ABŞ Moskwanyň Ukrainanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlap, infrastruktura we hökümet desgalaryna hüjümleri planlaşdyrýandygyny duýdurýar. Ukraina Russiýanyň Ýewropanyň iň iri ýadro elektrik desgasynyň ýerleşýän ýeri bolan Zaporižýa sebitini bombalandygyny aýtdy. Ol ýerde barýan soňky söweşler betbagtçylykly ýadro hadysasy babatda howsala döretdi.
Ukrainanyň Baş ştaby 23-nji awgustda rus güýçleriniň Nikopol, Kriwýi Rih, Synelnykowsky şäherlerini urup, ukrain şäherlerine raketalary we artilleriýa toplaryny ýagdyrmagy dowam etdirendiklerini aýtdy. Bu şäherleriň ählisi Zaporižýa ýadro desgasynyň golaýynda ýerleşýär. Sebit häkimi Walentyn Rezniçenko düýn gije bolan hüjümlerde azyndan dört adamyň ýaralanandygyny Telegramda ýazdy.
ABŞ-nyň Kiýewdäki ilçihanasynyň hem-de bir ABŞ resmisiniň beren aýrybaşga beýanatlary Russiýanyň öňümizdäki günlerde raýat we hökümet desgalaryna zarba urmagy planlaşdyrýandygyny duýdurdy.
“Bizde Russiýanyň ýakyn günlerde Ukrainanyň raýat infrastrukturasyna we hökümet desgalaryna zarba urmagy ýygjamlaşdyrýandygy barada maglumat bar” diýip, ady aýdylmaýan bir resminiň sözleri Reuters tarapyndan sitirlendi.
“Russiýanyň Ukrainadaky yzlaryny nazarda tutup, biz Russiýanyň asuda ilata we raýat desgalaryna abandyrmagy dowam etdirýän howpuna alada bildirýäris” diýip, resmi aýtdy we bu beýanatynyň ABŞ aňtawyna esaslanýandygyny sözüne goşdy.
Bu duýduryşlar ukrain häkimiýetleriniň ýokarlanan hüjüm howpuna salgylanyp, paýtagt Kiýewde garaşsyzlygyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek köpçülikleýin baýramçylyk çärelerini gadagan edýän mahaly berilýär.
Ukrainanyň 24-nji awgustda belleýän Garaşsyzlyk güni Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina esassyz çozmagynyň altynjy aýyna gabat gelýär.
Prezident Zelenski Russiýanyň şu hepde “nähilidir bir aýratyn elhençligi, nähilidir bir aýratyn rehimsizligi” synag edip biljekdigini duýdurdy.
Ukrainanyň aňtaw gullugy ukrain websaýtlaryna 24-nji awgustda haker hüjümleriniň artmagynyň mümkindigini duýdurdy.
Bu aralykda, Polşanyň prezidenti 23-nji awgustda Ukraina mundan-da beýläk goldaw berilmegini, şol sanda harby ýardamy ara alyp maslahatlaşmak üçin Ukraina bardy diýip, polýak prezidentiniň diwanynyň başlygy Pawel Szrot aýtdy.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş serkerdesi Waleriý Zalužniý Russiýanyň Ukraina garşy ýarym ýyl ozal girişen çozuşynda 9000 töweregi ukrain esgeriniň wepat bolandygyny aýtdy.
Russiýa 24-nji fewralda Ukrainanyň üstüne çozaly bäri, iki tarap hem adam ýitgilerini aýan etmekde aşa ätiýaçly çemeleşýär. Ukrain resmileri soňky sapar aprelde ýaragly güýçleriniň ýitgilerini mälim etdi. Şonda prezident Zelenski 3000 töweregi ukrain esgeriniň öldürilendigini we 10 müň esgeriň ýaralanandygyny aýtdy. Bu aralykda, Moskwa harby ýitgilerini döwlet syry hökmünde saklaýar we resmi ýitgi sanlaryny seýrek täzeleýär. Russiýa soňky sapar 25-nji martda beren resmi sanlarynda 1351 rus esgeriniň öldürilendigini aýtdy. Ukrain resmileri uruşda 45000 töweregi rus esgeriniň öldürilendigini aýdýar.
Bu aralykda, Moskwa Zaporizýa ýadro desgasyndaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin 23-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň ýygnak geçirmegini haýyş etdi diýip, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki RIA Nowosti habarlar agentligi Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisiniň orunbasary Dmitri Polýanskiýniň sözlerine salgylanyp habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum