Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýadaky walýuta ýetmezçiligi Merkezi Aziýa ýurtlarynda nähili kynçylyk döredýär?


Merkezi Aziýanyň kartasy
Merkezi Aziýanyň kartasy

Ukraina çozup girmegi sebäpli, Russiýa Günbataryň sanksiýalaryna duçar boldy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň az sanly nagt dollar çeşmelerinde hem özgerişlik emele geldi. Sebitdäki ýurtlarda ABŞ-nyň walýutasynyň ýurtdan çykarylmagy bilen baglanyşykly kynçylyk döretdi.

Pul ibermek artdy, ýöne kim üçin?

Ukrainada söweş başlanaly bäri Russiýadan Merkezi Aziýa ýurtlaryna geçirilýän pul mukdary ep-esli artdy. Şeýle hem yzyna – Russiýa Federasiýasyna puluň geçirilmegi-de görnetin ýokarlandy.

Diňe şu ýylyň maý aýynda Gyrgyzystandan şahsy adamlar tarapyndan 85,5 million dollar çykarylypdyr, şondan 80,1 milliony Russiýa geçirilipdir. Munuň özi Milli bankyň maglumatyna görä, 2005-nji ýylda geçirimleriň mukdaryny hasaplamak başlanyndan bäri iň ýokary görkeziji. Şol wagtyň özünde, Gyrgyzystana 257,2 million dollar gelipdir, onuň 245,6 milliony Russiýadan geçirildi.

Ýylyň başyndan maý aýyna çenli Gyrgyzystana daşary ýurtlardan 1 milliard 30,4 million dollar, şol sanda onuň 981,5 milliony Russiýadan geçirildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende has ýokary.

Ýurtlardan pul ibermek we pul geçirmegiň ösüşi diňe bir Gyrgyzystanda däl, eýsem Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda-da bellendi. Mysal üçin, şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda daşary ýurtlardan Özbegistana 6,5 milliard dollar geçirildi. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş 96% ýa-da 3,2 milliard dollar boldy. Emma Özbegistan döwletiniň Merkezi banky serişdeleriň nireden gelendigi we haýsy daşary ýurtlardan çykarylandygy barada, jikme-jik maglumat bermedi. Şol wagtyň özünde, Özbegistanda şahsy adamlaryň arasynda, ABŞ walýutasyny satyn almak islegi artýar. Hasabat döwründe 5,66 milliard dollar satyn alyndy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründen 2,33 milliard köpdür.

Russiýanyň “Kommersant” gazeti şu ýylyň mart aýynda, Russiýa Federasiýasyndan Gazagystana bary-ýogy 9,5 million dollar geçirilendigini, ýöne maý aýynda bu görkezijiniň takmynan 10 esse ýokarlanyp, 94,6 million dollara ýetendigini ýazýar.

Dollar Russiýa akýar

Merkezi Aziýa ýurtlaryna geçirilýän pul mukdaryndaky ösüş ýagdaýlary ykdysatçylaryň ünsüni özüne çekdi. Düzgün bolşy ýaly, daşary ýurtlardan gelýän girdejileriň köpüsini Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Täjigistandan bolan migrantlar sebit ýurtlaryna berýärdi. Şeýle-de bolsa, bilermenleriň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda ne migrantlaryň sany, ne-de Merkezi Aziýadan bolan Russiýadaky adamlaryň girdejileri pul geçirişleriniň ösüşine proporsional däl.

Gyrgyzystanyň Ykdysadyýet ministriniň öňki orunbasary Eldar Abakirow ýagdaýy Ukrainadaky uruş bilen baglanyşdyrýar.

Eldar Abakirow
Eldar Abakirow

“Ruslar migrantlardan gelýän pullardan başga-da biziň üstümizden dollar alýarlar ýa-da nagt Amerikan walýutasyny satyn alýarlar. “Biziň üstümizden” diýlende, Gyrgyzystany goşmak bilen Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny göz öňünde tutýaryn. Girdejileriň we pul serişdeleriniň köpelmeginiň başga sebäpleri ýok. Men diňe şony görýärin. Russiýadan dollar çykarmak kyn, ol ýerde dollar satylmaýar. Adamlarda bolsa dollar ýok. Emma Russiýada bolmadyk çig maly daşary ýurtdan satyn alýan kompaniýalar bar. Olara dollar gerek. Şonuň üçin beýle firmalar dollar we ýewro gözleýärler. Ikinjiden, ol adamlar Russiýadan göçüp gidýärler. Daşary

ýurda gidenlerinde, jaýlaryny we awtoulaglaryny rubla satýarlar. Biziň ýurdumyzda ol pullary dollara çalyşýarlar" diýip, Abakirow belleýär.

Şu ýylyň fewral aýynda Russiýanyň Ukraina çozup girmeginden soň, Russiýanyň banklary Günbatar sanksiýalaryna sezewar edildi hem onlarça töweregi SWIFT ulgamyndan kesildi. Bu ulgamyň üsti bilen banklar we maliýe guramalary pul geçirimleri barada maglumat alýardylar. Oňa dünýäniň 200 ýurdundan, 11 müň edara birikdirilipdi.

Günbataryň berk sanksiýalary sebäpli Russiýada milli walýutanyň hümmeti dollara garşy pese gaçdy, netijede, ýurtda Amerikan walýutasynyň defisitiniň bardygyny görüp bolýar. Soň bolsa dollaryň hümmeti durnuklaşdy. Russiýadaky walýuta bazaryndaky durnuksyz ýagdaý Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna-da täsir etdi. Milli banklar öz ýurtlarynda, walýutasynyň hümmetini durnuklaşdyrmak üçin, çäreleri görüp başladylar we täjirçilik banklaryna dollaryň alynmagy we çalşylmagy üçin çäklendirmeler girizdiler. Mysal üçin, Gyrgyzystanda täjirçilik banklary dollary satyn almak üçin 3-5% komissiýa girizildi. Emma komissiýa töläýende-de, hasapdan günde 500-600 dollardan köp pul alyp bilmeýärler. Ukrainadaky uruş başlamazdan ozal beýle çäklendirmeler ýokdy.

«Dollary haltalap äkidýärler»

Gyrgyzystanyň hökümeti Gyrgyzystandan nagt dollaryň Russiýa eksport edilýändigini birnäçe gezek mälim etdi. Gyrgyzystanyň Milli bankynyň başlygy Kubanyçbek Bokontaýew Žogorku Keneşiň ýygnaklarynyň birinde, dollaryň haltalap diýen ýaly Russiýa äkidilýändigini aýtdy:

– Russiýada nagt däl we nagt dollarlaryň arasyndaky tapawut meselesi bize-de gelip ýetdi. Ýurdumyzda nagt däl dollarlar ýeterlik. Biz ABŞ-nyň nagt puluny satyn almaýarys. Nagt däl dollar satyn aldyk we walýuta bazaryndaky ýagdaýy düzgünleşdirdik. Ýöne täjirçilik banklary daşary ýurtlardan nagt dollary köp mukdarda alýarlar. Ol – millionlarça dollar. Emma olardan spekulýatorlar satyn alyp, haltalap Russiýa äkidýärler. Sebäbi bizde nagt puly çykarmaga gadagançylyk ýok – diýdi.

Ministrler Kabineti ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin, ýurtdan nagt dollaryň eksportyna çäklendirmeleriň girizilmegi baradaky karar taslamasyny taýýarlady. Resminama baryp 15-nji aprelde köpçülige ara alnyp maslahatlaşmaga hödürlendi. Kararyň taslamasyna laýyklykda, daşary ýurtlular Gyrgyzystandan daşara 5000 dollardan artyk çykaryp bilmeýärler, Gyrgyzystanyň öz raýatlary bolsa 10 müň dollardan köp eksport edip bilmez. Şol çäkden geçse, puluň 10%-i tölenmeli. Ýöne karar häzire çenli-de kabul edilmedi.

Ministrler Kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparow hem nagt dollaryň Russiýa eksport edilýändigi barada aýtdy:

Akylbek Žaparow
Akylbek Žaparow

– Gynansagam, Ukrainadaky wakalar sebäpli Russiýada iki dollar bahasy emele geldi. Resmi we gara bazardaky kurslar bar. Şonuň üçin rubllary bize geçirýärler, ony soma konwertizasiýa edýärler hem dollara öwrüp, ony alyp gidýärler. Biz hökümetde bu meselä garadyk we bu hadysanyň öňüni almak üçin, mehanizmleri teklip etdik. Milli bank hem öz tekliplerini berýär. Biz raýatlara we telekeçilere nagt däl dollary çäklendirmedik derejede berýäris. Defisit nagt pula degişli – diýdi.

Özbegistandaky ýagdaý

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň ýazmagyna görä, Özbegistan Respublikasynyň käbir sebitlerinde, nagt pullar we daşary ýurt walýutasy ýetmezçilik edýär. Käbir sebitlerde raýatlar pul almak üçin, bankomatlarda nobata durmaga mejbur bolýarlar. Şeýle hem banklaryň girizilen çäklendirmelerine görä, raýatlara nagt bermekden ýüz öwürýändigi habar berildi.

Mamarizo Nurmuratow
Mamarizo Nurmuratow

“Biz geçirilen barlaglaryň dowamynda, pul geçirimleriniň düýpli ýokarlanmagynyň ilkinji sebäpleriniň biri 15-20%, kämahal Russiýada nagt we nagt däl walýuta nyrhlarynyň arasynda 30% tapawudyň bolmaly diýen netijä geldik. Russiýanyň banklarynda nagt satyn almakda kynçylyklary bar. Ozal biziň Russiýadaky watandaşlarymyz öýlerine gaýdýan ýoldaşlarynyň üsti bilen nagt pul ýollaýardylar. Walýuta girizilen päsgelçilikler bu mümkinçilikleri çäklendirýärdi. Indi ol pullar hakyky, resmi kanallar arkaly geçirilip başlandy" diýip, Özbegistanyň Merkezi bankynyň başlygy Mamarizo Nurmuratow metbugat ýygnagynda aýtdy.

Özbegistanly ykdysatçysy Otabek Bakirow Merkezi Bankyň pul geçirmeleriniň ýagdaýy baradaky beýanyny "spekulýatiw" diýip atlandyrdy. Bu ýagdaý rus rublynyň basyşy sebäpli ýüze çykýar diýip, ykdysatçy hasap edýär:

– Dinamikanyň we hereketleriň görkezişi ýaly, häzirki dörän ýagdaý zähmet migrantlary we daşarky geçirimleriň aýratynlyklary bilen baglanyşykly däl. Russiýadaky özbek migrantlarynyň sany köpelmedi, ýylyň dowamynda migrantlarymyzyň girdejisi hem artmady. Häzirki dörän ýagdaý pul geçirimlerini diňe spekulýatiw we ters maksatlar üçin ulanmaga mümkinçilik berýär. Gynansak-da, häkimiýetler muňa hiç hili garşylyk

görkezmeýärler, hiç hili päsgelçilik hem döretmeýärler. Daşary ýurt walýutasynyň nagt ýetmezçiligi hut şu sebäpden ýüze çykdy – diýip, ykdysatçy belleýär.

Mundan birnäçe aý öň goňşy Täjigistanda dollar ýetmezçiligi barada habarlar bolupdy. Şeýle-de bolsa, Ukrainada uruş başlanaly bäri ýurda gelýän we ýurtdan çykarylýan pullaryň mukdary barada, açyk çeşmelerde maglumat ýok.

Dollaryň soňky gytçylygy

Eldar Abakirow ýagdaý barada Gyrgyzystan Respublikasynyň Milli bankynyň yzygiderli syýasat alyp barmalydygyny duýdurýar:

– Dollaryň Gyrgyzystandan daşary ýurda geçirilmegi erbet zat. Sebäbi ýurduň öz içinde Amerikan walýutasyna tebigy zerurlyk bar. Bu mätäçlik mukdary beýlekiler tarapyndan döredilmeli däldir. Milli bank muňa garşy durmak üçin, dollar nagtlaşdyrmakda 5% komissiýa hödürledi. Şeýle hem alyş-çalyş ofislerinde dollar ýok. Resmi nyrh bilen satuw nyrhynyň arasynda tapawut bar. Dollaryň söwdasyny ýöretmek üçin, telegram kanallary açylýar. Ol ýerde walýutanyň bahasy düýbünden başgaça. Gyrgyzystan Respublikasynyň Milli banky täjirçilik banklaryndan walýuta hümmetini 79-80 somdan ýokary galdyrmazlygy talap edýär. Ine, şeýle ýagdaý sebäpli, walýuta çalşygy gara bazara gitdi. Bu gowy däl. Ikinjiden, nagt dollaryň azalmagy milli walýuta ätiýaçlyklaryna täsir edip biler – diýip, ol ykdysatçy aýdýar.

Russiýanyň walýuta bazaryndaky durnuksyz ýagdaý sebäpli Gazagystan 10 müň dollardan gowrak eksport etmegi gadagan etdi. Gyrgyzystanda bolsa 10 müň dollara çenli hiç hili çäklendirmesiz eksport edip bolýar. Eger eksport edilýän nagt pul bu mukdardan ýokary bolsa, deklarasiýa doldurmak ýeterlikdir.

Bakyt Töregeldi uulu. Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG