Türkmenistanda käbir ýeňil awtoulaglaryň we ýük ulaglaryň Aşgabadyň içine goýberilmeýändigi barada habarlar gelip gowuşýar. Olaryň arasynda welaýat belgili ýeňil awtoulaglaryň we käbir ýük ulaglarynyň bardygy bellenilýär.
26-njy noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň prezidenti özüniň rus kärdeşi Wladimir Putine Hazar deňzindäki harby hereketler sebäpli “gazak kärdeşleriniň ynjalyksyzlanýandygyny” aýtdy. Ol bu barada Tähranda belledi.
Balkan welaýatynda süýşýän ýa-da göçýän çägeleriň Garagum çölüniň eteginde ýerleşýän käbir obalara howp abandyrýandygy habar berilýär. Maglumata görä, süýşýän çägeler sebäpli bu welaýatdaky obalaryň birnäçesi - tutuş oba ilaty bolup başga sebite göçmeli bolupdyr.
19-njy noýabrda Aşgabadyň Ankara köçesiniň ugrunda bina edilen täze desgalaryň açylyş dabarasy boldy. Şol güni howanyň ortaça temperaturasynyň 6-9 gradus aralygynda bolandygyna garamazdan, ençeme ýaşlaryň çärä ýuka köýnekli, ýagny penjeksiz gatnaşandygy habar berilýär.
18-nji noýabrda Aşgabadyň Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän täze bäş ýyldyzly “Arçabil” myhmanhanasy açylyp, ulanylmaga berildi.
17-nji noýabrda Aşgabadyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynyň birnäçesinde amerikan dollarynyň düýbünden satylmaýandygyny, onuň deregine raýatlaryň diňe 500 ýewro satyn alyp bilýändigini habar beripdik.
Aşgabadyň döwlete degişli käbir walýuta alyş-çalyş nokatlarynda amerikan dollarynyň düýbünden satylmaýandygy, onuň deregine raýatlaryň bir aýyň dowamynda diňe 500 ýewro satyn alyp bilýändigi habar berilýär.
Aşgabadyň döwlete degişli käbir walýuta alyş-çalyş nokatlarynda amerikan dollarynyň düýbünden satylmaýandygy habar berilýär. Maglumata görä, raýatlar bir aýyň dowamynda 500 ýewro satyn alyp bilýärler.
Fransiýada bolan terrorçylykly waka duýgudaşlyk bildirip, käbir türkmenistanlylar Fransiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde gülleri goýup, şem ýakdylar.
Türkmenistanda poçta arkaly bir welaýatdan beýleki welaýata ýa-da şähere pul ugratmagyň gymmatdygy we pul ugratmak isleýän ýaşaýjylaryň käbir býurokratik bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy habar berilýär.
Soňky ýyllarda Aşgabat şäheriniň çäginde birnäçe metjit ýumruldy. Häzirki wagta paýtagtda ýene iki metjidiň ýykylmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy habar berilýär.
10-njy noýabrda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň çäklerinde gurlan köpsanly desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Bu dabara prezident G.Berdimuhamedow we ýokary derejeli hökümet resmileri bilen bir hatarda çagalar baglarynyň çagalary we mekdep okuwçylary hem gatnaşdy.
10-njy noýabrda prezident G.Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň çäklerinde gurlan köpsanly desgalaryň açylyş dabaralary boldy.
Türkmenistanda awtoulag eýeleriniň öz ulaglaryny sürmek üçin ynam hatyny diňe ýakyn garyndaşlaryna bermegini göz öňünde tutýan täze düzgün girizildi.
Türkmenistanyň Döwlet Täjirçilik bankynyň orta we kiçi derejeli iki işgäri hem-de iki sany aýal ýurtda türkmen manadynyň hümmeti dollara bolan gatnaşykda üýtgejek diýen gürrüňler bilen ilteşigi bar diýlip, tussag edildiler.
Balkan welaýatyndaky sement zawodynyň öz töweregindäki käbir obalara öz oňaýsyz täsirini ýetirýändigi habar berilýär. Şeýle zawodlaryň biri Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde hem ýerleşýär.
5-nji noýabrda türkmen metbugatynda Balkan welaýatynyň Sement zawodynyň ýerine ýetirýän işlerine gowy baha berildi. Şol bir wagtda Balkan welaýatyndaky bu zawodyň öz töweregindäki käbir obalara öz oňaýsyz täsirini ýetirýändigini aýdýan ýaşaýjylar hem bar.
Maglumatda türkmen prezidenti “köçe-ýol hereketinde käbir bidüzgünçiliklere ýol berilýändigini” aýdyp, bu babatda “seljerme işleriniň geçirilmelidigini we kanun tarapdan jerime salynmalydygyny” tabşyrdy diýilýär.
Aşgabatda ýene bir gonamçylyga ýykylmak howpunyň abanýandygy habar berilýär. Şol bir wagtda soňky ýyllarda Aşgabatda “Didar baba”, “Goçgar ata”, “Garadamak” ýaly gonamçylyklaryň birnäçesi ýumruldy.
Ýene-de ýükle