Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa hüjümini dowam etdirýär, Ukrainanyň garşylykly hüjüme başlandygy aýdylýar


 Luhanskdaky harby ammarda bolan partlamalar
Luhanskdaky harby ammarda bolan partlamalar

Rus güýçleri ýurduň gündogarynda ýerleşýän Donbasy tutuşlygyna ele geçirmek tagallalaryny dowam etdirip, Donetsk sebitiniň Slowýansk we Kramatorsk ýaly uly şäherleriniň ugrundaky kiçi şäherlere ünsüni jemleýär diýip, Britaniýanyň gündelik harby aňtaw maglumatlarynda aýdylýar.

Bu habar ukrain güýçleriniň 13-nji iýulda goňşy Luhanska, belki-de, täzelikde ABŞ tarapyndan berlen HIMARS raketalaryny ulanyp, ozal rus goşunlarynyň basyp alan sebitine zarba urandygy barada çykan maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Rus goşunlary urşuň başky günlerinde paýtagt Kiýewi alyp bilmän, bar ünslerini Donetsk we Luhansk sebitlerinden durýan Donbas sebitini tutuşlygyna ele geçirmäge gönükdirdiler. Ukrain resmileri ruslaryň bu sebitdäki oba-şäherleri dyngysyz topa tutandyklaryny habar berdiler.

Donetsk sebit harby administrasiýasynyň başlygy hepde ahyrynda Çasow Ýar şäherinde bir ýaşaýyş jaýyna urlan zarbada ölen asuda adamlaryň sanynyň 45-e ýetendigini aýtdy.

Ukrain resmileri bu hüjümi, rus güýçleriniň ilatly ýerlere urýan üsnüksiz zarbalarynyň bir bölegi hökmünde häsiýetlendirip, "uruş jenaýaty" diýip atlandyrdylar.

24-nji fewralda başlanan urşuň ilkinji günlerinden bäri toplanan wideo subutnamalaryna we ukrain şäherleriniň bir toparynyň weýran edilmegine garamazdan, Moskwa özüniň parahat ilaty nyşana alýandygy barada aýdylýanlary inkär edýär.

Ukraina rus goşunlarynyň häzirki topa tutmalaryny Donetsk sebitinde, hususan-da Bahmut we Siwerski etraplarynda, Slowýansk we Kramatorsk töwereginde täze, guryýer hüjümine taýýarlyk hökmünde ulanýandygyny aýtdy.

Angliýanyň Goranmak ministrliginiň öz gündelik aňtaw maglumatlarynda aýtmagyna görä, Kreml goşunlary Siwerski we Dolyna şäherlerine ýakynlaşýar, Slowýansk we Kramatorsk şäher etraplary bolsa, “operasiýanyň bu tapgyrynyň esasy maksatlary” bolup durýar.

Ukrainanyň basylyp alnan ýerlerinde ruslara garşy meýilleriň güýçlenmegi rus we ruslara tarapdar resmileriň nyşana alynmagyna alyp geldi diýip, britan aňtaw gullugy Weliki Burlukda Russiýanyň bellän administrasiýasynyň 11-nji iýulda bir häkiminiň ulag partlamasynda öldürilendigini boýun alandygyny belledi.

Luhansk sebitinde Russiýa tarapyndan goldanýan separatist toparyň, “Luhansk halk respublikasy” diýilýäniň resmisi Andreý Marokko ukrain goşunynyň ABŞ—dan iberilen ýokary çeýelikli artilleriýa ulgamyny, HIMARS-lary ulanyp, sebitdäki ilatly nokatlaryň birnäçesine zarba urandygyny aýtdy.

Bu habar ukrain güýçleriniň Gara deňiz boýundaky möhüm port şäherinden, Hersondan 55 km gündogarda ýerleşýän Nowa Kahowkadaky ok-ýarag ammaryna zarba urandygyny aýdanyndan bir gün soň çykdy. Rus resmiler bu hüjümde raýat ýerlerine zarba urlandygyny aýtdylar.

Bu aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.

Nowa Kahowka urlan zarba baradaky habar ukrain goşunynyň, rus goşunlarynyň gündogardaky ýerleri basyp almak bilen meşgullanýan wagtynda, ýurduň günortasynda elden giderilen topraklary yzyna almak üçin giň gerimli garşylyklaýyn hüjüme geçmäge taýýarlyk görýändigi barada eden beýanatlarynyň yz ýanyndan çykdy.

Rus döwlet habar serişdeleri we separatist wekilleri Nowa Kahowkadaky partlamalara we ýangyna ukrain raketa zarbalarynyň sebäp bolandygyny aýtdylar.

Rus mediasy bu zarbalaryň amerikan raketa ulgamlaryndan urlandygyny öňe sürýär. Separatistleriň wekiliniň szölerine görä, Luhanskdaky harby howa goranyş bölümine agyr zarba uruldy. Raketalaryň birneçesiniň urlup ýykylandygyny aýtmak bilen, separatistleriň öňki serkerdesi Igor Strelkow (Girkin) harby bazanyň “ýok edilendigini” aýtdy.

Ukrain hökümeti täzelikde edinen HIMARS raketalarynyň haýsydyr bir hüjümde ulanylyp-ulanylmandygy barada hzirlikçe hiç bir düşündiriş bermedi.

XS
SM
MD
LG