Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain güýçleri elektrik stansiýasyna edilen rus hüjümini yza serpikdirdi


Bir adam 21-nji iýulda Kramatorsk şäherine edilen rus raketa hüjüminden soň, zyýan çeken mekdebiň öňünden geçip barýar.
Bir adam 21-nji iýulda Kramatorsk şäherine edilen rus raketa hüjüminden soň, zyýan çeken mekdebiň öňünden geçip barýar.

Ukrain güýçleri Wuhlehirsk elektrik stansiýasyna gaýta-gaýta edilen rus hüjümlerini üstünlikli yza serpikdirdi, Moskwa bolsa Kramatorsk hem-de Siwersk şäherlerini yzygiderli oka tutmagy dowam etdirdi diýip, Britaniýanyň harby aňtawy 22-nji iýulda aýtdy. Kiýew ilkinji gezek öz güýçleriniň söweş meýdanynda ilerlemegi üçin “möhüm mümkinçilik” edinendigini aýtdy.

Donetskiň 50 kilometr demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Wuhlehirsk Ukrainanyň ikinji iň iri elektrik stansiýasydyr we rus güýçleriniň ele geçirmek isleýän strategiki infrastruktura obýektidir.

Rus güýçleri sebitde infrastruktura, energiýa desgalaryna we saklawhanalara zarba urmak üçin ýedi howa hüjümini amala aşyrdy diýip, Britaniýanyň Goranmak ministrligi özüniň gündelik aňtaw brifinginde Ukrainanyň Mykolaýiw sebitiniň häkimi Witaly Kimiň sözlerini sitirledi.

Britan aňtawy Russiýanyň guryýer nyşanlaryna hüjüm etmek üçin, howa hüjümlerinden goranyş raketa ulgamlaryndan peýdalanmagy ýygjamlaşdyrandygyny belledi. Bu bolsa guryýer hüjümlerine niýetlenen raketalaryň ýiti ýetmezçiligini görkezýär.

Britan aňtawy Russiýanyň çozuş başlanaly bäri, Ukrainanyň golaýyna söweş uçarlaryny we uzak aralykdaky raketalary urup ýykmaga niýetlenen S-300 we S-400 strategiki howa hüjümlerinden goranyş ulgamlaryny “tas anyk” ýerleşdirendigini aýtdy.

Ukrain goşuny 22-nji iýulda Rus armiýasynyň gündogar Donetsk sebitindäki esasy tagallalarynyň Karamatorsk we Bahmut ugurlaryna gönükdirilýändigini aýtdy.

Bu aralykda, prezident Wolodymyr Zelenski özüniň gijeki ýüzlenmesinde Ukrainanyň harby serkerdeliginiň 21-nji iýulda geçiren ýygnagynda “biziň güýçlerimiziň frontda ilerlemegi üçin we basybalyjylary ýitgä sezewar etmek üçin ukrain güýçleriniň möhüm potensialynyň bardygy” barada hem-de Kiýewiň rus güýçlerine garşy hüjümleri ýygjamlaşdyrmalydygy barada netijä gelendigini aýtdy.

Şeýle-de, Zelenski ABŞ Senatynyň birnäçe agzasynyň Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasyny genosid hökmünde ykrar etmek barada çözgüt hödürländiklerini aýtdy. Ol munuň öz aýaly Olena Zelenskanyň şu hepde Waşingtona amala aşyran saparynyň ilkinji netijesi bolandygyny aýtdy.

Zelenskanyň asuda ukrain ilatynyň çekýän jebrini nygtap, uruş barada Kongres agzalarynyň öňünde eden çykyşynyň yz ýany, 20-nji iýulda ýedi senatordan ybarat ikipartiýaly topar rezolýusiýa teklip etdi.

Çözgüt Russiýanyň hereketleriniň, şol sanda Russiýa mejbury deportasiýalaryň we parahat ukrain ilatynyň köpçülikleýin wagşyçylyk bilen öldürilmeginiň Ukrainanyň halkyna garşy edilýän genoside gabat gelýändigini ykrar edýär.

Rezolýusiýa ABŞ-ny hem-de ÝB we NATO ýaranlaryny Russiýanyň ukrain halkyna garşy mundan beýläk amala aşyrjak genosid hereketleriniň öňüni almak üçin Ukrainanyň hökümetini goldamaga çagyrýar we Russiýanyň syýasy liderleriniň we harby işgärleriniň jogapkärçilige çekilmegi üçin tribunallary we halkara jenaýat derňewlerini goldaýar.

Rus goşuny asuda ilatly sebitlere, şol sanda Ukrainanyň ikinji iň iri şäheri bolan Harkowa yzygiderli artilleriýa hüjümlerini dowam etdirdi. Ol ýerde azyndan iki adam öldürildi we 19 adam ýaralandy. Russiýa parahat ilaty nyşana alýandygyny ret edýär.

Şeýle-de, rus güýçleri geçen gije günorta Zaporožýe şäherindäki Nikopolyň bir ýaşaýyş sebitini bombalady we azyndan iki asuda raýaty öldürdi, başga-da dokuz adamy, şol sanda birnäçe çagany ýaralady.

Günortadaky Mykolaýew şäheriniň häkimi bir gün ozal edilen hüjümlerden soň, 21-nji iýulda agşam şäheriň ýene-de nyşana alnandygyny, bir adamyň ýaralanandygyny, infrastrukturalara, energiýa desgalaryna we saklawhana sebitlere zyýan ýetirilendigini aýtdy. Ol şäher merkezinde 13 sany ýaşalýan binanyň sarsgyn tolkunyndan zyýan çekendigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.urkmenistant

XS
SM
MD
LG