Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus raketa hüjüminiň pidalarynyň sany artýar, G7 liderleri Putiniň jogapkärçilige çekiljekdigini aýdýarlar


Zarba urlan söwda merkezi
Zarba urlan söwda merkezi

Russiýanyň Ukrainanyň Kremençuk şäherindäki söwda merkezine uran raketa zarbasynda ölenleriň sany azyndan 18 adama ýetdi, azyndan 60 adam ýaralandy diýip, ýerli resmi aýtdy. Bu zarba Ukrainanyň gündogar Luhansk sebitindäki soňky berkitmeleriniň biri, Lisiçansk şäherine gözegçilik üstünde barýan söweşleriň möwjeýän wagtynda uruldy. Ýediler toparynyň ýolbaşçylary söwda merkezine edilen raketa hüjümini "uruş jenaýaty" diýip atlandyrdylar we rus prezidenti Wladimir Putiniň jogapkärçilige çekiljekdigini wada berdiler.

Kremençukdaky halas ediş we arassalaýyş işleriniň gijesi bilen dowam etdirilmegi netijesinde, sebit häkimi Dmitro Lunyn 28-nji iýunda Telegramda rus zarbasynyň pidalarynyň täzelenen mukdaryny yglan etdi. Lunyn köp adamly söwda merkeziniň, raketa zarbasy arkaly, "bütinleý ýumrulandygyny" aýtdy.

Lunynyň sözlerine görä, 36 adam tapylmaýar. Häkimiýetler hüjüm wagtynda söwda merkeziniň içinde 1000-den gowrak adamyň bolandygyny tassyklaýarlar.

Ukraina bu hüjümiň Russiýanyň Tu-22 bombaçy uçarlary tarapyndan, howa-ýer raketalaryny atmak bilen amala aşyrylandygyny aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 28-nji iýunda söwda merkezini nyşana alandygyny ret etdi we raketalaryň Kremençukdaky ýarag ammaryny nyşana alandygyny, ok-däri ammarlarynda dörän partlamalaryň uly ýangynyň döremegine sebäp bolandygyny öňe sürdi.

"Ýokary takyklyk bilen urlan zarba netijesinde günbatarda öndürilen ýaraglaryň we ok-därileriň ammaryna zarba uruldy, ol ýaraglar we ok-däriler Ukrainanyň Donbasdaky goşun toparyna iberilmek üçin jemlenipdi” diýip, rus ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

“Bir ýere jemlenen günbatar ýaraglarynyň we ok-därileriniň ýarylmagy zawodyň gapdalynda ýerleşýän we işlemeýän söwda merkezinde hem ýangyn turmagyna sebäp boldy" diýip, rus tarapy belledi.

Sebit häkimi Lunynyň aýtmagyna görä, Russiýa Ukrainanyň ikinji uly şäheri bolan Harkowy hem top okuna tutdy we ýaşaýyş jaýlaryna, başlangyç mekdebe zarba urdy.

Ol bu hüjümler netijesinde bäş adamyň ölüp, 22 adamyň, şol sanda çagalaryň ýaraly bolandygyny habar berdi. Rus güýçleri Donbasdaky Lisiçansk şäherini hem topa tutmaklaryny dowam etdirdiler.

Sebitiň harby dolandyryşynyň başlygy Serhiý Haýdaý ukrain güýçleriniň Lisiçansk şäherini henizem elde saklaýandygyny, ýöne onuň elden giderilmeginiň hem mümkindigini, sebäbi Russiýanyň bu ýerdäki söweşe köp serişde dökendigini aýtdy.

Angliýanyň Goranmak ministrligi 28-nji iýunda çap eden gündelik aňtaw habarynda ukrain güýçleriniň Sewerodonetsk şäherinden çekilenlerinden soň, Lisiçanskdaky beýigräk ýerlerde eýelän pozisiýalaryny berkitmeklerini dowam etdirýändigini aýtdy.

Aňtaw býulleteninde bellenilmegine görä, ukrain güýçleri rus hatarlarynyň yzyndaky düýp tyllaryna üstünlikli zarba urup, ruslaryň serkerde-dolandyryşyny we gözegçilik işlerini bozmagy dowam etdirýärler.

Donbasdaky rus güýçleriniň hatarlary gitdigiçe “böwşeňleşýär”, olaryň söweş netijeliligi peseldi, bu ýagdaý “belki-de uzak wagt durnukly bolup bilmez” diýip, britan aňtaw gullugynyň habarynda bellenýär.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Kremençuga urlan raketa zarbasyndan soň, Telegramda çap edilen wideosynda Russiýany "dünýäniň iň uly terror guramasy" bolmakda aýyplady.

"Dünýä ýüzünde rus nebitini satyn almak ýa-da daşamak, rus banklary bilen gatnaşyk saklamak, Russiýa döwletine salgyt we ýygym tölemek bilen baglanyşykly adamlaryň ählisi terrorçylara pul berýändigini bilmelidir" diýip, ukrain prezidenti aýtdy.

Garşysyna görkezilýän subutnamalaryň barha köpelýändigine garamazdan, Russiýa Ukraina garşy alyp barýan sebäpsiz urşunda parahat ilaty nyşana alýandygy barada aýdylýanlary gaýta-gaýta ret etdi.

Ýediler toparynyň ýolbaşçylary söwda merkezine edilen raketa hüjümini uruş jenaýaty diýip atlandyrdylar we rus prezidenti Wladimir Putiniň jogapkärçilige çekiljekdigini wada berdiler.

Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson G7 sammitinde çykyş edip, Kremençuk hüjüminiň Putiniň "zalymlygynyň we wagşylygynyň näderejede çuňdugyny" görkezendigini aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Twitterde bu zarbanyň dünýäni hopukdyrandygyny we edilen zalymlyklaryň ýene biri bolandygyny aýtdy.

200,000-den gowrak ilaty bolan senagat şäheri Kremençuk Poltawa sebitinde, Dnipro derýasynyň ýokarsynda ýerleşýär. Bu ýerde Ukrainanyň nebiti gaýtadan işleýän iň uly zawody ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG