Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sowet Soýuzynyň soňky ýolbaşçysy Mihail Gorbaçýow 91 ýaşda aradan çykdy


Mihail Gorbaçýow
Mihail Gorbaçýow

Sowet Soýuzynyň soňky ýolbaşçysy Mihail Gorbaçýow 91 ýaşda aradan çykdy diýip, rus media serişdeleri habar berýär.

Ol 30-njy awgustda giçlik “agyr we uzaga çeken keselden soň aradan çykdy” diýip, media serişdeleri Moskwanyň Merkezi kliniki hassahanasyny sitirleýär.

TASS habar agentligi maşgala wesýetinden habarly bir çeşmäniň sözlerine salgylanyp, Gorbaçýowyň 1999-njy ýylda aradan çykan aýaly Raisanyň ýanynda, Moskwanyň Nowodewiçi gonamçylygynda jaýlanjakdygyny habar berdi.

Sowet Soýuzynyň soňky ýolbaşçysy Mihail Gorbaçýow 91 ýaşda aradan çykdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:32 0:00

Sowet Soýuzynyň soňky prezidenti Mihail Gorbaçýow 1985-nji ýylda Kommunistik partiýanyň hem-de Sowetleriň başyna geçdi. Şondan soňky alty ýyl Demir perdäniň çöküşine, Germaniýanyň birleşmegine we Sowet Soýuzynyň dargamagyna şaýat boldy. Sowet Soýuzynyň dargamagyny şol wagt KGB ofiseri bolan häzirki rus prezidenti Wladimir Putin “asyryň iň uly geosyýasy betbagtçylygy” atlandyryp gelýär.

Mihail Gorbaçýow Sowet Soýuzyny janly saklamak tagallalarynyň çäklerinde “aýdyňlyk” we “üýtgedip gurma” döwrüne ýol açdy.

Ol 1989-njy ýylda Gündogar Ýewropanyň Gündogar blogundaky ýurtlarda turan demokratiýaçy protestlere goşun ulanyp garşy durdy.

Ýöne ol ýerlerdäki ösüşler Sowet Soýuzyna girýän 15 respublikada demokratiýa we özbaşdaklyk hyjuwlaryny oýardy. Şondan soňky iki ýylyň dowamynda bolsa, kä zorlukly hereketler bilen, Sowet Soýuzy dargady.

SSSR-i ýok eden pitne
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:26 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG