Dünýä Türkmenleriniň bu sanynda “1922-nji ýyl – Russiýanyň we goňşy ýurtlaryň ‘maňlaýyny garaldan’ ýyl” atly makalanyň dowamy eşitdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Sowet Soýuzynyň döredilmegine göni 100 ýyl dolýar. Mundan ozalky gepleşigimizde hem belleýşimiz ýaly, Russiýa, Belarus, Ukraina we Transkawkaz Respublikasynyň sowet häkimiýetleri 1922-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Moskwada Sowet Soýuzynyň düýbüni tutdular.
Makalada aýdylşy ýaly, 1922-nji ýyl rus halky üçin hem-de goňşy ýurtlaryň halklary üçin ykbal kesgitleýji ýyl boldy. Syýasat, daşary gatnaşyklar we medeniýet babatda ýagdaýlar düýbünden özgerdi. 1922-nji ýylyň 30-njy dekabrynda sebitde onlarça ýyl dowam etjek totalitar zulumkeşligiň düýbi tutuldy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Robert Kolson tarapyndan ýazylan makala yza ser salyp, göni ýüz ýyl mundan ozal, 1922-nji ýylda Russiýada we goňşy ýurtlarda bolup geçen möhüm wakalara syn edýär. Makalanyň doly görnüşini şu çelgiden okap bilersiňiz.
Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň!