Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G7 sammit geçirýär, Baýden Kiýewe urlan zarbany 'wagşylyk' atlandyrýar


Germaniýa, 26-njy iýun. G7 sammitine gatnaşyjylar.
Germaniýa, 26-njy iýun. G7 sammitine gatnaşyjylar.

Ýediler topary (G7) ýurtlarynyň liderleriniň Germaniýada geçirilýän sammitiniň ikinji gününde, Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşuna garşy girizilýän täze sanksiýalaryň arasynda, satyn alynýan rus nebitiniň bahasyny çäklendirip, Moskwanyň energiýa girdejilerini azaltmak ylalaşygyna gelmeklerine garaşylýar.

Prezident Wolodymyr Zelenski Russiýanyň öz ýurdundaky urşuny ýyl ahyryna çenli bes etmek üçin G7 liderleriniň elde baryny etmeklerine çagyrdy, Ukrain harbylary gündogar Lisiçansk şäherini gabamaga çalyşýan ruslardan goranmaklaryny dowam etdirýändiklerini aýdýarlar.

Zelenski 27-nji iýunda, Germaniýada geçirilýän sammite wideo arkaly ýüzlenip, Günbataryň iň ösen ykdysadyýetleriniň ýolbaşçylaryna urşuň gyş başlanmazyndan ozal gutarmagyny isleýändigini, ýogsa uruş şertleriniň has kynlaşjakdygyny aýtdy.

Zelenskiniň şu wagta çenli berlen kömek üçin minnetdarlyk bildirmegi we ýene has köp kömegiň gerekdigini nygtamagy bilen, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ýediler toparynyň (G7) sammitiň başlanmagynyň öňüsyrasynda Kiýewe urlan rus raketa zarbasyny "ýigrenji wagşyçylyk" diýip atlandyrdy.

Şäher häkimi Witaliý Kliçkonyň aýtmagyna görä, raketa zarbasy Kiýewde azyndan iki ýaşaýyş jaýyna uruldy we bir adamyň ölmegine, alty adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Ýaraly bolanlaryň arsasynda 7 ýaşly gyz we onuň ejesi hem bar.

26-njy iýundaky zarba ukrain paýtagtyna üç hepdäniň içinde urlan ilkinji zarba bolup, golaýdaky çagalar bagyna zeper ýetdi. Ýene bir raketa zarbasy bolsa, Kiýewiň günorta-gündogaryndaky Çerkasy şäherine uruldy. Bu şähere mundan öň hiç bir hüjüm edilmändi.

“Bu olaryň wagşyçylygyny görkezýär” diýip, Baýden Germaniýanyň Alp daglaryndaky Elmaý galasynda geçirilýän sammite gatnaşýan german kansleri Olaf Şolsuň we beýlekileriň gapdalynda durup aýtdy.

Ukrainanyň howa güýçleriniň metbugat sekretary Ýuriý Ignat ruslaryň bu raketalary Kaspi deňziniň ýokarsyndan uçup barýan söweş uçarlaryndan, 1500 km uzaklykdan atandyklaryny aýtdy.

Russiýa öz atan raketalarynyň ýaşaýyş jaýlaryna düşendigi barada aýdylýanlary ret edip, ýarag öndürilýän zawoda zarba urandygyny öňe sürdi.

Baýden sammitiň başynda eden çykyşynda Günbataryň jebisligini nygtady.

"Biz bilelikde, jebis bolup galmaly, sebäbi [Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putin turuwbaşdan NATO-nyň we G7-niň nähilem bolsa bir görnüşde bölünmegine bil baglaýar, emma biz bölünmedik we bölünmeris" diýip, Baýden Şols bilen ikçäk duşuşanda aýtdy.

"Biz bu agressiýanyň özüne mahsus görnüşe eýe bolup, edenini etmegine ýol berip bilmeris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Beýleki liderler hem Baýdeniň koalisiýanyň bir-bitewiligi baradaky öwgüsine ses goşdular.

Russiýa Ukrainadaky uruş sebäpli edilýän basyşy we Moskwanyň üzňeleşdirilmegini güýçlendirmek bilen, Ýediler toparynyň liderleriniň toplumlaýyn halkara ykdysady çäreleriniň ýene bir tapgyryny yglan etmeklerine garaşylýar.

ABŞ-nyň we Angliýanyň resmileri bu sammit başlanmazyndan öň agza ýurtlaryň rus altynyny satyn almaklaryna gadaganlyk girizjekdiklerini, bu çäräniň rus elitasynyň baýlygyny nyşana alan ýene bir zarba boljakdygyny yglan etdiler.

Kiýewe we Çerkasy şäherine urlan raketa zarbalary ukrain resmileriniň 4 aýlyk rus hüjümine gaýtawul bermek üçin has köp kömek soramagyna ünsi çekdi.

Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba birnäçe sagat öň Kiýewdäki ýaşaýyş jaýynyň harabalygyndan halas edilen 7 ýaşly gyzyň suratyny paýlaşyp, G7 toparyna "Russiýa garşy has köp sanksiýa girizmek we Ukraina has agyr ýaraglary bermek" çagyryşy bilen ýüzlendi.

Zelenski 26-njy iýunda giçlik Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trudo bilen telefonda gürleşendigini we rus agressiýasyna garşy durmaga berýän "töwerekleýin goldawy" üçin minnetdarlyk bildirendigini aýtdy.

Ol twitterde özüniň Trudo bilen "möhüm halkara wakalarynyň öňüsyrasynda pozisiýalary utgaşdyrandygyny" we "Ukraina berilýän goranyş goldawynyň mundan beýläk hem artdyrylmagy barada maslahat edendigini” aýtdy.

Birleşen Ştatlardan, Angliýadan, Kanadadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Italiýadan we Ýaponiýadan gelen liderleriň ýygnanyşygy dünýä derejesindäki adatdan daşary ýagdaýlaryň arasynda, Putiniň Ukrainadaky urşy, azyk we ýangyç krizisleri bilen baglanyşykly geçiriljek iki möhüm sammitiň ilkinjisi bolup durýar.

Ýediler toparynyň ýygnagyndan soň NATO ýolbaşçylary hem Madridde, 28-30-njy iýunda sammite ýygnanarlar.

Zelenski bu sammitleriň ikisinde hem wideo baglanyşygy arkaly çykyş eder we has kän howa goranyş ýaraglarynyň berilmegini sorar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken CNN bilen söhebtdeşlikde G7-niň we NATO-nyň bilelikde “ukrainleriň rus agressiýasyna gaýtawul berip bilmegi üçin ellerinden gelen kömegi berjekdiklerini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG