Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa liderleri Gyrgyzystanda sammit geçirýär


Merkezi Aziýanyň ähli bäş döwletiniň liderleri Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde duşuşdylar. 21-nji iýul, 2022 ý.
Merkezi Aziýanyň ähli bäş döwletiniň liderleri Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde duşuşdylar. 21-nji iýul, 2022 ý.

Merkezi Aziýanyň ähli bäş döwletiniň liderleri Gyrgyzystanyň kurort şäheri Çolpon-Atada, golaýda sebitde ýüz çykan durnuksyzlyklardan soň, şeýle-de Moskwanyň regionda öz täsirini has-da ardtyrmak tagallalarynyň arasynda, ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygy maslahat edýärler.

20-nji iýulda gyrgyz prezidenti Sadyr Japarow Özbegistanyň daşary işler ministri Wladimir Norow, Täjigistanyň baş diplomaty Sirojiddin Muhriddin we Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen duşuşyp, sammitiň gün tertibini maslahat etdi.

Gyrgyz prezidentiniň diwanynyň maglumatyna görä, sammitiň esasy bölegi 21-nji iýulda geçirilýär.

Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gyrgyzystana 20-nji iýulda geldiler.

Penşenbe güni geçirilen sammite türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Bu sammit, mundan bäş aý ozal Russiýanyň Ukraina garşy başladan esassyz urşundan soň, sebitiň liderleriniň ilkinji duşuşygydyr. Russiýa bu maslahata gatnaşmaýar.

Ozalky sammitlerde umumy ylalaşyklar bilen çäklenilen bolsa, bilermenler bu ýylky maslahatyň regionyň ähli ýurtlary üçin “örän möhümdigine” ünsi çekýärler. Bellesek, soňky iki ýylyň dowamynda Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda halk tolgunşyklary bolupdy.

Şol bir wagtda, sebitde ýaşaýyş-durmuş şertleri has gymmatlaýar. Koronawirus pandemiýasy, güýçli gurakçylyk, Ukrainadaky uruş ýaly ýagdaýlar hem regionyň döwletlerinde kynçylyklary döredýär.

Azatlyk Radiosynyň söhbetdeş bolan bilermenleriniň aglabasy sammitde Owganystanda “Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmegi, Gazagystanda ýanwarda ýüze çykan hökümete garşy ganly protestler, Täjigistanyň Gorno-Badagşan sebitinde we Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunşyklaryň hem maslahat ediljekdigini aýtdylar.

Mundan öň peýda bolan maglumatlarda, sammitiň dowamynda sebitiň bäş ýurdunyň arasyndaky dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin, täze hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekilmegine garaşylýandygy hem nygtalypdy.

XS
SM
MD
LG