Täjigistanyň Tursunzade sebitiniň obalarynyň biriniň ýaşaýjylaryndan, erkek adamlaryň 80 göteriminiň zähmet migrasiýasyna gidendigini, maşgaladaky ähli kynçylyklaryň we aladalaryň aýallaryň egnine düşendigini aýdýarlar. Bu obada aýallar hem çagalardan başga-da, iş gözlegine gitmäge mümkinçiligi bolmadyk garrylar bar.
Hurramzamin obasynyň ýaşaýjysy, 38 ýaşly Sadokat Holowa köp ýyl bäri adamsyz ýaşap gelýär, ýekeje gyzyny-da bir özi terbiýeleýär. “Men aýallar bilen işleşýärin, käbirleriniň ärleri bar, käbiriniňki ýok. Biz gözläp, gündelik iş tapyp işleýäris. Bu aýallaryň ýer eýelerinden gazanan pullaryny wagtynda alyp bermäge çalyşýaryn" diýip, Sadokat gürrüň berýär.
Hurramzamin obasyndaky aýallaryň köpüsi ýerli fermalarda ekin meýdanlarynda möwsümleýin işleýärler. Aýlyklary az bolsa-da, ýöne gazanylan pul ondan-oňa ýeterlik. Sadokat bu aýallar toparynyň ýolbaşçysy, ol mydama aýallar bilen oba hojalyk ýerleriniň eýeleriniň arasynda, araçy bolup durýar.
"Bu aňsat iş däl. Suwa girip işlemeli ýerlerimizem bar. Biz aşa yssy günlerde, sowukda, ýagyşda we garda işleýäris. Ýöne ähli kynçylyklara garamazdan, iň bolmanda, bu işiň barlygyna-da minnetdar" diýip, ol aýdýar.
Zuhro Toşewa Sadokatyň ýolbaşçylygyndaky toparda işleýär. Onuň adamsy köp ýyl bäri Russiýada. "Meniň bir gyzym bar. Men ony hem öz ýanym bilen işe çekýän, mysal üçin, sogan oturtmaga çagyrýan. Ol hem edil meniň ýaly işleýär. Biziň ikimizem hem meýdan işlerini, hem öý-hojalyk işlerini edýäris” diýip, Zuhro ýagdaýyny aýdýar.
Hurramzamin obasynyň ekin meýdanlarynda köplenç aýallar işleýärler. Obada galan garrylaryň ählisi diýen ýaly gelinlerine we öz agtyklaryna seredýärler.
Obanyň ýaşaýjysy Abdukarim Juraýew: “Käbirleri iki, hatda üç çagany taşlap, iş gözlegine gitdiler. Diňe garrylar galdy. Her niçigem bolsa ýaşamak zerur. Migrantlar bu ýerde işlemek islemeýärler. Olar öýde işiň köpdügini bilýärler. Ol ýerde bolsa näme, ol ýerde diňe bir iş – zawoda gidýärler, iş wagtyny işlediler, soňra öýlerine, gelibem ýatýarlar” diýip, ol aýdýar.
Ol 67 ýaşly adamyň ogly hem zähmet migrasiýasyna gidip, indem gaýdyp gelmändir: “Oglumyň biri indi 7 ýyl bäri gelenok. Onuň çagalary bolsa bu ýerde galdy. Ol 5 müň rubl iberýär, ýöne bu ýaşamaga ýeterlik däl. Ony yzyna getirmek üçin, 15-20 müň rubl gerek”.
Täjigistanyň ilatynyň deň ýarysyna golaýyny aýallar düzýär. Täjigistanly erkekleriň köpüsi ýurtda iş ýoklugy sebäpli, Russiýa işe gidýärler. Bir milliona golaýy täjigistanly Russiýada işçi migrantlarydyr, olaryň 70%-den köprägi erkek adamlar.
Nigora Fazliddin, Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum