Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain güýçleri Lysaçanskden yza çekildi, Zelenski gidirilen sebitleriň gaýtaryljakdygyny aýdýar


Prezident Wolodymyr Zelenksi elden gidirilen sebitleriň yzyna gaýtaryljakdygyny söz berdi.
Prezident Wolodymyr Zelenksi elden gidirilen sebitleriň yzyna gaýtaryljakdygyny söz berdi.

Ukrainanyň güýçleri agyr bomba zarbalary urlan Lysyçansk şäherinden yza çekildiler. Munuň netijesinde, Russiýa Ukrainanyň gündogaryndaky Luhanks regionuny doly gözegçiligine geçirdi. Emma prezident Wolodymyr Zelenksi elden gidirilen sebitleriň yzyna gaýtaryljakdygyny söz berdi.

“Harby serkerdelerimiz duşmanyň ýarag babatynda has köp artykmaçlyga eýe bolan frontuň käbir sebitlerinden adamlary yza çekýärler. Bu Lysyçanske hem degişli. Bu diňe bir zady aňladýar, ýagny: biz taktikalarymyzyň we üpjünçiligi artdyrylan kämil ýaraglaryň netijesinde bu ýerleri yzyna alarys” diýip, Zelenski 3-nji iýulda giçlik eden wideo-ýüzlenmesinde belledi.

Russiýanyň Ukrainanyň paýtagty Kiýewi basyp almak synanyşygy başa barmanyndan soňra, Moskwa bar ünsüni Luhanks we Donetsk sebitlerinden ybarat Donbas regionuna gönükdirdi.

4-nji iýulda Ukrainanyň baş harby ştaby rus güýçleriniň häzir Donetskiň Siwersk, Fedoriwka we Bahmut ugurlary boýunça ilerlemek ugrunda tagalla edýändiklerini aýtdy.

Rus güýçleri Donetsk regionunyň möhüm Slowýansk we Kramatorsk şäherlerine hem zarbalary ýagdyrýarlar.

3-nji iýulda Slowýansk şäherinde rus hüjümleri sebäpli alty adam, şol sanda dokuz ýaşly bir gyz heläk boldy, şeýle-de 19 adam ýaralandy diýip, ýerli resmiler mälim etdi. 3-nji iýulda Kramatorska garşy hem agyr zarbalar uruldy.

Mundan öň, Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu prezident Wladimir Putine rus güýçleriniň Ukrainanyň gündogaryndaky Luhansk regionyny doly ele geçirendigi barada hasabat berdi diýip, TASS gullugy rus Goranmak ministrligine salgylanyp habar berdi.

3-nji iýulda Ukrainanyň harby ýolbaşçylary öz güýçleriniň Lysançskden yza çekilendigini tassykladylar, şeýle-de munuň esgerleriniň janyny aman saklap galmak maksady bilen edilendigini aýtdylar.

Luhanskyň regional häkimi Serhiý Haýdaýyň 4-nji iýulda "Reuters" gullugyna beren maglumatyna görä, Lysançskden yza çekilmek işleri 'merkezleşdirilen' we guramaçylykly görnüşde amala aşyrylypdyr. Ol munuň esgerleriň gabawa alynmak howpy sebäpli, zerur ädim bolandygyny hem sözüne goşdy.

"Harby nukdaýnazardan, pozisiýany terk etmek bu bir oňaýsyz ýagdaý. Emma [Lysyçanskiň elden gidirilmegi] kesgitleýji däl. Biz Lysyçansk ugrundaky söweşi däl-de, tutuş urşy ýeňmeli" diýip, Haýdaý belledi.

Ol "Bu juda agyryly, emma bu uruşda ýeňilmek däl" diýip belledi, şeýle-de ýakynda Slowýansk we Bahmut şäherlerine hem hüjüm edilmegine garaşylýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG