Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Garaşsyzlyk gününde Ukrainanyň 'soňuna çenli' söweşjekdigini aýtdy


Prezident Wolodymyr Zelenski, Kivew, 24-nji awgust, 2022.
Prezident Wolodymyr Zelenski, Kivew, 24-nji awgust, 2022.

Ukraina 24-nji awgustda, Russiýanyň sebäpsiz ýere başlan alty aýlyk urşunyň dowam etmegine, on müňlerçe adamyň öldürilmegine, uly maddy zyýan çekmegine garamazdan, Moskwanyň agalygyndaky Sowet Soýuzyndan garaşsyz bolmagynyň 31 ýyllygyny belleýär. Garaşsyzlyk baýramyny aldym-berdimli söweşleriň arasynda bellemeli bolan ýurduň prezidenti Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň rus goşunlary bilen "soňuna çenli" söweşjekdigini aýdyp, berk wada berdi. Şu arallykda prezident Jo Baýden ABŞ-nyň Kiýew üçin berýän 3 milliard dollar töweregi harby kömegini yglan etdi.

Moskwanyň bu pursatdan peýdalanyp raýat we hökümet desgalaryna zarba urmak ähtimallygy baradaky duýduryşlaryň arasynda, Ukrainanyň paýtagty Kiýewde we beýleki birnäçe uly şäherde köpçülikleýin dabaralary geçirmek gadagan edildi.

Prezident Wolodymyr Zelenski ukrainalylara eden gijeki wideo ýüzlenmesinde olaryň garaşsyzlyk baýramyny we rus prezidenti Wladimir Putiniň 24-nji fewralda "ýörite harby operasiýa" diýip başlan urşunyň ýarym ýyllygyny bellänlerinde hüşgär bolmagyna çagyrdy.

"Ertir hemmämiz üçin möhüm gün, gynansak-da, bu biziň duşmanymyz üçin hem möhüm gün. Biz Russiýa tarapyndan edilmegi mümkin ýigrenji prowokasiýalardan we rehimsiz hüjümlerden ägä bolmaly” diýip, Zelenski aýtdy.

Waşington Russiýanyň baýramçylyk gününi gabatlap, Ukrainanyň raýat infrastrukturasyna we hökümet edaralaryna has güýçlendirilen hüjümleri edip biljekdigini duýdurdy.

Şu aralykda, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 24-nji awgustda Russiýanyň Ukrainanyň dürli ýerlerindäki raýat desgalaryny nyşana almagy dowam etdirýändigini aýtdy.

"Şu alty aýyň dowamynda biz taryhy üýtgetdik, dünýäni üýtgetdik we özümizi özgertdik... Biz öz-özümize sylap başladyk. Biz islendik kömege we goldawa garamazdan, biziň garaşsyzlygymyz üçin bizden başga hiç kimiň göreşmejekdigine düşündik. Biz birleşdik" diýip, Zelenski 24-nji awgustda Russiýa bilen aradaky urşuň başlanmagynyň alty aýlygyna gabat gelýän Garaşsyzlyk baýramy ýüzlenmesinde aýtdy.

"Biz üçin siziň nähili görnüşdäki goşunyňyzyň bolmagy möhüm däl, biz üçin biziň topragymyz möhüm. Biz soňuna çenli söweşeris" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Ukrainanyň garaşsyzlyk gününe gabat iberen wideo ýazgysynda ukrain ýaragly güýçlerini öwdi we "öz ýurtlary üçin söweşip wepat bolan ýa-da ýaralanan ukrainalylara, öz ýurdunyň azatlygy, öz ýakynlary üçin söweşýän ähli ukrain erkeklerine we aýallaryna” hormat-sylagyny bildirdi.

"Siz näçe wagt gerek bolsa, NATO-nyň goldawyna şonça-da uzak wagt bil baglap bilersiňiz" diýip, ol aýtdy.

Ukrainler we dünýäniň köp bölegi, rus goşunlary Moskwanyň "ýörite harby operasiýa" diýýäniniň başynda yza çekilmäge mejbur edilip, Kiýewiň synmagynyň öňi alandan soň, urşuň uzaga çekmegine taýýarlanýar.

Günbatar harby çeşmeleri rus güýçleriniň häzir Ukrainanyň gündogar we günorta sebitlerinde edýän hüjümlerinde kän bir ilerleme gazanyp bilmeýändigini aýdýarlar we bu söweşleri I Jahan urşunyň haýal, ganly we surnukdyryjy söweşleri bilen deňeşdirýärler.

Uruş başlanaly bäri takmynan 7 million adam Ukrainadan gaçyp çykdy, Günbatar ýurtlary bu agressiýa sebäpli Russiýa garşy maliýe we tehnologiýa gadaganlyklarynyň giden tapgyryny girizdi, awtoulag önümçiliginden we maglumat tehnologiýasyndan başlap, syýahat gadaganlygyna çenli öz içine alýan sanksiýalar ýurdy ullakan çökgünlige iterdi.

44 ýaşly Zelenski Ukraina ýeten "kyn" täsiri boýun aldy, “ýöne biz öz ykbalymyz üçin göreşip, ýumruklarymyzy düwdük” diýdi.

"Her täze dogan gün biz üçin ýan bermezligiň täze sebäbi. Sebäbi, başdan geçiren munça gowgamyzdan soň, biziň soňuna çykmazlyga hakymyz ýok. Biz üçin urşuň soňy näme? Biz öň parahatçylyk diýýärdik. Indi biz "ýeňiş" diýýäris” diýip, ol aýtdy we urşuň Ukrainanyň ähli ýeri, şol sanda gündogarda Russiýa tarapyndan goldanýan separatist sebitleri we 2014-nji ýylda Moskwa tarapyndan bikanun basylyp alnan Krym Kiýewiň gözegçiliginde bolýança gutarmajakdygyny sözüne goşdy.

"Biz öz ellerimizi diňe bir gezek, ýeňşimizi bellän wagtymyz galdyrarys. Bütin Ukraina şeýder. Sebäbi biz öz ýerlerimiz we öz adamlarymyz babatynda söwda etmeýäris" diýip, ol aýtdy.

"Biz üçin Ukraina tutuş Ukraina. Hiç hili eglişige ýa-da ylalaşyga gelmezden, ýurduň 25 sebitiniň ählisi Ukraina. Biz bu sözleri, eglişik, ylalaşyk sözlerini bilemizok, ol sözler 24-nji fewraldaky raketalar bilen ýok edildi" diýip, ukrain lideri aýtdy.

Prezident Jo Baýden 24-nji awgustda ABŞ-nyň Kiýew üçin berýän 3 milliard dollar töweregi harby kömegini yglan etdi.

"Amerikalylaryň ählisiniň adyndan Ukrainanyň halkyny garaşsyzlyk güni bilen gutlaýaryn" diýip, Baýden 24-nji awgustda eden beýanatynda aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG