Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýadaky özbek migrantlary türk kompaniýalaryndan aýlyk haklaryny alyp bilmeýärler (wideo)


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ukrainada harby hereketler başlanaly bäri, Russiýada iş berijiler tarapyndan migrant işçilere zähmet hakynyň tölenmezligi bilen baglanyşykly meseleler hasam güýçlendi. Işçilere wagtynda zähmet hakyny tölemeýän kompaniýalaryň hataryna daşary ýurt iş berijileri-de girýär.

Moskwa sebitindäki “Dinamik Group” türk gurluşyk kompaniýasynda işleýän özbek migrantlary 45 million rubl (700 müň dollardan gowrak) möçberdäki aýlyk haklaryny alyp bilmeýändiklerinden zeýrenýärler.

Özbek işçileri munuň 200 töweregi işçiniň aýlygydygyny Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna aýtdylar.

200-e golaý işçi migranty özüni bankrot diýip yglan eden bir türk gurluşyk kompaniýasyndan, 2 ýyl bäri gazanan pullaryny almak haýyşy bilen Moskwadaky Özbegistanyň konsullygynyň işgärlerine birnäçe gezek ýüz tutandyklaryny mälim etdiler.

Emma özbek işçileriniň ýüzlenmelerinden hiç hili netije ýok diýip, zähmet migrantlarynyň hukuklaryny goraýjy Dilşod Tuýçiýew aýdýar.

Migrantlaryň hukuklaryny goraýjylar we migrasiýa bilermenleri häzirki ýüze çykan ýagdaý üçin, migrantlaryň bir böleginiň öz jogapkärçiliginiň bardygyny belleýärler.

Aklawçy we adam hukuklary aktiwisti Ruslan Gajimuratow ýagdaýa şeýle teswir berýär.

– Eger adamlar kärdeşler arkalaşygy guramasynda birleşen bolsalar, bu gurama olaryň adyndan, ýardam işlerini edip bilerdi. Ýöne olar guramaçylykly däl. Bu mesele bilen men gönüden-göni häkimiýetlere ýüz tutdum, mysal üçin, Döwlet Dumasynyň wekiline ýüzlendim. Ol hem onuň kömekçileri bu meseläni zähmet inspeksiýasyna ýollapdyrlar. Ol ýerden bu işe prokuratura sereder diýen jogap geldi. Prokuraturanyň jogabynda bolsa 40-dan gowrak adamyň zähmet şertnamasynyň ýokdugy we ýene 70-den gowrak adamyň hakyky bergisiniň bardygy aýdylýar. Puluň mukdary aýan edilmeýär.

Emir Kons atly beýleki bir türk kompaniýasy Moskwanyň etegindäki Skolkowo sebitinde gurluşyk işlerini alyp barýar. Kompaniýanyň işgärleriniň köpüsi özbek migrantlary.

Zähmet migrantlary gurluşyk kompaniýasynyň olardan 17 million rubl saklap galandygyny aýtdylar.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna iberilen wideolarda, bu kompaniýada işleýän 175 özbek migrantynyň işden boşadylandygy hem-de umumy ýaşaýyş jaýlaryndan çykarylandygy aýdylýar.

Belli bolşy ýaly, gurluşyk migrantlary bu barada daşarky zähmet migrasiýa gullugyna arz etdiler, emma bölüm Jyzak sebit şahamçasynyň resmi Telegram kanalynda "200-den gowrak watandaşymyzyň hukuklary bozulýar" sözbaşyly maglumaty bermek bilen çäklendi, işçiler bolsa hiç bir aýlyk alyp bilmediler.

"Dinamik Group" we "Emir Kons" kompaniýalary žurnalistleriň resmi ýüzlenmelerini jogapsyz galdyrdylar.

Zähmet migrantlary her niçigem bolsa, Moskwadaky Özbek konsullygynyň kömegine garaşýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG