň bolşunyň BMG düzgünnamasyna ters gelýändigini aýdýar


"Ukraina garşy jenaýat edildi we biz adalatly jeza talap edýäris" diýip, Zelenski aýtdy.
"Ukraina garşy jenaýat edildi we biz adalatly jeza talap edýäris" diýip, Zelenski aýtdy.

Ukrain lideri Wolodymyr Zelenski 21-nji sentýabrda, BMG-niň Baş Assambleýasyna eden wideo ýüzlenmesinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite tribunalynyň Russiýa Ukraina çozandygy üçin “adalatly jeza” bermegini talap etdi.

Onuň çykyşy prezident Jo Baýden Moskwany BMG-niň düzgünnamasynyň esasy düzgünlerini "rehimsiz, gerekmejek uruş" bilen "bihaýaçylykly bozmakda" günäkärläninden birnäçe sagat soň edildi.

Ukrainanyň prezidenti dünýä liderlerine öňünden ýazgy edilen ýüzlenmesinde Russiýanyň Ukrainanyň “territoriýasyny ogurlamak üçin eden synanyşygy” we “müňlerçe adamyň öldürilmegi sebäpli” jezalandyrylmagyny talap etdi.

Ol Moskwa garşy maliýe jerimeleriniň hem salynmalydygyny, Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşindäki weto hukugyndan mahrum edilmelidigini aýtdy.

"Ukraina garşy jenaýat edildi we biz adalatly jeza talap edýäris" diýip, Zelenski aýtdy.

"Russiýanyň biziň döwletimize garşy eden agressiýa jenaýatyna jeza berilmegi üçin ýörite tribunal döredilmeli .... Russiýa bu uruş üçin öz emläklerinden töleg etmeli" diýip, ukrain prezidenti nygtady.

Zelenski ýaşyl zeýtun reňkindäki harby futbolka geýip, ýörite tribunalyň Russiýany jogapkärçilige çekjekdigini we "agressiw boljaklaryň hemmesine duýduryş yşaraty" boljakdygyny aýtdy.

Baş Assambleýa onuň çykyşyny dik durup, el çarpyşmalar bilen garşy aldy.

Zelenskiniň ýüzlenmesi Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Russiýada Ikinji jahan urşundan bäri ilkinji gezek urus mobilizasiýasyny yglan edip, ýadro ýaragyny ulanmak barada gytaklaýyn haýbat atanyndan birnäçe sagat soň edildi.

Zelenski Russiýanyň “hakyky gepleşiklerden gorkýandygyny” we diplomatiýany diňe gijikdirýän taktika hökmünde ulanmak isleýändigini aýdyp, Moskwa bilen häzir gepleşik geçirmegiň hiç hili manysynyň ýokdugyny belledi.

“Olar gepleşikler barada gürrüň gozgaýarlar, ýöne harby mobilizasiýa yglan edýärler. Olar gepleşikler barada gürrüň gozgaýarlar, ýöne Ukrainanyň basylyp alnan ýerlerinde galp referendumlary yglan edýärler" diýip, prezident sözüniň üstüni ýetirdi.

Ätiýaçdaky harbylaryň 300 müňe golaýyny goşuna çagyryp biljek mobilizasiýa Russiýanyň birnäçe şäherinde urşa garşy başlanan protestler bilen garşylandy. Adam hukuklary topary bolan OVD-Info-nyň habaryna görä, tutuş ýurt boýunça 1000-den gowrak adam proteste gatnaşandygy üçin tussag edildi.

Russiýanynyň BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş etmek gezegi entek gelenok, Putin bu mejlise gatnaşmaýar.

Baýden 21-nji sentýabrda eden çykyşynda Russiýany goňşy ýurda çozup başlan urşy üçin tankyt etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

“Bu uruş ýönekeý we düşnükli, Ukrainanyň döwlet bolmak hukugyny we Ukrainanyň halk hökmünde ýaşamak hukugyny ýok etmäge gönükdirilen. Siz kim bolsaňyz boluň, nirede ýaşasaňyz ýaşaň, nämä ynansaňyz ynanyň, bu siziň ganyňyzy sop-sowuk etmeli” diýip, ol aýtdy. “Eger-de döwletler öz imperiýa meýillerini hiç bir garaw görmezden amala aşyryp bilýän bolsalar, onda biz bu edaranyň arkasynda durýan ähli zadyny töwekgelçilige salýarys. Ähli zadyny” diýip, Baýden nygtady.

Russiýanyň çozuşyny berk ýazgarmak bilen, Baýden ABŞ-nyň Ukrainanyň özüni goramak tagallalaryna berýän we berjek goldawyny ýene bir gezek tassyk etdi.

"Biz Russiýanyň agressiýasyna garşy durmakda raýdaş bolarys, nokat” diýip, Baýden aýtdy.

Putin biraz öň Russiýanyň öz çägini goramak üçin ähli serişdäni ulanjakdygyny, “munuň boş gep däldigini” duýdurdy.

Baýden Putiniň Ýewropa garşy atan ýadro haýbatynyň Russiýanyň ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk baradaky şertnama gol çekende öz üstüne alan jogapkärçiligine "geleňsiz garaýandygyny" görkezendigini belledi.

Şeýle-de, Baýden gündogar we günorta Ukrainada, Russiýanyň basyp alan sebitlerinde Moskwanyň bellän resmileriniň Russiýa goşulmak barada referendum geçirmek meýilnamalaryna jogap berdi we olary "galp" referendum hökmünde tankyt etdi.

Ol ähli ýurtlary Russiýanyň çozuşyna garşy çykyş etmäge we Ukrainanyň özüni goramak ugrundaky tagallalaryny has-da güýçlendirmäge çagyrdy.

Forum

XS
SM
MD
LG