Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain dänesiniň ilkinji ýüki Odesadan Stambula ugradyldy


Ilkinji ýük
Ilkinji ýük

Ukrainanyň we Türkiýäniň habar bermegine görä, Russiýanyň Ukrainanyň günortasyndaky bomba hüjümleriniň güýçlenendigi baradaky habarlaryň arasynda, ukrain dänesiniň ilkinji ýüki 1-nji awgustda Odesa portundan ýola çykdy.

Ukrainanyň infrastruktura ministri Oleksandr Kubrakow Sierra Leonyň baýdagyny galdyran “Razoni” ýük gämisiniň 1-nji awgustda irden Odesadan ugrandygyny aýtdy.

Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba ilkinji däne ýüküniň iberilmeginiň “dünýä üçin ýeňillik” bolandygyny aýtdy.

"Birnäçe aýa çeken rus gabawyndan soň ukrain dänesiniň ilkinji ýüküniň Odesadan ugradylmagy dünýä, hususan-da Ýakyn Gündogardaky, Aziýadaky we Afrikadaky dostlarymyz üçin ýeňillik güni boldy. Ukraina hemişe ygtybarly hyzmatdaş bolupdy we eger-de Russiýa özüniň şertnamada üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirse, şeýle bolmagynda hem galar” diýip, Kuleba twitterde aýtdy.

Düýbi Stambulda ýerleşýän Bilelikdäki utgaşdyryş merkezi “Razoniniň” “26,000 tonnadan gowrak” mekgejöwen dänesini alyp barýandygyny aýtdy.

Türkiýäniň goranmak ministri Hulusi Akar 1-nji awgustda döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar gullugyna Razoniniň 2-nji awgustda, Praga wagty bilen sagat 1400 töweregi Stambula geljekdigini aýtdy.

BMG-niň başlygy Antonio Guterriş 1-nji awgustda bu habary "gyzgyn" garşy aldy.

"Baş sekretar munuň gol çekilen inisiatiwa laýyklykda hereket edýän köp sanly söwda gämisiniň ilkinjisi boljakdygyna we global azyk howpsuzlygyna, hususan-da iň gowşak gumanitar şertlerdäki ýurtlara zerur bolan durnuklylygy we ýeňilligi getirjekdigine umyt baglaýar" diýip, BMG-niň beýannamasynda aýdylýar.

Ukraina bilen Russiýa 22-nji iýulda Türkiýe hem-de BMG bilen Ukrainanyň portlarynyň üçüsini - Odesa, Çornomorsk we Ýužne portlaryny açmak barada şertnama baglaşdy. Bu portlar fewral aýynyň ahyrynda, Russiýanyň Ukraina çozmagy netijesinde baglandy.

Bu şertnama dünýäniň uly azyk krizisiniň gyrasyna gelen wagtynda millionlarça tonna gallanyň we dökünleriň iberilmegine ýol açdy.

Ukrainanyň maglumatlaryna görä, geçen ýylyň hasylyndan 20 million tonnadan gowrak däne eksport edilmegine garaşýar.

Prezident Wolodymyr Zelenski geçen hepde Ukrainanyň günorta portlaryna getirilen millionlarça tonna gallany iberip başlamaga taýýardygyny aýtdy.

Bu iki ýurt, Ukraina we Russiýa dünýäde iň kän däne eksport edýän ýurtlar bolup durýar.

Galla iberilmeginiň dikeldilmeginiň başlanýandygy baradaky habar 31-nji iýulda, Ukrainanyň günortasyndaky port şäherine, Mikolaýowe urlan howa zarbasy baradaky habar bilen utgaşdy. Russiýanyň Sewastopol şäherindäki Gara deňiz bazasyndan atylan dron esasy eksport kärhanasynyň eýesini öldürdi.

74 ýaşly Oleksi Wadaturski, Nibulon oba hojalyk kärhanasynyň düýbüni tutujy we eýesi, onuň aýaly öldürildi diýip, Mikolaýowyň gubernatory Witaliý Kim Telegramda aýtdy.

Düýbi Mikolaýowda, Russiýa tarapyndan basylyp alnan Herson sebiti bilen serhetleşýän strategiki şäherde ýerleşýän Nibulon kärhanasy bugdaý, arpa, mekgejöwen öndürmek we eksport etmek bilen meşgullanýar. Bu kompaniýanyň öz floty we gämi abatlaýyş kärhanasy hem bar.

Zelenski "Ukrainanyň gahrymany" sylagyny alan Wadaturskiniň ölümini “uly ýitgi” diýip häsiýetlendirdi.

Ukrainanyň günortasyndaky Nikopol şäheri hem agyr hüjüme sezewar boldy diýip, Dnipropetrowskiň gubernatory Walentin Rezniçenko Telegramda ýazdy.

Ol 31-nji iýulda Nikopola 50-ä çenli raketa zarbasynyň urlandygyny, bir adamyň ýaralanandygyny, öýlere, gaz we suw turbalaryna zeper ýetendigini aýtdy.

Russiýa gündogar Ukrainada, Donetskiň demirgazyk-gündogaryndaky Bagmut okuna edýän taktiki hüjümlerini dowam etdirdi diýip, Angliýanyň Goranmak ministrligi 1-nji awgustda çap eden gündelik býulleteninde ruslaryň “diňe ýuwaş öňe gidişlik” edendiklerini aýtdy.

Britan aňtaw gullughynyň çakyna görä, aprel aýyndan bäri tutan tutumlary boýunça aýgytly operasiýa böwsüşini edip bilmänsoň, Russiýa Donbasdaky hüjümini düzetmäge çalyşýar.

Zelenski Donetsk sebitiniň galan ýaşaýjylaryny hem "hökümet karary" diýilýän ýerlerden gyssagly ewakuasiýa etmäge çagyrdy.

"Hemme zat guramaçylyklaşdylýar. Doly goldaw, doly kömek - maddy-tehniki we töleg ýardamy ediler. Bize diňe heniz özleri karar bermedik adamlaryň özleriniň karar bermegi gerek" diýip, ol özüniň gijeki ýüzlenmesinde aýtdy.

"Bu näçe ir edilse, Donetsk sebitinden häzir näçe köp adam çyksa, rus goşunynyň adam öldürjek wagty şonça-da az bolar" diýip, Zelenski aýtdy.

Şu aralykda, Krym şäheriniň Moskwa tarapyndan bellenen gubernatory Mihail Razwožaýewiň rus metbugatyna aýtmagyna görä, Russiýanyň basyp alan Sewastopol şäherinde Russiýanyň Gara deňiz flotunyň howlusyna uçup gelen diýip çaklanylýan dronyň partlamagy netijesinde rus deňiz flotunyň bäş agzasy ýaralandy.

Forum

XS
SM
MD
LG