Täjigistan hökümetiniň ýanyndaky Din işlerini, däp-dessurlary we dabaralary kadalaşdyrmak boýunça komitetiň başlygy agramy 13 tonna bolan Gurhanyň müňlerçe nusgasyny Owganystana ibermek barada gelnen karara düşündiriş berýär.
Süleýman Dawlatzoda 25-nji iýulda geçirilen metbugat ýygnagynda, dowam edýän düzgünlere laýyklykda, ähli dini edebiýatlaryň ýurda getirilmezden ozal dini barlagdan geçirilmelidigini aýtdy.
"Agramy 13 tonna barabar bolan Gurhany ýurda getirenlerinde, şol düzgün ýerine ýetirilmändir, şoňa görä-de, gümrük gullugy kitaplary Owganystana yzyna ibermek kararyna geldi" diýip, Din işleri komitetiniň başlygy düşündirdi.
Gümrük işgärleri tarapyndan konfiskasiýa edilen kitaplaryň dini barlaglardan geçirilendigi ýa-da ýokdugy barada habar berilmeýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan, Süleýman Dawlatzoda berlen soraga jogap hökmünde, ol dini kitaplaryň barlagdan geçirilmelidigi barada, Din işleri komitetine hiç kimiň ýüz tutmandygyny aýtdy.
Şu ýylyň fewral aýynda Hatlon sebitiniň gümrük gullugynyň işgärleri müňlerçe Gurhanyň saklandygyny habar berdiler. Bu kitaplary Täjigistana getiren telekeçi barada maglumat aýan edilmedi. Şeýle hem gümrükhana işgärleri konfiskasiýa edilen ýüklerde, näçe mukdarda Gurhanyň bardygyny aýtmady. Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň çeşmeleri kitaplaryň Täjigistana ýük awtoulaglary bilen getirilendigini we Gurhanyň her nusgasynyň agramynyň 2,5 kg bolandygyny aýtdy. Gurhan arap dilinden dünýäniň köp dillerine terjime edildi.
Golaýda Hatlon sebitindäki gümrük gullugynyň ýokary derejeli işgärlerinden biri Bohtarda geçirilen metbugat ýygnagynda, bu kitaplaryň Din işleri komitetiniň razylygy bolmazdan Täjigistana getirilendigini we şonuň üçin olary Owganystana gaýtarmak kararyna gelnendigini aýtdy.
Statistiki maglumatlara görä, Täjigistanda ilatyň 90 göteriminden gowragy musulmanlardyr. Mukaddes Gurhanyň müňlerçe nusgasynyň Owganystana yzyna iberilmegi baradaky maglumat sosial ulgamlarda gyzgalaňly çekişme döretdi. Žurnalistler Din işleri komitetiniň ýolbaşçysyndan, Täjigistan häkimiýetleriniň Owganystana kitap ibermek kararyna sosial ulgamlaryň reaksiýasy barada, düşündiriş bermegini haýyş etdiler.
“Dini edebiýat diňe bir Gurhany we Hadyslary däl, eýsem dünýäniň ähli dinleriniň mukaddes kitaplaryny hem öz içine alýan ähli dini kitaplary we kitapçalary aňladýar. Dini edebiýaty ýurda getirmegiň düzgüni hemmeler üçin deňdir. Beýle kitaplaryň ählisi, broşýuralaryň we beýleki çap edilen önümleriň hemmesi dini barlagdan geçirilmeli" diýip, Süleýman Dawlatzoda aýtdy.
Täjigistanyň häkimiýetleri 2009-njy ýylda ýurda, gadagan edebiýatyň getirilmeginiň öňüni almak we olary ýaýratmazlyk üçin, berk çäreleri görmek kararyna geldi. 2017-nji ýylda Täjigistanyň Medeniýet ministrligi ýörite rugsady bolmadyk kitaplaryň ýurda import we eksport edilmeginiň gadagan edilendigini habar berdi. Din işleri komiteti we Täjigistanyň Içeri işler ministrligi ýurda getirilmegi gadagan edilen kitaplaryň sanawlaryny düzdüler. Häkimiýetler bu karary ekstremizme garşy göreş bilen baglanyşdyrýarlar, ýöne adam hukuklaryny goraýjy guramalar muny raýatlaryň dini azatlyklarynyň bozulmagy hasaplaýarlar.
Bu aralykda, Täjigistanda dine ynanýanlar ýurtda Gurhanyň ýetmezçiliginden zeýrenýärler. Täjigistan hökümetiniň ýanyndaky Din işlerini, däp-dessurlary we dabaralary kadalaşdyrmak boýunça komitet diňe şu ýyl mukaddes kitabyň 12 müň nusgasynyň çap edilendigini habar berdi.
Dini edebiýatyň resmi gözden geçiriliş işleri Din işleri komitetiniň aýratyn bölümi tarapyndan geçirilýär. 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda, bölümiň bilermenleri 1350-den gowrak barlag geçirdiler, olardan 152 kitap we broşýura makullanmaly däl diýlen netijä gelindi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum