Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Moskwany HAEA missiýasyna päsgelçilik döretmekde aýyplaýar. Russiýa saparyň "asudadygyny" aýdýar


HAEA missiýasynyň agzalary 1-nji sentýabrda Russiýanyň gözegçiligindäki Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasyna baryp görýärler.
HAEA missiýasynyň agzalary 1-nji sentýabrda Russiýanyň gözegçiligindäki Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasyna baryp görýärler.

Ukrainanyň döwlet ýadro energiýa kompaniýasy "Enerhoatom" Russiýany Halkara Atom energiýasy agentliginiň (HAEA) missiýasynyň Zaporižýa ýadro desgasynyň töweregindäki ýagdaýlara "bitarap baha bermeginiň" öňüni almak üçin toparyň saparyna päsgelçilik döretmekde aýyplaýar. Şol bir wagtda, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý derňewçileriň betbagtçylygyň öňüni almakda heniz-de rol oýnap biljekdigini aýtdy.

"Enerhoatom" 2-nji sentýabrda Telegramda ýazan habarynda HAEA missiýasynyň desganyň krizis merkezine, Ukrainanyň aýtmagyna görä, rus goşunlarynyň ýerleşdirilen ýerlerine girmegine rugsat berilmeýändigini aýtdy.

Şeýle hem, habarda Ýewropanyň iň uly ýadro elektrik stansiýasynyň işgärleri bilen habarlaşmagyň "ep-esli çäklendirilendigi" we inspektorlaryň ýagdaýa bitarap baha bermekde kynçylyk çekjekdigi hem aýdyldy.

"Şeýle şertlerde HAEA-nyň [Zaporižýa desgasyndaky] ýagdaýa adalatly baha bermeginiň kyn boljakdygy düşnüklidir" diýip, "Enerhoatom" aýtdy.

"Desga Russiýanyň basyp alyjy güýçleriniň gözegçiligi astynda mahaly, onda ýadro we radiasiýa howpsuzlygyny dikeltmek boýunça missiýa tarapyndan berlen ähli teklipleri durmuşa geçirip bolmajakdygyny nygtaýarys" diýlip, habarda bellendi.

Şeýle hem, "Enerhoatom" rus tarapyny ýalan sözlemekde we "olaryň elektrik stansiýasyna ot açandygyna şaýatlyk edýän faktlary we subutnamalary, şeýle-de zawodyň infrastrukturasyna ýeten zyýanyň netijelerini" ýoýmakda aýyplady.

Russiýa tarapyndan dolandyrylýan sebit administrasiýasynyň esasy geňeşiniň agzasy Wladimir Rogow bu sapara başgaça baha berdi we Russiýanyň TASS döwlet habar gullugyna missiýanyň islän zatlarynyň ählisini görüp bilendigini aýtdy.

"Hemme zat asuda boldy. HAEA missiýasynyň agzalary islän zatlarynyň ählisini görüp bildiler. Olar Birinji belgili ýörite binanyň üçegine, NATO oklarynyň degen ýerine çykyp gördüler. Olar işgärler bilen gürleşdiler" diýip, Rogow aýtdy.

Ukrainanyň günorta böleginde, şol sanda Russiýanyň basyp alan desgasynyň golaýyndaky Enerhodar etrabynda güýçli çaknyşyklaryň we ok atyşyklaryň dowam edýändigi baradaky habarlara garamazdan, Russiýa HAEA-nyň häzirki missiýasy ugradylandan soňra toparyň iki gözegçisiniň ýadro elektrik stansiýasynda galjakdygyny aýtdy.

HAEA missiýasy Ýewropanyň iň uly ýadro desgasyna barandan bir gün soň, Russiýanyň halkara guramalaryna wekilçilik edýän Wenadaky ilçisi 2-nji sentýabrda RIA Nowosti habar gullugyna interwýu berip, missiýanyň alty hünärmeniniň birnäçe gün şol ýerde galjakdygyny, iki işgäriň bolsa hemişelik boljakdygyny aýtdy.

Düýbi Wenada ýerleşýän Halkara Atom energiýasy agentligi ruslaryň beýanatyny tassyklamady.

Ukraina we Russiýa, HAEA missiýasynyň Ýewropanyň iň uly ýadro energiýa desgasynyň howpsuzlygyna baha bermek üçin edýän saparynyň öňüsyrasynda, biri-birini zawoda hüjüm etmekde aýypladylar.

Ukrain resmileri "1-nji sentýabrda rus güýçleri tarapyndan birnäçe raýat binasyna atylan yzygiderli minomýot hüjümleri" barada habar berdiler.

Zaporižýanyň ýerli resmileri hem, rus goşunlarynyň "HAEA missiýasynyň Zaporižýa şäherinden Zaporižýa ýadro desgasyna çenli aralykdaky, öňünden ylalaşylan ýoluna" hüjüm edýändigini aýtdylar.

Öz gezeginde, Russiýanyň Goranmak ministrligi hem ukrain güýçlerini desgany ele geçirmäge synanyşmakda aýyplady.

Rus güýçleri tarapyndan basylyp alnan Zaporižýa zawody ukrain inženerleri tarapyndan dolandyrylýar.

Ukrain resmileri Russiýanyň desgany galkan hökmünde ulanýandygyny, onda ýarag saklaýandygyny we onuň töwereginden hüjümleri amala aşyrýandygyny aýdýarlar, Moskwa bolsa bu aýyplamalary ret edýär we Ukrainany sebite perwaýsyz ok atmakda aýyplaýar. Iki tarap hem birek-biregini günäkärläp, hüjümler sebäpli ýadro betbagtçylygyndan gorkýandyklaryny aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG