Ukrain goşuny rus güýçlerini ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky ýüzlerçe şäherden we şäherçeden kowup çykardy we, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň aýtmagyna görä, azat edilen jemgyýetleri durnuklaşdyrmak tagallalary dowam edýär.
Zelenski 13-nji sentýabrda eden gijeki çykyşynda Ukrainanyň rus güýçlerinden yzyna alnan 4000 inedördül kilometrden gowrak meýdanyny doly gözegçilikde saklaýandygyny we ýene 4000 inedördül kilometr çemesi meýdany durnuklaşdyrýandygyny aýtdy.
“Basybalyjy güýçleriň galan bölekleriniň, ýykgynçylyk toparlarynyň üsti açyldy, olar bilen hyzmatdaşlyk eden adamlar tussag edildi, doly howpsuzlyk ýagdaýy dikeldildi” diýip, prezident aýtdy.
Zelenski edil bir gün öň Ukrainanyň demirgazyk-gündogarda amala aşyrylan soňky hüjüminde 6000 inedördül kilometr topragyň yzyna alandygyny, Izýum, Kupýansk we Balaklia şäherleri ýaly onlarça sebitiň azat edilendigini aýtdy.
Ukrain güýçleri 6-njy sentýabrdan bäri Harkow sebitinde 300-den gowrak ilatly nokady we 150,000 töweregi ilatly topragy yzyna aldy diýip, Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar Balakliýanyň merkezi meýdançasynda eden çykyşynda ýatdy.
ABŞ-nyň ýokary derejeli harby resmisi Russiýanyň Harkowyň golaýynda eýelän territoriýasyny esasan yzyna berendigini we goşunlarynyň köpüsini serhetden aňryk çekendigini aýtdy.
Harkow sebitiniň tas ähli topragynyň yzyna alynmagy bilen, ukrain güýçleriniň ilerlemesi goňşy Luhansk we Donetsk sebitleriniň içine, Russiýanyň 2014-nji ýyldan bäri Moskwa tarapyndan goldanýan separatistleriň eýeçiligindäki ýerleri giňeltmek üçin güýç toplan ýerlerine hem ýaýrap biler.
Luhansk sebitiniň gubernatory Serhiý Haýdaý goşunlaryň Donetsk şäheriniň demirgazygyndaky Liman şäherini eýýäm yzyna alandyklaryny aýtdy. Emma bu beýanat garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmeýär. Şeýle-de ol gündogardaky Swatowyň indiki söweş ýerine öwrülmeginiň ähtimaldygyny aýtdy.
Ýakynda bolup geçen territorial üýtgeşmeler Russiýanyň urşuň ilkinji günlerinde öz goşunlaryny Kiýewden yza çekmäge mejbur bolaly bäri geçen wagt içinde ýüzbe-ýüz bolan iň uly kynçylyklarynyň biri bolsa-da, Moskwa parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge razy bolmajakdygyny yşarat etdi we Kremliň nazarlaýan harby maksatlaryna ýetiljekdigini öňe sürdi.
Russiýa Ukrainanyň front liniýalarynyň töwereklerine zarba urýandygyny aýtdy we ukrain esgerlerini yzyna alnan ýerlerde ýaşaýan parahat ilaty kemsitmekde aýyplady.
"Howa, raketa we artilleriýa güýçleri ukrain ýaragly güýçleriniň bölümleriniň ýerleşen ýerleriniň ähli ugry boýunça köpçülikleýin zarba urýar" diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi bu konflikt barada çap edýän gündelik habarynda aýtdy.
Şeýle-de, gündogar Donetsk sebitindäki Slowýansk we Kostýantiniwkanyň töweregindäki ukrain pozisiýalaryna "ýokary takyklyk" zarbalary uruldy diýip, rus habarynda bellenýär.
Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz 13-nji sentýabrda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen eden telefon gürrüňinde ony, atyşygy bes etmek we rus goşunlarynyň doly çykarylmagy esasynda, konflikt üçin diplomatik çözgüt tapmaga çagyrdy diýip, kansler edarasynyň metbugat sekretary aýtdy.
Putin Şolza Russiýanyň ukrain uruş ýesirleri üçin Gyzyl Haç guramasynyň elýeterliligini üpjün edendigini we Russiýanyň ygtybarly energiýa üpjünçisi bolup galmaga taýýardygyny aýtdy diýip, Kremliň beýanatynda aýdylýar.
Şeýle-de Putin we Şolz Ukrainadaky Zaporižýa ýadro desgasynyň töweregindäki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar.
BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugy 13-nji sentýabrda Zaporižýa elektrik stansiýasyndaky ätiýaçlyk elektrik liniýalarynyň üçüsiniň hem dikeldilendigini aýtdy.
Liniýalaryň biri daşardan desgany sowatmak we beýleki möhüm howpsuzlyk funksiýalary üçin zerur bolan elektrik energiýasynyň geçirilmegi bilen üpjün edýär, beýleki liniýalar ätiýaçda saklanýar diýip, Halkara atom energiýasy agentliginiň (IAEA) beýanatynda aýdylýar.
Şu aralykda Ukraina, güýçli ilerlemäniň goldawy üçin, Günbataryň berýän ýaraglarynyň gelip ýetmeginiň tizleşdirilmegine çagyrdy.
ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Jon Kirbi Waşingtonyň “ýakyn günlerde” Ukraina üçin täze harby kömek bukjasyny yglan etjekdigini aýtdy.
Şeýle-de Kirbi Ukrainanyň häzirki gazanan üstünlikleriniň uruşda öwrülişik pursadyny döredendigini ýa däldigini aýtmagyň entek irräk boljakdygyny belledi.
"Siziň görýän zadyňyz, elbetde, ukrain ýaragly güýçleriniň hereketinde bolan üýtgeşme pursady, ýöne olaryň harby taýdan öwrülişik nokadyna ýetendigini ýa däldigini kesgitlemeli we karar etmeli adam Zelenski bolup durýar” diýip, Kirbi aýtdy.
Forum