Aşgabadyň käbir walýuta alyş-çalyş nokatlarynda dollar nobatlarynyň öňküsinden köpelendigi habar berilýär. Ýatladyp geçsek, Aşgabatda resmiler 2015-nji ýylyň dekabr aýyndan başlap dollar aljak ýaşaýjylara ýörite talon paýlamak düzgünini girizipdi.
Aşgabadyň käbir bazarlarynda azyk harytlaryň bahasynyň gymmatlandygy habar berilýär. Emma şol bir wagtda harytlaryň ýüzüne ýazylan nyrhlarda bolsa, öňki bahanyň saklanyp galýandygy aýdylýar.
Azatlyk Radiosynyň okyjylaryndan gelip gowşan maglumatlara görä, welaýat belgili ulaglaryň Aşgabada girmegine heniz hem rugsat berilmeýär.
Ýakynda düýbi Şwesiýada ýerleşýän “Gün” neşirýaty dünýä belli şwed ýazyjysy Selma Lagerlöfiň “Nils Holgerssonyň Şwesiýa täsin syýahaty” atly kitabyny türkmen dilinden çapdan çykardy.
Aşgabatda “Tokaý zolagy” ady bilen tanalýan meýdançadaky agaçlaryň ençemesi aýryldy. Maglumata görä, bu zolaga garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda agaç nahallary oturdylyp, 2 kilometr çemesi uzynlykdaky meýdançada tokaý zolagy emele geldi.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň Owganystandan geçýän böleginiň howpsuzlygyny 7 müň adamdan ybarat ýörite owgan güýçleri üpjün eder diýip, owgan ministri aýtdy.
Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygyna sanlyja gün galdy. Aşgabatda Täze Ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda, bazarlaryň ençemesinde alyjylaryň o diýen göze ilmeýändigi habar berilýär.
Aşgabat şäheriniň awtoulaglary hasaba alyş we tehniki taýdan guratlygyny anyklaýyş müdirliginiň öňünde adamlaryň we awtoulaglaryň uzyn nobatlarynyň emele gelendigi habar berilýär.
Türkmenistanda dollar satyn almak meselesi bilen baglanyşykly çäklendirmeler ownuk söwdagärlere we telekeçilere nähili täsir ýetirýär?
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda dollar satyn almak meselesinde täze düzgünleriň girizilendigi habar berilýär.
'Saýlaw kampaniýasy wagtynda beren wadalaryňyzy ýatdan çykardyňyzmy? Haçan prezidentlik wezipesini terk edersiňiz?' – bu sowallar Azatlyk Radiosynyň forumyna gelip gowşan ençeme soraglaryň iki sanysy.
Türkmenistandan Türkiýäniň Bursa şäherine ýük daşaýan ýük ulagynda 204 kilogram geroin ele salyndy. Bu barada, ýurduň Serhet gullugyna salgylanyp, Türkiýäniň metbugaty habar berýär.
Aşgabadyň Çoganly sebitindäki käbir ýaşaýyş jaýlaryň bölekleýin ýykylýandygy habar berilýär. Maglumata görä, bu sebitde häzire çenli iki ýaşaýyş jaýy ýykylyp, ýe-de 90 çemesine ýykylmak howpy abanýar.
Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ) 15-nji dekabrda özüniň ýyllyk hasabatyny çap etdi. Täze raportynda şu ýylyň dowamynda dünýäde özüniň habarçylyk işi bilen bagly 199 žurnalistiň tussag edilendigi aýan edilýär.
Aşgabatda käbir sürüjilere üsti tentli, çadyrly ýük ulaglaryny sürmäge rugsat berilmeýändigi habar berilýär. Maglumata görä, bu ulagy sürmek isleýän sürüjilerden ýörite resminama kabul edilýär.
Aşgabadyň käbir orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçylaryň sapak wagtynda fiziki işe çekilýändigi habar berilýär. Olaryň bu çäräniň dowamynda mekdebiň howlusyndaky we töweregindäki baglary arassalaýandygy aýdylýar.
Azatlyk Radiosy 7-nji dekabrda özüniň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda “Türkmenistanda işe, okuwa girjek bolanyňyzda korrupsiýa, para-peşgeş meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýaňyzmy?” diýen forumy açdy.
Ýurduň dürli welaýatlaryndan Aşgabada gelip işleýän migrant işçilerine wagtlaýyn paýtagtdan gitmekligiň tabşyrylandygy habar berilýär.
Aşgabadyň käbir mekdeplerinde okuwçylar bilen söhbetdeşlik geçirilip, ýaşlara diniň terroristik ýörelgelerinden daşda durmaklyk tabşyrylypdyr. Şeýle gürrüňdeşlikleriň ylaýtada soňky aýlarda köp geçirilýändigi habar berilýär.
Şu gün, ýagny 2-nji dekabrda Aşgabadyň Parahat etrapçasyndaky öý dolandyryş edarasynyň işgärleri köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerine aýlanyp, bu ýerdäki dükan, dellekhana eýelerine we beýleki telekeçilere iş ýerlerini ýapmagy duýdurypdyrlar.
Ýene-de ýükle