Ukrainanyň harby güýçleri Russiýanyň gündogar Ukrainada birnäçe günläp dowam etdiren we parahat ilatdan onlarça adamyň ölümine sebäp bolan giň gerimli topa tutuşlyklaryndan soň, Donetsk sebitini we tutuş Donbasy ele geçirmek üçin täze, gerimli guryýer hüjümlerine taýýarlyk görýändigini aýtdy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 11-nji iýulda rus güýçleriniň soňky iki günde 34 howa zarbasyny urandygyny we Çaziw Ýar şäherçesindäki bäş gatly ýaşaýyş jaýyna edilen hüjümde ölenleriň sanynyň 33 adama ýetendigini, olaryň arasynda azyndan bir çaganyň hem bardygyny aýtdy.
Ukrain goşunynyň baş ştabynyň aýtmagyna görä, rus goşunlary bu topa tutuşlygy gündogardaky ýerüsti duşmançylygy güýçlendirmäge taýýarlyk üçin ulanypdyr.
Ukrain resmileri sebitdäki raýat nyşanalaryna urlan zarbalary “uruş jenaýatlary” diýip atlandyrdylar we Günbatardan bu hüjüme garşy durmak üçin zerur bolan ýaraglaryň iberilmeginiň tizleşdirilmegini haýyş etdiler.
ABŞ-nyň Uruşlary öwreniş instituty Russiýanyň öz güýçlerini gaýtadan jemleýändigini we köpçülikleýin artilleriýa hüjümleriniň geljekde edilmeli guryýer ilerlemelerine şert döretmek niýeti bilen edilendigini aýtdy.
Wideo subutnamalaryna we Ukrainanyň köp şäherini we şäherçelerini ýykyp-ýumrup, jemgyýetçilik desgalaryny köpçülikleýin weýran edendigine garamazdan, Moskwa raýat ýerlerini nyşana alýandygyny inkär edýär.
Luhansk sebitiniň köp bölegini ele geçiren rus güýçleri indi Luhansk we Donetsk sebitlerinden durýan gündogar Donbas sebitini tutuşlygyna gözegçilik astyna almaga synanyşýarlar.
Şu aralykda Russiýa Ukrainanyň ýurduň günortasynda, Herson sebitiniň Nowa Kahowka şäherine, rus gözegçilgindäki ýere eden hüjüminde parahat ilatdan köp adamy öldürendigini we ýaralanandygyny, köp ýaşaýjyny öýsüz goýandygyny aýtdy.
"Her näçe gynansak-da, ençeme adam öldi, bu ýerde ýaraly bolan köp, onlarça adam öýsüz galdy" diýip, Russiýanyň TASS habar gullugy Wolodymyr Leontýewiň sözlerine salgylanyp habar berdi. Ol, Leontýew Kahowka etrabynyň harby-raýat administrasiýasynyň başlygy diýlip tanadyldy.
Ukrain goşuny bu hüjümiň Herson şäheriniň golaýyndaky sebiti basyp alan rus goşunlaryna garşy guralan hüjümiň bir bölegidigini we Nowa Kahowkada ýerleşýän ýarag ammarynyň nyşana alnandygyny aýtdy.
Şeýle-de beýanatda bu hüjüm netijesinde howitzer bölüminiň we harby tehnologiýanyň urlandygy, 50-den gowrak rus esgeriniň öldürilendigi aýdylýar.
Söweş meýdanyndaky ýagdaýlar barada konfliktiň iki tarapyndan aýdylan zatlaryň hiç biri garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.
ABŞ we beýleki ýaranlar tarapyndan berlen HIMARS-laryň (ýokary takylygy bolan raketa ulgamlarynyň we şuňa meňzeş beýleki artilleriýa ulgamlarynyň) gelip gowuşmagy Ukrainanyň alyp barýan goranyş tagallalaryny güýçlendirdi diýip, Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Oleksi Danilow şu hepdäniň başynda aýtdy.
11-nji iýulda Ukrainanyň ikinji uly şäheri bolan Harkowa edilen raketa hüjümleri alty adamyň ölmegine, 31 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy, halas ediş işgärleri Donetsk sebitiniň bir şäherçesinde ýumrulan köp gatly jaýyň harabalygyndaky gözleg işlerini dowam etdirdiler diýip, resmiler aýtdy.
Harkow sebit prokuraturasynyň metbugat gullugy Harkowda öldürilen alty adamyň arasynda şäheriň topa tutulýan wagtynda teker dükanynyň ýanyndan geçip barýan 17 ýaşly oglan bilen onuň kakasynyň hem bardygyny aýtdy.
Biraz soň rus goşunlary Harkow sebitindäki Zoloçiwi topa tutup, 74 ýaşly bir aýaly we 63 ýaşly bir erkegi öldürdi. Hüjüm wagtynda zeper ýeten, ýumrulan jaýlar hem boldy.
Şu aralykda ÝB-niň adalat komissary Didier Reynders Ýewropa Bileleşiginiň agza ýurtlarynyň Moskwa Ukraina garşy goşun süreli bäri geçen wagt içinde Russiýanyň 13,8 milliard dollarlyk emlägini doňdurandyklaryny aýtdy.
Ýöne ol bu serişdeleriň aglaba böleginiň, 12 millard dollardan gowragynyň agza döwletleriň diňe bäşisinde doňdurylandygyny, ÝB-niň beýleki agza döwletleriniň hem öz çäklerindäki rus emläklerini anyklamakda we doňdurmakda edýän tagallalaryny güýçlendimelidiklerini belledi.
Ukrainanyň adalat ministri Denis Maliuska Kiýewiň bu emläkleriň uruşda rus goşunlary tarapyndan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin ulanylmalydygy baradaky çagyryşlaryny gaýtalady.