Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain premýeri Germaniýada Şolz bilen duşuşyp, söweş tanklaryny sorady


Ukrainanyň premýer-ministri Denis Şmyhal Germaniýanyň paýtagtyna edýän saparynyň başynda prezident Frank-Walter Steinmeier bilen duşuşdy.
Ukrainanyň premýer-ministri Denis Şmyhal Germaniýanyň paýtagtyna edýän saparynyň başynda prezident Frank-Walter Steinmeier bilen duşuşdy.

Ukrainanyň premýer-ministri Denis Şmyhal Berline eden möhüm saparynda Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz bilen duşuşdy we giň gerimli rus hüjümine garşy durmak üçin goşmaça ýaraglaryň zerurdygyny aýdyp, Ukraina güýçli “Leopard 2” söweş tanklarynyň hem berilmegini sorady.

"Biz bu barada maslahatlaşdyk. Hatda Germaniýanyň bu tanklary Ukraina nädip iberip biljekdigi baradaky tekliplerimizi hem aýtdyk” diýip, Şmyhal 4-nji sentýabr güni giçlik žurnalistlere gürrüň berdi.

Ol tanklar we Ukraina zerur bolan beýleki harby ulgamlar barada edilen maslahatdan soň, olaryň ahyr netijede iberiljekdigine “umytly” bolandygyny hem sözüne goşdy. Şolz şu wagta çenli Ukraina söweş tanklaryny ibermek meselesine oňaýsyz garaýardy.

Şmyhal Şolz bilen bolan duşuşygyndan we Germaniýanyň kanslerýasynda harby hormatlar bilen kabul edileninden soň žurnalistler bilen söhbetdeş boldy, ýöne onuň kansler bilen meýilleşdirilen bilelikdäki metbugat konferensiýasy, meýilnama meselelerine salgylanyp, nemes resmileri tarapyndan ýatyryldy.

Ukrainanyň premýer-ministri Germaniýanyň paýtagtyna edýän saparynyň başynda prezident Frank-Walter Steinmeier bilen duşuşyp, öz topragyny gorýan ýurdunyň harby ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdy we goşmaça ýarag goldawyny sorady.

Ol bu duşuşykdan soň twitterde Berline "ukrainler bilen raýdaşlygy we ýurda berýän goldawy" üçin minnetdarlyk bildirdi.

German prezidentiniň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, Steinmeier Şmyhaly Germaniýanyň "Ukrain tarapynda ygtybarly durmagyny dowam etdirjekdigine" ynandyrdy.

Bu sapar iki ýurduň arasynda ýarag kömegi meselesinde dörän dartgynlygyň soňlanýandygyny görkezýär, Kiýew ozal Germaniýany fewral aýyndan bäri Ukrainanyň goňşy Russiýanyň uly goşun bilen başlan çozuşyna garşy durmak üçin alyp barýan söweşine gaty az ýardam bermekde tankytlapdy.

Şolz iýun aýynda Kiýewe sapar etdi we şondan soň Berliniň Kiýewe iberýän ýaraglary köpeldildi.

"Germaniýa Ukrainany ýarag bilen goldamakda ägirt uly ilerleme gazandy" diýip, Şmyhal saparynyň öňüsyrasynda german metbugatyna beren interwiýusynda aýtdy. Ýöne ol Kiýewiň has köp ýaraga, hususan-da “häzirki zaman söweş tanklaryna” matäçdigini aýtdy.

“Bize ýarag ibermegiň pelsepesinde üýtgeşiklik gerek. Diýjek bolýan zadym, bize häzirki zaman tanklarynyň hem ibrilmegi gerek” diýip, Şmyhal Germaniýanyň dpa habar gullugyna aýtdy.

Polýak goşunynyň "Leopard 2A4" tanky
Polýak goşunynyň "Leopard 2A4" tanky

“Leopard 2” häzir Ukrainanyň söweş meýdanynda zerur bolan häzirki zaman tanky" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Leopard 2” german goşunynyň esasy söweş tanky bolup, dünýäde iň gowy tanklaryň biri hasaplanýar, bu tanklaryň her biriniň bahasy takmynan 7 million dollara barabar.

Şmyhal, şeýle-de, Ýewropanyň iň uly ykdysadyýetiniň Russiýanyň energiýa importyna garaşlylygyny azaltmak üçin, öz ýurdunyň Germaniýany elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy.

Rus çozuşyndan bäri köp adamyň ýurtdan gaçmagy we ykdysadyýetiň haýallamagy netijesinde, ýurduň içinde sarp edilýän elektrik energiýasy düýpli azaldy we Ukraina elektrik energiýasyny eksport etmekde adatdan daşary artykmaçlyga eýe boldy.

Şmyhalyň Steinmeier bilen duşuşygy Kiýewiň Steinmeieriň aprel aýynda Ukraina etmekçi bolan sapar teklibini ret etmegi netijesinde ýüze çykan dartgynlygy gowşatmak üçin edilýän tagallalaryň bir bölegi bolup durýar.

Steinmeier Russiýanyň çozuşyndan biraz soň Ukraina diňe 5000 kaska bermek teklibini edip, Kiýewiň gaharyny getirdi.

Steinmeier mundan öň Russiýa babatynda “detente”, dartgynlygy gowşatmak syýasatyny goldaýardy, ýöne ol Moskwanyň çozuşyndan soň bu syýasatyň ýalňyşdygyny boýun aldy.

Şondan soň Germaniýa Ukrainany artilleriýa, raketa atyjy enjamlar, uçara garşy ulgamlar ýaly agyr ýaraglar bilen üpjün edip başlady. Şeýlelikde, 500 million ýewrodan gowrak (498 million dollar) serişdä durýan täze harby kömek bukjasy tassyklandy.

Şolz 29-njy awgustda eden çykyşynda Berliniň Kiýewe "näçe wagt gerek bolsa, şonça hem uzak goldaw berjekdigini” aýtdy.

Ýarag kömeginden başga, Germaniýa şu wagta çenli 1 milliona golaý ukrain bosgunyny kabul etdi.

Forum

XS
SM
MD
LG