Ukrainanyň prezidenti resmileri žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Russiýa garşy harby taktikalar barada gürrüň bermegi bes etmäge çagyrdy we Goranmak ministrliginiň ýokary derejeli bir resmisi syzmalar babatda derňew işleriniň açylandygyny aýtdy.
Wolodmymyr Zelenskiniň 11-nji awgustda beren teswirleri şu hepdäniň başlarynda, basyp alnan Krymdaky bir rus howa bazasynda yzly-yzyna bolan partlamalaryň sebäpleri barasyndaky çaklamalaryň dowam edýän wagtyna gabat geldi. Partlamalar azyndan sekiz sany rus söweş uçaryny weýran etdi we Gara deňiz ýarymadasynda dynç alýan rus syýahatçylaryny gorkuzdy.
Hemra suratlary günbatar Krymyň Nowofedoriwka obasynda ýerleşýän “Saki” howa bazasynda bolan uly weýrançylygy görkezýär.
Russiýa partlamara geleňsizligiň sebäp bolandygyny öňe sürdi. Ýöne, ady aýdylmaýan ukrain resmileri ABŞ neşirlerine partlamalardan ukrain güýçleriniň jogapkärdigini gürrüň berdiler.
“Uruş, gürrüňsiz, şöhratparazlygyň we batly beýanatlaryň ýeri däl” diýip, Zelenski gijeki wideo ýüzlenmesinde aýtdy. “Biziň goranyş planlarymyz barada näçe az maglumat aýan etseňiz, şol planlary ýerine ýetirmek üçin, şonça-da gowy bolar” diýip, ol aýtdy.
“Eger siz batly habar sözbaşylaryny çykarmak isleýän bolsaňyz, ol bir zat: dogrusy, bu jogapkärsizlik” diýip, Zelenski aýtdy. “Eger-de siz Ukraina ýeňiş isleýän bolsaňyz, bu başga zat, we siz hökümetimiziň goranyş we garşy hüjüm planlary dogrusynda aýdýan her bir sözüňiz babatda çekýän jogapkärçiligiňizden habarly bolmaly” diýip, Zelenski aýtdy.
Goranmak ministri Hanna Malýar Facebook ulgamynda paýlaşan postunda howpsuzlyk gulluklarynyň partlamalar barada mediada çykyş eden adamlary derňeýändiklerini mälim etdi.
“Şular ýaly syzmalar Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň planlaryny bökdeýär, sebäbi duşman öz hereketlerini sazlaýar we bu maglumaty biziň garşymyza ulanýar” diýip, ol ýazdy.
Bu aralykda, Moskwa we Kiýew Zaporožýadaky atom elektrik stansiýasynda turan söweşler babatda birek-biregi aýyplaýar. BMG resmileri Ýewropanyň iň iri atom desgasyna betbagtçylykly zeper ýetip biljekdigi baradaky aladalaryny ýene bir gezek beýan etdiler.
BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi bu ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin 11-nji awgustda duşuşdy. Baş sekretar Antonýu Guterriş taraplaryň ikisini-de desganyň golaýynda söweşmegi bes etmäge çagyrdy. Bu desga 24-nji fewral çozuşyndan bäri rus gözegçiligi astynda galýar.
Ukrain inženeleri desgany ruslaryň garamagynda işledýärler.
“Bu desga hiç bir harby operasiýanyň bir bölegi hökmünde ulanylmaly däl. Gaýtam, sebitiň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen howpsuz ýaragsyzlandyrma meýdany boýunça tehniki derejede gyssagly ylalaşyk zerur” diýip, Guterriş beýanat berdi.
Ukrainanyň “Enerhoatom” agentligi günorta-merkez Ukrainadaky Zaprožýa toplumyna, şol sanda radioaktiw maddalar saklanýan ýerleriň golaýyna, 11-nji awgustda bäş gezek zarba urlandygyny aýtdy.
Bu aralykda, Russiýa tarapyndan bellenen resmiler Ukrainany çalşygy bökdäp, ýadro desgasyny iki gezek topa tutmakda aýyplady diýip, döwlet eýeçiligindäki TASS habarlar gullugy aýtdy.
Bulardan başga-da, Türkiýe 11-nji awgustda ýene iki ýük gämisiniň Ukrainanyň Gara deňiz portundan ýola çykandygyny aýtdy. Munuň bilen, BMG-niň araçylyk eden ylalaşygy astynda şu wagta çenli jemi 14 gämi porty terk etdi.
Ukraina 22-nji iýulda Türkiýe we BMG bilen ylalaşyga gol çekip, rus çozuşy başlanaly bäri ammarlarda we portlarda öňi baglanýan 22 million tonna mekgejöweniň we beýleki däne önümleriniň eksport edilmegine ýol açdy.
Ukraina bugdaý, mekgejöwen we beýleki galla önümleriniň iri eksportçysy bolup, onuň harytlary eksport edip bilmezligi global iýmit bahalarynyň ýokarlanmagyna goşant goşdy we bu ýagdaý käbir ýurtlarda açlyk we syýasy durnuksyzlyk aladalaryny tutaşdyrdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum